Dünýä nusgalyk ýörelge

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygy dünýä ýaýmagyna oňat mümkinçiligi döredýär. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garamak bilen, bu syýasata uly ähmiýet berýär. Halkymyz hemişelik Bitaraplygymyza, parahatçylyk söýüjilik ýörelgämize buýsanýar. Çünki, baky Bitaraplygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Baky Bitaraplyk ýurdumyza daşary syýasatyny alyp barmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, häzirki zamandaky ähmiýetli orny we ýurduň güýji baky Bitaraplygymyz bilen ygtybarly berkidildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň berk sütünlerine öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuna eýedigini beýan edýär. Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň berkarar bolmagy we durnukly ösüş ugrunda ynamly öňe gitmegi ýurdumyzyň ýagty geljegini kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hemişe goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini gyşarnyksyz dowam etdirýär. Şonuň üçin ýurdumyz oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we umumadamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň öňe sürýän ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek syýasaty ykdysady we medeni ösüşiň bähbitlerini göz öňünde tutýar. Şeýle hem ösüş arkaly parahatçylygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilendir. Ykdysady we medeni ösüşler, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar türkmen halkyna we sebitiň beýleki halklaryna parahatçylykda hem-de asudalykda ýaşamaga, ertirki gününiň bagtyýar bolmagyna uly ynam döredýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelmek bilen, hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly daşary syýasy şertleri, durnukly ykdysady ösüşi döretmäge we şonuň bilen birlikde, raýatlaryň ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasatyň, öňe sürülýän parahatçylyk ýörelgesiniň doly ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, halklaryň dostlugy we hyzmatdaşlygy ýörelgelerine wepaly döwlet hökmünde Ýer ýüzünde tanalmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň gazanan ägirt uly üstünligidir.

Begençmuhammet MUHAMMETSÄHEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38592