«Özygtyýarlylyk», «Garaşsyzlyk» diýen sözler juda giň many-mazmuny özünde jemleýär. Özygtyýarly döwlet aýratyn häsiýetlere eýedir. Özygtyýarlylyk gadymy alymlaryň, filosoflaryň nazaryýetlerine laýyklykda, tebigy häsiýetdir. Bu häsiýet etniki toparlara, millete, halka we döwlete mahsusdyr. Bu taglymat Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy ýörelgeleriniň sanawynda hem öz ornuny tapdy.
Döwlet dörän döwründen ol özygtyýarly häsiýete eýedir. Çäginiň eldegrilmezligi, döwlet häkimiýetiniň we milli kanunlaryň hökmürowanlygy, özbaşdak içeri we daşary syýasaty ýöretmek özygtyýarly döwletiň esasy häsiýetleridir.
Garaşsyzlyk hem öz häsiýeti aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, garaşsyz döwlet, ilkinji nobatda, daşary ýurtlar hem-de halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen, onuň syýasy garaşsyzlygy, içerki we daşarky garaşsyzlygy, maksatlarydyr wezipelerini (döwlet strategiýasyny) özbaşdak kesgitlemek, halkara gatnaşyklary amala aşyrmak, halkara şertnamalara gol çekmek, bileleşiklere goşulyşmak ýaly hukuklara eýedir.
1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda ýurdumyzda «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda» Jarnama kabul edildi. Garaşsyzlyk üçin şeýle Jarnamanyň ähmiýeti örän uludyr. Jarnamada ilkinji gezek döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek arkaly amala aşyrylýandygy, şeýle hem adam hukuklary beýan edildi. Adam hukugy baradaky taglymatyň esasy ýörelgeleriniň many-mazmuny 1992-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýlip ykrar edildi. Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasynyň 4-nji maddasynda bolsa «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir» diýlip bellenildi.
Gürrüňi edilýän Jarnamada Türkmenistanyň öz çäklerini ýadro, himiýa, bakteriologiýa ýaraglaryndan we köpçülikleýin gyryjy ýaraglaryň beýleki görnüşlerinden azat zolaga öwürmegi maksat edinýändigi baradaky syýasy-harby ýörelgesi beýanyny tapdy. Mundan başga-da, onda Türkmenistanyň eýeçiligi ykrar edilip, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary hem-de çig maly ýurduň çäginden çykarmagyň möçberlerini we olary ibermegiň (başga ýerlere äkitmegiň) şertlerini özbaşdak çözýändigi berkidildi. Daşary ykdysady işi düzgünleşdirmek işini amala aşyrýandygy, gümrük gullugyny dolandyrýandygy ykrar edildi. Jarnama türkmen halkynyň milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagyny, milli duýgusynyň ösmegini, halkyň däp-dessurlaryny we aýratynlyklaryny, döwlet dili hökmünde türkmen diliniň ulanylmagyny üpjün edýändigini-de jar etdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň birnäçe esaslary bar. Garaşsyzlygyň syýasy, ykdysady, hukuk, ideologik hem-de halkara esaslary barada bolsa aýratyn durup geçmek mümkin. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň syýasy esaslary, ilkinji nobatda, dünýäniň syýasy kartasynda täze döwletiň emele gelendigi, onuň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak amala aşyrýandygy bilen ýüze çykýar.
Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary bolsa bazar gatnaşyklary, şeýle hem täze döwlet dolandyryşynyň döredilmegi bilen baglydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, bazar gatnaşyklaryna geçmegi esasy ýörelgeleriň biri hökmünde saýlap aldy, şeýle hem täze ykdysady gatnaşyklara tapgyrlaýyn geçmegiň ugurlaryny kesgitledi. Şeýlelikde, 1991-nji ýylda ykdysady gatnaşyklaryň kanunçylyk binýady döredilip başlandy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Kanunda Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine geçýändigi, döwletiň eýeçilige bolan hukugyň dürli görnüşlerini ykrar edýändigi we olary deň derejede goraýandygy baradaky düzgünler, şeýle hem Türkmenistanyň maliýe syýasatyny we pul ulgamyny özbaşdak kesgitleýändigi, bank edaralaryny döredýändigi-de öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da, ýurduň çägindäki ýer, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi, suw hem beýleki tebigy serişdeler we deňiz ykdysady zolagy halkyň milli baýlygy we eýeçiligi bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň maddy esaslary hökmünde hyzmat edýär diýlip kesgitlenildi.
Garaşsyzlyk biziň jemgyýetimizde täze aňyýetiň esaslaryny, syýasy köpdürlüligi emele getirdi. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredildi. Soňky ýyllarda Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa döredildi. Netijede, Türkmenistanda syýasy köpdürlülik, raýat jemgyýeti ykrar edildi. Konstitusiýanyň täze redaksiýasynyň 17-nji maddasynda bolsa Türkmenistanda syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ykrar edilýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, bazar ykdysadyýetiniň aňyýeti hem emele geldi. Garaşsyzlyk döwründe bazar gatnaşyklaryna geçmegiň usullary we onuň hukuk binýady türkmen işewürlerindedir telekeçilerinde täze garaýyşlary emele getirdi.
Garaşsyzlygyň halkara esaslary-da aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan biragyzdan BMG-niň deňhukukly agzalygyna saýlanyldy. Şol döwürden başlap, türkmen döwleti halkara gatnaşyklarda özüniň ornuny berkidip başlady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistany ikinji gezek hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda konstitusion özgertmeler hem tapgyrlaýyn amala aşyryldy. 2020-nji ýylda geçirilen özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlament — Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda türkmen jemgyýetiniň aýratynlyklarynyň, häsiýetiniň, ösüş ugurlarynyň we onuň halkara gatnaşyklardaky işjeňliginiň, ruhy hem ahlak gymmatlyklarynyň esasy many-mazmunlary beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýar we adamzat paýhasynyň, şeýle hem dünýä ösüşiniň ýolunda ädilen ädimdir. Ol döwletimiziň ösüşiniň syýasy-hukuk binýady bolup çykyş edýär.
Myrat HAITOW,
hukuk ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40894