Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza Gutlagynda: «Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys» diýdi. Eýýäm şu jümleden Türkmen döwletiniň özbaşdak ýaşaýşa gadam goýan ilkinji pursatlaryndan dogry ýoly saýlap alandygyny, ol ýol bilen bedew batly öňe gidip, uly belentliklere ýetendigini duýmak kyn däl. Elbetde, «duýmak» diýenimde men ýaş nesli göz öňünde tutýaryn, orta we uly ýaşly adamlar bolsa Garaşsyzlygyň gadamlaryna aýak goşup, her bir ösüş-özgerişe gözli şaýat bolan, kesp-kärine, ukybyna görä şol işlere goşant goşan adamlar.
Indi 30 ýylyň içidir, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem maddy, hem ruhy eşretlerini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Elbetde, bu döwür taryh üçin juda bir uly möhlet däl, emma şol ýyllarda özbaşdak ýaşap, ata-baba ruhumyza kybap milli ýolumyzdan ýöräp gazanan köpugurly ösüşlerimiz welin, döwletimiziňem, halkymyzyňam durmuşynda görlüp-eşidilmedik özgerişlikleri döretdi. Şonuň üçin, bu günki gün geçilen ýola gysgaça ser salmaga, taryh üçin uzak bolmadyk möhletde bitirilen beýik işler dogrusynda söhbet etmäge doly mümkinçilik bar. Özem şeýle söhbet etjek bolsak, ony hökman mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen baglamaly bolar. Çünki biz 30 ýylda nähili sepgitleri eýelän bolsak, nähili belentliklere ýeten bolsak, olaryň ählisiniň binýadynda mukaddes Garaşsyzlygymyz durýar.
Bütin ömürlerine özbaşdak, erkin ýaşaýşy arzuwlap öten eždatlarymyzyň arzuwynyň miwesini görmek, Garaşsyzlygyň jana şypaly sergin howasyndan erkana dem alyp ýaşamak bize we biziň nesillerimize miýesser etdi. Şeýdibem, XX asyryň 91-nji ýylynyň altyn güýzünden türkmen halkynyň taryhynda täze eýýam — Garaşsyzlyk eýýamy başlandy. Bu eýýamyň ähli ruhy aýratynlyklaryny milletimiziň öz geçmişini, şu gününi hem-de geljegini şahsy görüş özboluşlylygy düzýär. Şol özboluşlylyk bolsa milli miraslarymyza, peder däplerimize ýokary sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň her bir tutumynda, halkymyza peşgeş berýän ajaýyp kitaplarynda öz beýanyny tapýar hem-de döwre laýyk ösdürilýär. Munuň özi döwletimiziň we milletimiziň geljegini öňünden kesgitläp hem-de göz öňüne getirip, il-ýurt bähbitli dogry ýoly saýlap almaga we wajyp çözgütleri kabul etmäge Gahryman Arkadagymyza ygtybarly mümkinçilikleri berýär.
Şu ýerde biraz yza çekilip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerine gysgaça nazar aýlasak göwnemakul boljak. Sebäbi täze döwleti esaslandyryp, täze bir ýola düşmek asla ýeňil zat däl. Täze ýola düşülende, iň esasy zat dürs ýoly tapyp, soňra wagt ýitirmän hem-de azaşman şol ýoldan öňe gitmekdir. Elbetde, munda ýolçularyň uzak ýola taýýarlyk derejesine köp zat degişli bolýar. Ýola taýýarlyk hem köp derejede tejribä baglydyr. Türkmen bolsa özüniň uzak taryhy ýolunda dünýäniň dürli künjeginde ýetmişden gowrak ululy-kiçili döwlet gurup, beýleki halklara: «Döwlet gurjak bolsaň, türkmene bar!» diýdirip bilen millet. Şoňa görä, halkymyz, turuwbaşdan, täze döwletiň gitmeli ýoluny ata-babalarymyzyň tejribesine, goýup giden parasatlaryna daýanyp saýlady. «Bu günki işi ertä goýma», «Galan işe gar ýagar» ýaly parasatlardan ugur alnyp, ýoly ýitirmezlik, azaşmazlyk üçin haýdan-haý işe girişildi. Çünki ýol ýitirmek wagt ýitirmekden başlanýar. Ýol ýitse bolsa, ýurt ýitjekdi, ýurt ýitse-de, millet ýitjekdi. Şeýle bolansoň, türkmeniň täze eýýamynyň baş ýoly hökmünde, turuwbaşdan, Milli Galkynyş ýoly işlenip düzüldi. Şol ýol hem Garaşsyz döwletimiziň soňky ösüşleriniň berk binýadyna öwrüldi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň yzysüre işlenilip düzülen we herekete girizilen täze ýoluň maksady hem-de wezipesi milleti gaýtadan döretmekdi. Bu iş tutuş halky öz içine almalydy, ýekeje adam-da ondan çetde galmaly däldi. Munuň üçin özbaşdak döwletiň Milli Galkynyş ýolunyň üç sany baş ruhy-ahlak ýörelgesini tapyp, öňe çykarmalydy. Şol üç ýörelge hökmünde bolsa Agzybirlik, Asudalyk hem-de Jebislik düşünjeleri saýlanyp alyndy. Bada-bat halkymyzyň ruhy ýörelgesine öwrülen bu üç düşünje Türkmen döwletiniň sarsmaz binýadyna, hiç mahal mizemejek gymmatlygyna öwrüldi.
Çünki:
Agzybirlik — Oguz han atamyzyň wesýetine uýup, bir agza bakmakdyr. Agzybirlik — milletiň adyndan we milletiň ruhy bolup bir Şahsyýetiň, bir agzyň gürlemegidir. Agzybirlik — betniýet agyzlaryň köp bolup, gep-gybatyň örňemeginiň, möwç almagynyň öňüne böwet basmakdyr.
Asudalyk — jemgyýetiň rahat ýaşaýşydyr. Asudalyk — parahat durmuşdyr.
Jebislik — tutuş halkymyzyň bir ruhy-milli bitewülige öwrülmegidir. Jebislik — dürli jemgyýetçilik gatlaklarynyň bir bitewülige öwrülmegidir. Jebislik — türkmen milletiniň döremegidir.
Özbaşdaklygyň ilkinji ýyllaryndan bu üç düşünje aňyna berk ornaşansoň, bir Başa gulak asýan asly halal halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, Garaşsyz Türkmenistany halkara jemgyýetçiliginde sylanýan, ähli babatda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagy başardy. Şeýle bolansoň, biz döwlet Garaşsyzlygymyzy ähli zatdan belentde goýýarys.
Atansoň Bagt daňy — şuglaly ýalkym,
Galkyndy agzybir halkyň ykbaly.
Zähmet bilen dünýä tanaldy halkym,
Yklymlara uzap hoşniýet ýoly.
Baýdagymyz ruhy bolup halkymyň,
Inine siňdirdi millilik keşbin.
Röwşen geljegmize saçyp ýalkymyn,
Lowlatdy kalplaryň Watana yşkyn.
Il agzybir, ýurt Garaşsyz, Bitarap,
Köşkler gurýas, müň ýyl alysa garap.
Adamzadyň baş arzuwy çarýanda
Soňsuza çen uzasyn asudalyk.
Uçsun kepderiler mawy asmanda,
Dünýe içre ähli kalba ýol salyp.
Arkadagyň parahatçylyk ýolun,
Laýyk bilip, goldap dünýäň ynsany.
Ykrar eden hem-de baglan ykbalyn
Köpdür, juda köpdür, sanardan sany.
Jebis bolup, turuwbaşdan birleşip,
Eýe bolduk sowulmaz ajap çaga.
Bir supra jem bolup hem şat gürleşip,
Iller alkyş aýdýarlar Arkadaga!
Sarpalydyr bize dost bolup gelen,
Lebzi halal kişi görer çyn bagty.
Il bolup ýaşaýas çar tarap bilen,
Kalplarda gülledip dostluk daragty.
Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.