Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz 2021-nji ýyly ýokary ruhubelentlige besläp garşy almagyň hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan şanly ýylymyza belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen gadam basmagyň badalgasy bagtyýar halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we döredijilik, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, dünýä jemgyýetçiligine halkara parahatçylyk we ynanyşmak paýhasyny eçilen, döwrümize şöhraty-şany, halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary edýän milli Liderimize alkyşlar aýdyldy.
Tutuş adamzat nesliniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik tagallalary bagyş edýän hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirip, ulgamyň öňünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan bellenilýän 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri goýdy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy özgerişlerini başdan geçirýän merdana watandaşlarymyzy, hususan-da, medeniýet toplumynyň işgärleriniň köňül şatlygyny joşduryp, has döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklarynyň her biri döredijilik, medeniýet we sungat ussatlary üçin nusgalyk ýol-ýörelge, geljekki döredijilikli işlerimiziň aýdyň maksatnamasy bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.
Taryha ser salsak, «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen dana nakylyň yklymlar içre meşhur bolandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Hawa, merdana Oguz nesilleri dünýäde ýetmişden gowrak döwleti esaslandyryp, onuň binýadyny berkden tutupdyr. Şol döwletlerde tutuş adamzadyň ykbalyna, umumynsan aňyýetiniň ösüşine täsir eden ruhy galkynyşlar, ykdysady özgerişler amala aşyrylypdyr. Bu günki günde dünýäniň ýokary tizlikli ösüşleriniň özeninde hut biziň pähimli dana atalarymyzyň badalga beren beýik taglymatlary dur. Biziň her birimiz oňa buýsanmaga haklydyrys. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň ykbalyna ak Gün bolup dogdy, baky Bitaraplyk kuwwatly Watanymyzyň röwşen geljeginiň bagtyýarlyk daňyny atyrdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy milletimiziň kalbyna, sungatymyzyň mertebesine deňelýän milli medeniýetimiziň täze, özboluşly milli ösüşe eýe bolan ýüzüni kemala getirdi. Müňýyllyk taryhly halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda abraýly halkara guramalary bilen netijeli işleriň alnyp barylmagy bolsa Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň Zemin içre meşhurlygyny barha artdyrdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem baky Bitaraplygymyz döwlet syýasatymyzyň yranmaz sütünleridir. Biz Garaşsyzlygymyzy kuýaşly Güne, Bitaraplygymyzy şuglazar Aýa deňeýäris. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz Gün şöhlesi deýin kalplarymyza gyzgyn çoguň mährini, baky Bitaraplygymyz Aýyň şuglasy kimin ýollarymyza röwşenlik nuruny çaýýar. Dünýäniň parahatçylygyna ýekeje damja bolup goşulmak uly bagtdan paýdyr. Çünki parahat dünýä, asuda asman, halklaryň agzybirligi bagtyýarlygyň açary. Geljegiň şuglazarlygyna bolan ynam, ýaşaýşa söýgi, adalatyň dabaralanmagy ynsan bagtynyň çüwdügi. Hormatly Prezidentimiz «Älem içre at gezer» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynda «Ynam güýçdür!» diýip belleýär. Bu jümle geljegimiz bolan sagdyn bedenli hem-de sagdyn ruhly nesillerimizi belent ruhly watançylar edip terbiýelemäge gönükdirilen iň täsirli terbiýeçilik mekdebidir.
Gahryman Arkadagymyzyň halkyny eşretiň gujagynda ýaşatmagy, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy dabaralandyrmak babatda öňe sürýän parasatly başlangyçlary bu günki gün Zeminiň halklarynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Gahryman
Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer, parahatsöýüjilik syýasaty netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Biziň baky berkarar Diýarymyz, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimiz, milli Liderimiziň türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, mizemez döwletimiziň baky binýadyny nazarlaýan mukaddes taglymatlarynyň datly miweleridir. Şu jähetden, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mähriban halkymyzyň has-da uly üstünlikleri gazanjak, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göteriljek ýyly bolar. Ata-babalarymyzyň «Alkyş bilen är dörär», «Halk aýtsa Hak goldar» diýip aýdyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyz, halkymyz üçin edýän işlerine, bagtyýar ýaşaýan il-ulsumyzyň aýdýan alkyşlary, buýsançlary tükeniksizdir.
Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň okgunly durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, nurana geljegimize gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýen şygary merdana watandaşlarymyzy täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrar, atalarymyzyň dürdäne dünýäsiniň ýörelgesini, türkmen göreldesini, milli demokratiýamyzy barha dabaralandyrar.
Aknabat KLYÇEWA,
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Paýhas synagy bölüminiň müdiri.