Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly baýram edilýän günlerinde elimize gowuşmagy tüýs ýürekden begendirdi, ähli halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.
Bu ajaýyp kitapda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda tutýan belent orny, 30 ýyllyk taryhy döwrüň içinde gazanylan üstünlikler hakda giňişleýin gürrüň berilýär. Geçen şol şöhratly ýyllaryň içinde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da artdy. Munuň şeýledigini golaýda hormatly Prezidentimiziň TASS agentligine beren interwýusynyň many-mazmuny arkaly hem göz ýetirmek bolýar.
Dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde abraý-mertebesi barha belende galýan Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri 13 bölümden ybarat bolup, üç dilde çapdan çykmagy kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Milli Liderimiziň kitabynda milli demokratiýanyň ösmegi we kämilleşmegi, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi hökmünde halkyň çykyş edýändigi, joşgunly zähmetiň döredijiligiň, rowaçlygyň, üstünlikleriň açarydygy hakdaky pikirler okyjyda aýratyn täsir galdyrýar. Ene topragymyzyň baýlyk-berekedi, ýurdumyzyň ykdysadyýetde, senagatda ýeten belent sepgitleri Watanymyza buýsanjymyzy, milli Liderimize hormatymyzy has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabyndaky: «Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde uly jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir» diýen sözleriniň bizi aýratyn buýsandyryşy ýaly, Garaşsyzlygy goramak, berkitmek şan-şöhratyny dünýä ýaýmak her birimiziň watançylyk borjumyzdyr. Munuň üçin bolsa öz iş ýerimizde päk ýürekden halal, yhlasly zähmet çekmegimiz zerurdyr. Biz hem watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öz yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitaby biziň işde hem durmuşda ýakyn gollanmamyz hem ýankitabymyz bolar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz hakdaky şeýle ajaýyp eseri halkymyza peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýsa ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42966