«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu şanly ýylymyzyň her bir güni täze ösüşlere badalga bolýar, köňüllerde, ýüreklerde buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylýan şeýle üstünlikler ýürekleri joşa getirýär.Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly taglymaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Biz muny hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň kabul edilendiginde hem aýdyň göz ýetirýäris. Iň esasy şeýle parasatly başlangyçlar umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýar, dünýäniň parahatçylygyny, ösüşini üpjün edýär. Munuň özi täze eýýamyň parahatçylyk taglymatydyr, dünýäniň ösüşini has-da tizleşdirýän, halklary dostlaşdyrýan asylly ýörelgedir. Şeýle taglymaty ýola goýan hormatly Prezidentimiziň beýik işleri halkymyzyň we adamzadyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen parahatçylyk ýörelgesi bu günki gün dünýä tarapyndan belent ykrarnama eýe bolýar. Muňa aýdyň nusga hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň iki gezek ykrar edilendigini aýratyn bellemek bolar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edilmegi hem dünýä jemgyýetçiligiň halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesine belent sarpasydygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu beýik taglymatyň aýdyň beýanydyr, oňyn netijeleridir we dünýä içre dabaralanmagydyr. Munuň özi ilkinji nobatda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň dabaralanmagy bolup durýar. Dünýäniň ösüşi hem parahatçylyk bilen pugta baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Türkmenistan ýurdumyzyň halkara daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige, deňhukukly gatnaşyklara esaslanýar. Şunda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyklar, söwda-ykdysady gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem sebitiň we dünýäniň ösüşini, parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm orna degişli bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäde abraýynyň barha ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ösüşlerimiz diňe bir ýurduň çäginde däl-de, eýsem dünýä ähmiýetli bolup durýar. Biz muny halkara ähmiýetli desgalarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Has takygy şu ýylyň başynda halkara ähmiýetli wakalar hem muny dolulygyna subut edýär. Şu ýylymyzyň başynda Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Şonuň ýaly-da, Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu taryhy wakalar öňi bilen sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýetli bolup, dünýäniň ösüşini, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny nazarlaýar. Munuň özi halklaryň ynanyşmagyndan, parahatçylykdan nyşandyr. Şonuň bilen bir hatarda halklaryň hoşniýetli gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik işleri halklaryň parahatçylykly ösüşini üpjün edýär. Şeýle asylly ýörelgelere, parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetlilige eýerýän Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan ösüşli ýollary dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär. Sebäbi aýdanyňda bu beýik işler halkara jemgyýetçiliginde umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen diýip ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda hem beýik taglymatlary, taryhy başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şeýle taglymatlaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” taglymatydyr.
Ösüşiň bar ýerinde abadançylyk bar.
Ösüşiň bar ýerinde parahatçylyk bar.
Ösüşiň bar ýerinde bagtyýar durmuş bar.
Ine, şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna we dünýä halklaryna ösüşi peşgeş edýär.
Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşi parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ösüşiň esasy ugrudyr. Bu gymmatlyklar umumadamzadyň asylly ýörelgesine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly-doganlykly gatnaşyklary ýola goýup, dünýäniň halkara giňişliginde binýady berkden tutulan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulandygyny guwanç bilen aýtmak ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar» diýip parasatly belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly hem, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň halkara abraý-mertebesiniň ýokarlanmagynda we şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek möhümdir. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň soňky ýyllarda has-da belent derejelere çykandygyny we işjeň häsiýete eýe bolandygyny aýtmak gerek. Munuň şeýledigine soňky birnäçe ýylyň dowamynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasatdaky gazanan ýokary üstünlikleri bilen Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni baştutanlygynda amala aşyrylan möhüm taryhy wakalar arkaly aýdyň göz ýetirmek mümkindir.
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli syýasaty halklaryň arasyndaky ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ugur bolup hyzmat edýär. Bu ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Şunda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýär. Şeýle ynsanperwer we hoşniýetli syýasatyň dünýä döwletleri tarapyndan we halkara guramalary tarapyndan doly ykrar edilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belentde tutulýar. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda belent buýsanç döredýär, ýüreklerimizi joşdurýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».