Garaşsyzlyk — döwrebap ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan ägirt uly ösüşlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny açyp görkezýän täze binalaryň, desgalaryň hem-de döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmen döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiziň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen utgaşykly sazlaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Taryh üçin juda gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnygyny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň derwaýys ugruny şöhlelendirýär.

Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegi aňlatman, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy hem alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek ileri tutulýar. Bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň innowasion senagatlaşmagy, senagat pudagy ösdürmekde tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy, olaryň gaýtadan işlenilmegi netijesinde halk hojalygy üçin zerur ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegi döwletimiziň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine oňyn şert döredýär. Bularyň ählisi ählumumy ösüşiň ykdysady wezipeleri bolan iş bilen üpjünçiligi netijeli alyp barmak, hemmeler üçin mynasyp we önümçilikli zähmete ýardam bermek babatyndaky ileri tutulýan maksatlary bilen hem utgaşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy ösüş-özgerişlere beslenmek bilen, baky Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýokary abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly taglymatlary milli döwletliligiň binýadynyň berkdigini şöhlelendirýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň netijesi bolup durýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylan ägirt uly işler, ýetilen sepgitler, geçilen ösüşli ýollar asyrlara barabar gymmatlyklara eýedir. Dünýä medeniýetine, ylmyna saldamly goşant goşan merdana pederlerimiziň parahatsöýüjilik, watansöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň halkara derejede dowam etdirilmegi, binýady berkden tutulan döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrülmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda möhüm orun eýelemegine uly itergi berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ajaýyp keşbe girip, «Aziýanyň merjeni» diýip at alan, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki şäherlerdir şäherçelerimiziň, obalarymyzyň keşplerini synlaýan her bir adam Garaşsyzlyga eýe bolup galkynan jebis halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edilende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär. Köşkdür bina galdyrmakda, ýoldur köpri gurmakda soňky nesillere mizemez miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşdyrylmagyndan emele gelen nurana binalar döwletimiziň ýeten belent derejesini, ýurdumyzyň şöhratly gadamlarynyň bedew badyny äleme buşlap, göreni haýrana galdyrýar.

Berkarar döwletimizde milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasaty milli ykdysadyýeti ösdürmäge we halkyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bu toplumlaýyn özgertmeler Garaşsyzlygymyza aýratyn öwüşgin berýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40884