Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Agzybir halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmaga ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ugurlarda, şol sanda saglyk ulgamynda gazanýan üstünliklerimiziň badalgasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli saglyk ulgamy ösdürilip we özgerdilip, dünýä derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda gurlan halkara saglyk merkezleri, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda, obalarda we şäherçelerde gurlan döwrebap saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar hakynda buýsançly gürrüňi näçe etseň-de, bärden gaýdýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak babatda ýeten derejesine ýokary baha berýär, ýurdumyzyň gazanan tejribesini dünýä ýurtlaryna öwrenmek üçin maslahat berýär. Bu işleriň hemmesi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyryldy. Biz — lukmanlar munuň üçin hemmämiziň mugallymymyz — lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Milli Liderimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň öňünde durýan wezipeler hakynda gürrüň açyp: “Uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy diýip hasaplaýaryn” diýdi. Ýaşlar biziň geljegimizdir. Şu nukdaýnazardan, “Garaşsyzlyk — Ýaşlyk — Saglyk” bir bitewi düşünje bolup göz öňüňe gelýär. Sebäbi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň bagtly geljeginiň hatyrasyna ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak babatda kesgitlän wezipelerini doly durmuşa geçirmek, elbetde, ýaşlaryň borjuna girýär. Belent borja amal etmek üçin hem, ilkinji nobatda, berk saglyk gerek. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bolsa halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk bagtyýarlygymyzyň, diýmek, saglygymyzyň hem gözbaşydyr.

Şypahanalar, sagdyn durmuş ýörelgesi hem-de sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlary bilen birlikde, ýaşlaryň sagdyn adamlar bolup ýetişmegini üpjün edýär. Döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap hökmünde ýaşlaryň özleri-de öz saglyklary barada jogapkärçiligi duýmalydyrlar. Biz talyplarymyza şular hakda-da düşünje berip, saglygyňy gorap saklamakda, ony yzygiderli berkitmekde hormatly Prezidentimizden görelde almagy ündeýäris.

Halkymyzyň saglygy babatda atalyk alada edýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.

Nurmyrat SEÝITGULYÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40416