Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistan we döwletimiziň barha ilerleýän ykdysadyýeti ýene bir gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsünde boldy. Çünki şol gün «EKSPO ― 2020» Halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň milli güni geçirildi. Bu dabaraly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Halkara serginiň geçirilýän ýerinde ― Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde iş sapary bilen bolmagy bolsa milli serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Her gezek bolşy ýaly, «EKSPO — 2020» Halkara sergisiniň şu gezek geçirilişindäki bölümimiziň binagärlik aýratynlygyna içgin üns berlendigini turuwbaşdan nygtamak gerek. Garagum sährasynyň reňkini, türkmen bedewleriniň ajaýyplygyny, Döwlet baýdagymyzyň aýdym ýaly pasyrdaýşyny we hut Türkmenistana mahsus ýeneki aýratynlyklary özüne siňdiren bölüm, daşary ýurt metbugat sahypalarynda hem ýazylyşy ýaly, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Dogry, bölümiň ýokarsynda «Türkmenistan» diýlen altynsow reňkli ýazgy bar. Ýöne şol ýazgy bolmanynda hem ýokarda sanan aýratynlyklarymyz bölümiň berkarar Türkmenistana degişlidigini her kime mälim edýär.
«Mawy ýaýlym» arkaly hem tanyş bolşumyz ýaly, bölüm mowzuklaýyn toplumlaryň dokuzysyndan ybarat. Ine, şol dokuz toplum hem şu günki Türkmenistanyň bedew batly ösüşlerinden habar berýär.
Milli Liderimiziň dostlukly döwlete iş saparyndan soň dünýä metbugatynda, esasan hem arap çeşmelerinde Türkmenistanyň Halkara sergidäki bölümine-de, ýurduň okgunly ösüşlerine-de diýseň ýokary baha berildi. Olarda ýazylyşy ýaly, «EKSPO ― 2020» okgunly ösüşleri bilen Ýer ýüzüni haýrana goýýan Türkmenistan bilen gaýybana tanyşmagyň merkezine öwrüldi. Halkara sergi geljek ýylyň mart aýyna çenli dowam edýär. Diýmek, şoňa çenli millionlarça adam «EKSPO ― 2020»-de Türkmenistany has ýakyndan tanar.
Döwrebaplyk, sanly tehnologiýalaryň täsin dünýäsi, her biri jümmüşine gaýybana syýahata alyp gidýän toplumlar Halkara sergide ünsüňi özüne çekýär. Hemişe bolşy ýaly, häzirki dowam edýän «EKSPO — 2020» hem Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlygyň täze sahypasyna öwrüler.
Döwletmyrat GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.