Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir» diýip belleýär. Ýurt Garaşsyzlygy halkymyz üçin halal zähmet çekmäge, onuň hözirini görmäge, asuda we abadan durmuşda ýaşamaga, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Halkymyzyň şeýle ajaýyp durmuşy, erkin ýaşaýşy hakynda oýlananyňda adamzat kalbynyň şahyry hökmünde ýüreklerde orun alan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin!» diýen setirleri kalbyňa dolýar.
Garaşsyzlyk milli mirasymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurymyzy gaýtadan dikeltmäge, ýurdumyzy ähli ugurlarda dünýä derejesine çykmaga, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk döwletli döwranymyzyň daýanjy, bagtyýarlyk binýady hem-de halkymyzyň guwanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr.
Garaşsyzlygyň we hemişelik Bitaraplygyň ruhy güýjünden itergi alan ata Watanymyz Türkmenistan, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen bu gün öňe sürülýän giň möçberli maksatnamalaryň, olaryň esasynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň netijesinde berkarar bolan eşretli durmuşyň derejesini, onuň ynsanperwerlige we milli ýörelgelere ýugrulan many-mazmunyny äleme äşgär edýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraply bähbitlilik ýörelgeleriniň pugtlanmagyna oňaýly täsir edýär. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen baglylykda, döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Ol halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyzyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan ýaşamak, bilim almak, döretmek we zähmet çekmek üçin dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda orun aldy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ýurduň senagat we durmuş ulgamlaryny has-da ösdürmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, parahatçylygy we agzybirligi pugtalandyrmaga gönükdirilen işler bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy. Bu asylly başlangyçlaryň we beýik tutumlaryň uly üstünliklere beslenmegi halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna uly taýýarlyk görülýär. Bu toýy dabaraly ýagdaýda belläp geçmek barada hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda nygtap belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyza guwanmak, ony goramak, 30 ýyllyk toýumyzy zähmet üstünliklerimiz bilen şöhratlandyrmak hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň çüwen bagty, elýetmez we tükenmez baýlygydyr. Ýer ýüzündäki belent derejämiz, abraý-mertebämizdir.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy täze üstünliklere, ýeňişlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
* * *
Döwletli döwran bu gün
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen halky bu gün eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, zähmet çekýär, gurýar, döredýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümiziň döredijilik ruhy her bir ildeşimiziň berkarar Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşdirýär. Çünki Arkadagly döwrümizde asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, gurmagyň, döretmegiň özi tükeniksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan şu taryhy günlerde has aýdyň duýýarys.
Şanly toýumyzyň giňden belleniljek häzirki günlerinde eziz Diýarymyz tutuşlygyna toý lybasyna girýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýän täze desgalardyr binalar berkarar Watanymyzyň baýramçylyk görküne has-da görkanalyk goşýar. Diýarymyzyň baş toýuna barylýan günlerde welaýatymyzda hem täze binalaryň açylyp, ildeşlerimize sowgat berilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda Kaka dokma toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, ol ýerde ýaşlarymyzyň 1300-si üçin täze iş orunlarynyň döremegi, olaryň yhlasly zähmeti bilen kärhanada dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilip başlanmagy buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr. Bu kuwwatly desga döwlet Baştutanymyzyň halkymyza uly toý sowgadydyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, naýbaşy toýumyzyň giňden bellenilýän ýylynda welaýatymyzda täze, döwrebap mekdepleriň bir günde bäşisiniň, ýagny Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde degişlilikde 720 we 960 orunlyk, Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda 960 orunlyk täze, döwrebap orta mekdepleriň açylyp, toý ruhunda ulanylmaga berilmegi ýaş nesillerimizi has-da şatlandyrdy. Şol şatlykly günde 1-nji synpa gadam basan 6 ýaşly çagalaryň müňlerçesi hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly kompýuter sowgatlaryna hem mynasyp boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän çagynda bolup geçýän şeýle ajaýyp wakalara şaýat bolmagyň ýakymly täsirleri bardyr.
Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Arkadagly döwrüň döredijilik ruhundan galkynyp, şu günler okyjylara döwrebap hyzmatlary amala aşyrýarlar, şeýle-de naýbaşy toýumyza bagyşlanan usuly gollanmalaryny taýýarlaýarlar. Şol gollanmalarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde Watanymyzyň ýeten belent derejeleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Şeýle gollanmalardan baýramçylyk sergileriniň guralmagy okyjylarda uly gyzyklanma döredip, olaryň watançylyk ruhuny belende göterýär. Bagtyýarlyga beslenen döwürde bolelinlikde ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek bagtyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.