Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasynda kalba dolan duýgular
Nazar aýladym ýurduma, ýalkawly günler göründi,
Arkamda arzyly menzil, alnymda Münber göründi,
Depesinde owsun atyp, tyllaýy gümmez göründi,
Garaşsyz ýurt, eziz ilim, mübärekdir ýyllar saňa!
«Ýagşylar tutmuş bina, bir şähri gördüm — şondadyr»1,
Ýygylmyş belent maksada il ähli, gördüm — şondadyr,
Sap altyndan taryh ýazan dür pähmi gördüm — şondadyr,
Ýodalar ýola öwrülip, şan getirmiş ýollar saňa!
Ümürsin gür baglyklaryň ak şähre birleşýän ýeri,
Köpetdagyň, Aşgabadyň guşzyban gürleşýän ýeri,
Hyýalyň hem hakykatyň ýan-ýana ýerleşýän ýeri,
Göwün ýaly, rysgal ýaly açylan ak güller saňa!
Şoh-şahandaz bahar-ýazlar tüýs türkmeniň kalby bolgaý,
Gül açdy ykbal daragty, galkyp, göge galdy bolgaý!
«Çandybile dönüp döwran, bize döwlet geldi bolgaý» 2,
Taňry ýalkan a:ry türkmen, Hakdan halat-hallar saňa!
Jebis-jebis illerimi bir ýürek, bir karar gördüm,
Uzar daýym dowamata, döwletim berkarar gördüm,
Belent başy göge ýetmiş, köklerin ygtybar gördüm,
Ata ýurdum, arka-arka ýagşy niýet-päller saňa!
Ýüze syldym Diýarymy, Ýüze syldym Aşgabady —
Ynha, garagöz ilimiň baş maksady, baş myrady!
Owazasy Zemin içre, al-asmanda — arşda ady!
Arşyň-kürsüň arasynda iň röwşen ykballar saňa!
Ýedi yklym çawy ýaýran, dünýä nusgasy başgadyr,
Döwrüň Beýik Binagäri — kämil Ussady başdadyr!
Garaşsyz ýurt, döwletli il başlasyn, toýa başlasyn!
Küren tutan gözel ilim, gutly bolsun toýlar saňa!
1 Magtymguly Pyragydan.
2 “Görogly» şadessanyndan.
Kakamyrat REJEBOW
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40702