Döwletiň daş ýarsyn!

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen bagly oýlanmalar

Şu ýazgylary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki şeýle setirler bilen başlamagy müwessa bildim: «Beýik geografiki açyşlar döwrüniň syýahatçylaryna ägirt uly bolup görnen hem bolsa, älem giňişligi özleşdirilýän häzirki zamanda, iş ýüzünde Ýer togalagy o diýen uly bolmadyk saýýara bolup çykdy. Dürli kontinentlerde ýerleşýän ýurtlar birek-birege has ýakynlaşdylar. Şeýle bolansoň, bizden müňlerçe kilometr uzakda bolup geçýän çökgünlikler bize-de azda-kände öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem meniň çykyşlarymda we kitaplarymda häli-şindi duş gelýän «hoşniýetli goňşuçylyk» diýen jümläni ulanamda, men diňe bir Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlary göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Orta Aziýadan uzakda ýerleşýän döwletleri hem göz öňünde tutýaryn. Adamzadyň medeni ösüşiniň häzirki döwri älem giňişligini özleşdirip, maglumat we beýleki IT-tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegine getiren nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýasynyň täsiri bilen biziň hemmämizi birek-birege baglanyşykly edip goýdy. Özi hem, bu ýagdaýda geň görer ýaly zat ýok...».

Ählumumy adamzat ösüşine hem bähbidine dahylly şu sözler taryh gatynda galan maglumatlar bilen sepleşýär weli, türkmen milleti, onuň döwletlilik ýörelgeleri, edim-gylymy açyk-aýdyň äşgär bolýar duruberýär.

...Garagum Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda özboluşly köpri bolup ýatyr. Goja taryh bolsa türkmenleriň erkinlik, azatlyk ugrundaky gaýduwsyz göreşleriniň, şol bir wagtda-da parahatçylygy baýdak edinmegiň, ynanyşmagy dostana gatnaşyklaryň baş çelgisi hasaplamagyň hut Garagum, ondaky ýaşaýyş bilen bagly bolandygyndan habar berýär.

Ynha, saralan sahypalaryň birindäki ýazgy. Pýotr I «Baltika we Gara deňizleriniň üsti bilen Ýewropa penjire açmak bilen bir wagtyň özünde gyrgyz (gazak bolmaly — G.O.) hem-de türkmen çöllükleriniň üsti bilen ähli aziýaly ýurtlaryň açaryny hem derwezesini tapmak barada» berk perman berýär.

Newanyň kenaryndaky patyşa köşgüni birwagt Garagumuň içi bilen akan Amyderýanyň aňry ýüzünde, ýagny Buhara hanlygynda «arzyly çägäniň» bardygy, ondan bolsa altyn alynýandygy hakdaky agyz suwardyjy habar heýjana salypdyr. Şol bir wagtyň özünde-de, Amyderýanyň ozal Kaspä (Hazara) guýandygy, emma Hywa hanynyň ony eýdip-beýdip Arala sowandygy, eger bendi açyp, derýany öňki hanasyna akdyryp bolsa, derýada gämi gatnawyny ýola goýup, şeýdibem, bu ülkäniň baýlyklaryny aňsat ýol bilen daşap boljakdygyna ynanypdyrlar.

Şeýlelikde, 1714-nji ýylyň 29-njy maýynda knýaz Bekowiç-Çerkasskiniň baştutanlygynda Kaspi deňziniň gündogar kenarlaryny — Garagumy öwrenmek, Amyderýanyň aşak akymlary, Hywa, Buhara barada doly maglumat ýygnamak maksady bilen, ýörite ekspedisiýa ugratmak hakda perman çykarýar. Şondan iki ýyl soň — 1716-njy ýylda bu ekspedisiýa türkmen topragyna aralaşýar. Tutuş 45 günläp, onda-da jöwzaly tomsuň yssysynda 6 müň ýabyly, müňlerçe ýük mally, esasan, düýeli kerweniň Garagumuň suwsuz çöllüginiň üsti bilen Gurýewden Hywa çenli 1450 wýorstlyk ýol sökýär.

Biziň bu ýerde ünsi çekjek bolýan aýratynlygymyz — ekspedisiýadakylaryň haýran galyp ýazyşlary ýaly, sähraýy türkmenleriň gorkman-ürkmän, şonça ýygyny öz guýularyna, oýuna-obasyna düşende, açyk göwün bilen hezzetländigi, «Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýlenine uýup, hoşniýetlilik bilen ýene-de ýoluna ataryp goýberendigi, gerek bolsa, indiki menziline çenli howpsuzlygyny kepillendirip, ugradyp gidendigi hakynda haýran galyp ýatlandyklarydyr:

«Türkmenler, edil Garagumuň özi ýaly giň göwünli hem parasatly. Olar seniň duşman däldigiňi bilseler, törlerinden orun berýärler. Gapylaryndaky ýyldyrym ýaly syçrap duran bedew atlary olaryň guwanjy, ýaýla gidende aňyrsy-bärsi görünmeýän dowardyr düýe hem gylýal sürüleri olaryň eklenji. Suwa golaý ýerde mesgen tutan türkmenleriň dürli ekinleri ýetişdirişlerine söz diýer ýaly däl, ýer-ekin medeniýeti juda gowy berjaý edilýär. Iň esasy aýratynlyk bolsa, türkmenleriň erkinlik, özbaşdaklyk hakdaky synmaz pikirleridir».

Ine, mukaddes Garaşsyzlygyň gözbaş alyp gaýdýan çuňluklary nirede!

* * *

Türkmen şahandaz halk. Namysjaň halk. Myhmanyny tanamaýanam bolsa, törüne geçirip, tarhandökerlik bilen söwüş edibilýän halk. Nätanyşdan tanyş, tanyşdan dost, duşmanyndan ýürekdeş gözleýän millet. Okap gören bolsaňyz, «Görogly» şadessanynda beg Görogly Gyratyna atlananda, eýeriň bir gaşyna almaz gylyjyny, beýleki gapdalyna-da gazma dutaryny taýlaýandyr.

Hüňkar şa kyrk müň lek leşger tartyp gelende jeňe giren Görogly goşunbaşy Mustapa beg asgyn gelenini aňdyranda, oňa gylyç götermän, gaýtam, dost-doganlyga ähti-peýman edişýär.

Şahyr Italmaz Nuryýewde şeýle setirler bar:

Biz — türkmenler,
Sähraýy halk, sähraýy,
Sähra dek, Älem dek giňdir ýüregmiz.
Sährada garşy alsak her gün, her aýy,
Hem-de, dostlar, bitin bolsa çöregmiz,
Başga zat däl, şudur biziň geregmiz.

Biziň illerde çöregi bitin bolmak — döwletiň daş ýarmagy diýmekdir. Döwletiň daş ýarmagy — bitewüligiň, agzybirligiň, güýjüň-kuwwatyň bilen gara daşlary hem talhan etmek diýmekdir.

Owaly-ebedi «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýýän türkmende «Il bolup ýaşamak» diýen gadymy ýörelge-de bardyr. Il bolup ýaşamak — asly ynsanperwer milletimiziň, Oguz han atamyz aýtmyşlaýyn, düýp hemsaýasy — ýakyn goňşusy bilen-ä ilki, soňam alys-u-daşdaky iller, ýurtlar bilen supraly gatnaşyk etmek däbi diýmekdir. Taryh Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň — ilçileriň üsti bilen gatnaşyklary sazlamagyň, ýurtlaryň arasynda agzybirligi saklamagyň ilkinji ädimleriniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörändigini habar berýär. Siwilizasiýalary, ykdysady gatnaşyklary, iň esasy hem, dostanalygy menzillerinde külterlän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde Türkmenistan otyr ahbetin!

Aýratyn buýsanç bilen bellenmeli hakykat bolsa müňlerçe ýyl mundan öň Hytaý hökümdarlary bilen Parfiýa patyşalygynyň arasynda ilçileriň gatnandygy hakdaky maglumatlaryň taryhyň gatynda galanlygydyr. Gör, biziň milletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak köprüleriniň binýady nähili uzaklardan gaýdýar!

Türkmeniň «Goňşy dilenip alynmaýar, ony Taňry berýär» diýen bir gadymy sözem bar. Rast, Taňry beren bolsa, ähli kaýyllyk jem bolandyr. Gadymy Oguz däplerinden gaýdýan ýörelge bolsa goňşyňy dogandanam ýeg görmekdir, mähriban saýmakdyr. «Kyýamat güni goňşudan» diýilmegem şonuň üçindir. Bu ýörelge — däp döwür-döwranlar özgerse-de, üýtgewsizligine galýar. Muňa Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz anyk mysaldyr. Ynha, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan, ujundan sanly gün gädilen 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasynda iki ugur: Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň ulanyşa tabşyrylmagyny mysal görkezmek bolar.

Bu taslamalary türkmen hünärmenleriniň abraý bilen berjaý edendiklerini aýratyn guwanç hem buýsanç bilen agzamalydyrys.

Global howpsuzlyk meselesi hemişe-de dünýä üçin üýtgewsiz möhümligine galýar. Asyrlar çalyşsa-da, syýasy düzgünler üýtgese-de, dünýäniň ykdysady ulgamynda berk baglanyşyk, täze hyzmatdaşlyk derejeleri dörese-de, umumy öýümiz bolan Ýer togalagynyň haýsydyr bir ýerinde döreýän gapma-garşylyklar ýa-da umumadamzat ösüşine howp salýan wehimler bizi hiç wagt biparh goýmaýar.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk, ylaýta-da, biziň zamanamyzda zerurdyr. Şunda çuňňur oýlanyşykly hem-de uzak geljegi nazarlaýan konstruktiw garaýyşlar XXI asyryň ösüşlerini kesgitleýär. Şu babatda Türkmenistanyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän teklipdir başlangyçlary biziň ýaşaýan döwrümiziň möhümliklerinden ugur alýar.

Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, ägirt uly ýangyç serişdeler kuwwatyna eýe bolup, özüniň bu kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatynda goýmagy parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň esasy binýady hökmünde kesgitleýär. Biziň ýurdumyz bu meselede öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty amala aşyryp, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek we ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Energiýa geçirijileriň howpsuzlygyna dahylly meseleleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň duşuşyklarynda we beýleki iri forumlaryň barşynda öňe sürlendigi dünýäniň global meseleleri bilen dahyllydyr.

Şeýlelikde, 2008-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisiniň gün tertibine girizildi. Şonda BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisiniň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň biragyzdan goldawyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek maksady bilen, gazyň gaýtadan işlenilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň möhümdigini yzygider nygtaýar. Hususan-da, tebigy we ugurdaş gazy gaýtadan işleýän, benzini, dizel ýangyjyny we awiasion kerosini, şeýle hem sintetiki nebiti, polietileni we polipropileni öndürýän desgalar yzygiderli gurulýar. Geljekde-de bu ugurda uly halkara taslamalar meýilleşdirilýär.

* * *

...Oglan wagtlarymyz töwir edilende, ençe gary depelän eždatlarymyz: «Il agzybir, ýurt parahat, goňşy-golam abat, edenimiz oňuna, tutanymyz şowuna bolsun, ämin!» diýip, ellerini ýüze sylardylar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adynyň düýp manysy şularda jemlenendir diýip pikir edýärin.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

ýazyjy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18562