Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň abadançylygynda, halkymyzyň bagtyýarlygynda baş baýramymyz barha ýakynlaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk günüdir. Şu günler ýurdumyzda bu baş baýramymyz mynasybetli täze binalar, desgalar açylyp, ulanmaga berilýär. Şu ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýylyň dolmagy bu baýramy has-da dabaralandyrýar.
Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda şanly waka boldy. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen ata-babalarymyzyň özbaşdaklyk, erkinlik, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwlary hasyl boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir» diýip belleýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz bu baş baýramyny ajaýyp zähmet üstünliklerine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny aýan edýän, ony durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan dürli maksatly, döwrebap täze desgalaryň açylyş dabaralaryna besläp şöhratlandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berlen desgalar we binalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlaryň toplumy-da, «Türkmeniň ak öýi» binalary-da, dürli pudaklara degişli önümçilik düzümler-de bar.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly senagat toplumlary kemala gelýär» diýip belleýär. Şu ýylyň 23-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki nobatdaky guýularyň gurluşygyna badalga bermegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu şanly waka Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çareleriň çäklerinde bolup geçdi.
Gahryman Arkadagymyzyň gurluşygyna badalga beren täze guýulary gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýan edýär. Şeýle hem bu täze gaz guýularynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem möhüm waka boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, şeýle hem halkymyzyň agzybirligi, jebisligi bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz berkarar döwletimiziň binýadyny berkidýär.
Ýurdumyzy ösüşe besläp öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Alladurdy LOLLYKOW,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.