Garaşsyzlyk — milli döwletlilik

Taryh üçin 30 ýyl uzak menzil däl, emma adamzat üçin welin, mazaly sepgit. Çünki bu döwürde möhüm meseleleri çözmäge ukyply, aňly-başly nesil kemala gelýär. Ol nesil işinde belli bir üstünliklere ýetmäge, jemgyýetde öz ornuny berkitmäge ýetişýär.

Bu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan 1991-nji ýylda dünýä inenler şeýle adamlardyr, olar döwletiň gurluşyna, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, döwletiň döwrebap ösüşine, dünýäniň hojalyk işine goşulyşyna goşant goşýarlar.

Biziň neslimiz, ýagny ýetginjekligi, ýaşlygy geçen asyryň 90-njy ýyllaryna gabat gelenleriň hem bu ýoly geçendigini, döwlet, halk, Garaşsyzlyk üçin ak ýürekden gulluk edendigini we edýändigini nygtasym gelýär, olar döwletiň kemala gelşiniň, kuwwatlanyşynyň, döwletliligiň nyşanlary bolan mukaddes Baýdagymyzyň, Senamyzyň, Tugramyzyň döreýşiniň, milli pikiriň, milli duýgynyň şineleşişiniň, döwletiň institutlarynyň işiniň ýola goýluşynyň şaýatlary boldular, gerek bolsa, bu mukaddes işe gatnaşdylar.

Biz — XX we XXI asyrlaryň çatlyşan döwrüniň adamlary taryhyň kiçi-girim bolmadyk ruhy we aň öwrülişiklerini başdan geçirdik. Indi-indiler bu hakykat özümiziň başdan geçiren şol taryhy wakalarymyzy hakydamyzyň tertipleşdirip görmäge idin beren çagtynda has aýdyň duýulýar.

1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň 3-nji sessiýasynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky taryhy Jarnama kabul edildi. 1991-nji ýylyň güýzünde ýurtda geçirilen ählihalk referendumynda türkmen halky respublikanyň Garaşsyzlygy üçin ses berdi. Şunuň esasynda hem, Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň adatdan daşary X sessiýasy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanuny kabul etdi.

Şunlukda, dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistan diýen täze döwlet döredi! 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Garaşsyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk menzili. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soňra biz döwlet nyşanlarymyzy — Döwlet baýdagymyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy döretdik. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyzy dikeltdik».

Netijede, bu gün dünýä syýasatynda ykrar edilen, daşary we içerki syýasatda oňyn özgerişlikleri gazanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwleti bar, ol halkara meseleler babatda öz pikirini aýdyp, oňyn teklipleri öňe sürýär. Bu gün bu döwletiň baryp 25 ýyl mundan öň ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar we bu daşary syýasat ýörelgesine eýerip, Türkmenistan dünýäniň sebitlerinde ýüze çykyp duran gapma-garşylyklar babatda düşünişmezlikleri harby güýç ulanmak däl-de, gepleşikler arkaly, parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Mysaly uzakdan gözläp oturmalyň: goňşy Owganystandaky ýagdaýlar babatda Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmündäki hukuklarydyr borçlaryndan ugur alyp, hereket etmegi, goňşy ýurduň, halkyň içerki işine goşulmazlyk we hormat goýmak ýörelgesi eýýäm taryhyň synagyndan geçdi. Türkmenistan bu ýurtda parahat durmuşyň berkarar bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär, ýurduň hojalyk taýdan dikelmegine ýardam berýär, haýyr-sahawat kömegini berip gelýär, jemgyýetçilik maksatly desgalary gurmakda, Owganystanyň ençeme welaýatyny elektrik togy bilen üpjün etmekde, tebigy kynçylyklary ýeňip geçmekde goldaw berýär, infrastrukturasyny ösdürmek babatda işlere goşandyny goşýar.

Watançylyk duýgusy — howa ýaly zerur

Döwletiň berkararlygynyň girewiniň watançylyk, watansöýüjilik duýgusydygyny, onuň bu gün has-da gymmatlydygyny wagt görkezýär.

Watançylyk duýgusy bolsa terbiýäniň, ägirt uly wagyz-ündew syýasatynyň esasynda kuwwata gelýär. Adama gan bilen geçýändigine garamazdan, biziň ýaşaýan häzirki globallaşan dünýämizde, pikirleriň älemiň çägine çenli ýaýran eýýamynda Watan duýgusy has-da möhüm orna çykýar.

Şonuň üçin häzirki wagtda milli aňyýetiň, medeniýetiň öňünde bu babatda wajyp wezipeler ör-boýuna galdy. Jemgyýete, her bir raýata döwletiň bellän maksatnamalaryny düşündirmekde güýçli ruhy esaslaryň zerurdygy her kese mälim. Diňe bir düşündirmek däl, eýsem, raýatlaryň şol beýik maksatlaryň durmuşa geçmegine işeňňir gatnaşmagyny gazanmak ruhyýet, medeniýet ulgamynyň jana-jan wezipesi bolup durýar.

Watançylyk duýgusyny ýaş nesliň kalbynda ornaşdyrmakda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyndaky taryhy çykyşy nusgalyk ähmiýete eýe boldy. Çykyşda milli Liderimiziň orta atan, paýlaşan pikirleri diňe bir ýaşlar däl, eýsem, uly nesil üçin hem oýlanmaga mümkinçilik berýär. Çykyşda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Diýarymyzyň Garaşsyzlygyň otuz ýylynda gazanan üstünlikleri, baky Bitaraplygymyzdan gelip çykýan hoşmeýilli daşary syýasatyň dünýäde barha dabaralanyşy barada jikme-jik beýan etdi.

Milli Liderimiz şeýle diýdi: «Meniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabymda belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlarynyň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr!»

Döwlet Baştutanymyz öz çuň many-mazmunly çykyşyny Garaşsyzlygyň taryhy ýolundan başlady. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda, turuwbaşdan, halkymyzyň geçmişde döreden Beýik Hun şadöwletine, Parfiýa türkmenleriniň patyşalygyna, Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriň döwletine, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwletine, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň döwletlerine, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletlerine, Gorkut ata, Magtymguly Pyragy, Görogly beg, Togrul beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyzyň, görnükli türkmen şahsyýetleriniň bitiren hyzmatlaryna, gadymyýetde şäher medeniýetiniň gülläp ösen we iri ylym-bilim merkezleri bolan Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam şäherlerine, umumadamzat medeni ösüşine täsirini ýetiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetlerine, Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlara we akyldarlara ünsi çekmegi mantyk taýdan dogrudyr, çünki şeýle düýpli söhbediň elkyssasy elmydama geçmişiň mirasyndan, ata-babalara hormat goýmak, olary ýatlamak borjundan badalga almalydyr. Çünki olar bu günki ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşlarydyr, bizi bu mukaddes ýolda goldaýan ruhy güýçlerdir.

Watansöýüjilik duýgusy baradaky nusgalyk sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň soltan Jelaleddin bilen bagly hekaýaty getirmegi ýöne ýere däl, çünki Jelaleddin Menguberdiniň şahsyýeti, bitiren hyzmatlary hakyky watançynyň nusgasydyr, onuň hassalap ýatyrka, özüne Watanynyň bir gysym topragyny getirip berseler, sagaljakdygyny aýtmagy kalbyňa güýçli täsir edýär. Hakykatdan-da, Wasyň topragy we Amyderýanyň bir jürdek suwy getirilenden soňra, serkerde tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr.

Hormatly Prezidentimiz soňra kem-kemden biziň bu günki durmuşymyza ünsi çekip, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag-logistika, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň we sebitleriň ösdürilişi, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin täze obalaryň, şäherdir etraplaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýollardyr köprüleriň gurluşygy, döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmegi, ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşy barada jikme-jik durup geçdi, ýaşlara ene-atanyň mukaddesligi, ylym-bilimiň güýji, durmuşda oňat adam bolup ömür sürmek, haýyr-sahawatly, edep-ekramly, hoşniýetli ynsan, watançy raýat bolmak, birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk hakynda atalyk öwüt-ündewlerini paýlaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aga, atasy Berdimuhamet Annaýew barada ýatlamalarynyň, türkmen çöreginiň mukaddesligi, türkmen topragynyň bereketliligi, halkymyzyň gadymy ekerançylyk mirasy barada aýdyp beren täsirli gürrüňleriniň, ýerlikli getiren «Towşana dogduk depe», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» ýaly nakyllarydyr atalar sözleriniň, Şadiwanlaryndan getiren pikirleriniň duşuşyga gatnaşan her bir ýetginjegiň, ýigit-gyzyň kalbyna berk ornandygyna, ýatdan çykmajak watançylyk sapagy bolandygyna ynanýarys.

* * *

Garaşsyzlyk! Bu sözüň many gerimi juda giň hem köptaraplydyr. Ol her bir halkyň ykbalynda iňňän wajyp derejedir, çünki Garaşsyzlyk öz ýaşaýan topragyň eldegrilmesizliginiň kepilidir, diliňe, diniňe, milli gymmatlyklaryňa, mirasyňa, taryhyňa, ata-babalaryň galdyran ýörelgelerine eýe bolmak hem-de däp-dessurlary dowam etmek mümkinçiligidir. Adam diňe Garaşsyz Watanynda özüni doly derejeli duýup biler, ol hut şeýle ýurtda arkaýyn ömür sürüp, perzent terbiýeläp biler.

Şu babatda türkmen halky bagtly milletdir, sebäbi ol bu gün dünýäde hiç kime garaşsyz, emin-erkin ömür sürmek bagtynyň eýesidir. Bu gün Türkmenistan döwletiniň ählitaraplaýyn ösen ykdysadyýeti, senagaty, oba hojalygy, medeniýeti, kesgitli içeri we daşary syýasat ugurlary bar.

Türkmenistan bu gün dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen hoşniýetli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar, ençeme halkara guramalaryň işjeň agzasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, «Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan bize miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her bir daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir».

Geliň, bu beýik mukaddeslige togap edeliň, ony gözümiziň göreji deý goralyň!

Hemra HUDAÝGULYÝEW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39738