Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy uludan bellenip geçildi. Bütin ýurt derejesinde şatlyk-şagalaňa beslenip bellenen ol baýramyň ruhuňy ganatlandyryjy täsiri entek-entekler halkymyzy täze üstünliklere höweslendirer. Arkadagly Serdarymyzyň daşyna bir göwre dek mäkäm jebisleşen watandaşlarymyz döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda dünýä nusgalyk işleri bitirip, Garaşsyzlyk binýadymyzy barha berkiderler. Çünki Garaşsyzlyk tutuş il bolup gadyry bilinmeli, goralmaly hem guwanmaly mukaddesligimizdir. Şoňa görä, türkmeni berkarar döwlete ýetiren Garaşsyzlygymyz hakynda biz hemişe buýsanyp gürrüň edýäris. Garaşsyzlygyň tarypy soňsuzdyr, ol geljekki nesillerimiziň hem dilleriniň senasyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlanar.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky ençe asyrlyk arzuwlarynyň amala aşmagyna, köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Özbaşdak döwlet bolup, turuwbaşdan, pederlerimiziň ruhuna mahsus milli ösüş ýoluny işläp düzen Garaşsyz Türkmenistan ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, sportda, syýahatçylykda... taryhy ösüşleri üpjün edýän bedew bady bilen öňe barýar.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy hem aýratyn buýsançlydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda içeri syýasatda ösüşlere beslenen Türkmenistan baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanyp, belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyz ykdysady ösüşiniň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň geljekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyny uludan bellän 2022-nji ýylymyz Türkmenistanyň taryhynda Arkadagly Serdarymyzyň sesleriň aglaba köplügini alyp, döwletimiziň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen dabaralandy. Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygy barada aýdanlary watandaşlarymyzyň buýsanç bulagyny joşdurdy.
Biziň Watanymyzyň çäklerinde ata-babalarymyzdan gelip ýeten taryhy, medeni, tebigy ýadygärlikler barmak büküp sanardan köp. Olaryň ählisiniň taryhyny dikeltmek, ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Çünki biziň nesillerimize nusga bolarlyk şöhratly geçmişimiz bar. Taryhy şöhratly halkyň bolsa, şu güni-de, geljegi-de nurludyr. Taryhyň şuglazar nury bu günki nesillerimiziň mert pederlerimize, Watanymyza bolan söýgüsini berkidýär. Olar şol şöhratly taryhy dowam etdirmek ruhunda ýaşaýarlar. Munuň özi Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren iň esasy gymmatlyklarynyň biridir.
Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasy paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde ýokary derejede hem-de netijeli geçen Döwlet Maslahaty hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde, öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde tutuş halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyran çäre boldy. Çünki hormatly Prezidentimiziň şol Maslahatda eden taryhy çykyşy ähli watandaşlarymyzda uly ruhy galkynyş döretdi.
Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň — hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini, ýurdumyzyň asuda bolmagyny, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny arzuw edýäris. Goý, bizi berkarar döwlete, bagtyýar döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Myrat ÖWEZOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.