Ekologik abadançylyk — durnukly ösüşiň kepili

Ýakynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyzyň adamzadyň durnukly ösüşini we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu nukdaýnazardan, dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly öz saldamly goşandyny goşýandygyny ýene bir ýola görkezdi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasynyň esasynda halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri durýar. Daşky gurşawdaky tebigy deňagramlylygy saklamazdan, şeýle maksada ýetmek mümkin däl. Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak, Howanyň üýtgemegi, Çölleşmä garşy göreş, Biologik dürlülik, Ozon gatlagyny goramak, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek, Habara elýeterlilik, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetlige elýeterlilik, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak bilen baglanyşykly Konwensiýalaryň hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň tarapdary bolmak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalary yzygiderli amala aşyrýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit derejelerinde ekologik maksatnamalaryň taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda alyp barýan syýasatynyň çäklerinde, şu ýylyň 25-nji iýunynda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu möhüm resminamada köp mukdarda agaç nahallarynyň ekilip, tokaý zolaklarynyň giň gerimde döredilmegi bellenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakda giň mümkinçilikler açylar.

Pariž ylalaşygy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň 21-nji maslahatynyň netijeleri boýunça 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edildi. Ony bu Konwensiýanyň 197 agzasynyň ählisi goldady. Bitarap Türkmenistan 2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Howa boýunça Pariž ylalaşygyny ykrar etdi. Bütin dünýäniň wekilleriniň toparlary ekologiýa babatda düzedip bolmajak netijeleriň öňüni almak maksady bilen, adamzada Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny senagatyň ösmedik eýýamynyň degişli görkezijisinden 1,5-2°C çäklerde saklamagy zerur hasaplaýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, her bir döwletiň öz ekoulgamyny durnukly saklamagy wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Resminamada bellenilişi ýaly, tebigy tokaýlaryň goralmagy, olaryň çäkleriniň giňeldilmegi, şeýle-de emeli tokaýlary döretmek hem-de ýurduň ilatynyň we degişli gurluşlaryň bu meseläniň wajyplygyna ünsüni çekmek örän ähmiýetli wezipedir. Tebigy ekoulgamlar Ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin zerur şertleri üpjün edýär: howany we suwy arassalaýar, howany durnuklaşdyrýar hem-de ýumşadýar, topragyň hasyllylygyny dikeldýär, galyndylary täzeden işläp taýýarlaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýylda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi däbe öwrüldi. Bu asylly iş geçen ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde oturdylýan bag nahallarynyň sany 30 milliona çenli artdyryldy. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ählihalk güýzki bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine, hususan-da, Aral meselesiniň ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmek esasynda çözülmegine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan beýleki birnäçe halkara forumlarda hem Aral deňziniň guramagynyň öňüni almak babatda anyk başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şeýle möhüm teklipleriň hatarynda BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak baradaky garaýyşlary aýratyn bellärliklidir.

Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topar döredildi hem-de Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy tassyklandy.

Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine baý ýurt bolmak bilen, olary milli ykdysadyýetimiziň energetika ulgamyna ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmegi Gün, ýel, suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden peýdalanmaga we daşky gurşawy goramak hem-de önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň ýolbaşçylaryna ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly yzygiderli tabşyryklar berýär. Olardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi daşky gurşawy goramak çygrynda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 6-njy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň «Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda» Kanuny ýurdumyzda tebigaty goramak we uýgunlaşmak işlerini amala aşyrmak boýunça esasy resminama bolup durýar.

Azat SEÝDIBAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47731