Döwletiň aladasy — halkyň bähbidi

Düýn Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna gadam urýan eziz Diýarymyzyň iň täze taryhynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesiniň golaýynda guruljak Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabatda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Iş saparynyň çäginde milli Liderimiziň welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň Balkanabatdaky awtoulaglar kärhanasyna we etraplardaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermegi bolsa balkanlylaryň mähriban Arkadagymyza söýgi-buýsançlaryny has-da artdyrdy:

Dyňňy DYŇŇYÝEW,
Balkanabatdaky «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň baş lukmany:

— Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda rowaçlyklara eýe bolýan ata Watanymyz Türkmenistanda ynsan saglygy baradaky alada ýokary derejelere göterilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen adamlaryň saglygy, olaryň sapaly dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri üçin gurlup ulanylmaga berlen desgalaryň sany barmak büküp sanardan kän. Täze gurlan we durky döwrebaplaşdyrylyp, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen «Ene mähri» merkezi, saglyk öýleri, hassahanalar bu gün halkymyzyň hyzmatynda. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dünýä nusgalyk myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, «Mollagara» we «Awaza» şypahanalary bolsa diňe bir öz watandaşlarymyza däl, eýsem, daşary ýurtlulara-da hyzmat edýärler.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmagy, lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiligi kämilleşdirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki iş saparynyň dowamynda Balkanabatdaky «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezimize gelip, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat bermegi hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan beren bu sowgatlary Balkan welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň awtoulaglar kärhanasynda we etraplardaky hassahanalaryň çagalar bölümlerinde netijeli peýdalanylar. Sowgat beren ajaýyp lukmançylyk ulaglary üçin balkanly lukmanlar eziz Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, raýatlarymyzyň saglygy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ata ATAÝEW,
Balkanabat şäheri, awiasiýa işgäri:

— Hormatly Prezidentimiziň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýän täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagy bu möhüm işiň öz mynasyp dowamatyny tapýandygyndan habar berýär.

Gurluşygyna başlanan bu howa menzili geljekde ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlaryndaky ösüşlerine düýpli itergi berer. Bu menziliň häzirki zaman howa gämileriniň ähli görnüşlerini diýen ýaly kabul etmäge mümkinçiligi bolar. Menzilde dikuçarlaryň dördüsi, howa gämileriniň bolsa altysy üçin duralgalar gurlar. Ýolagçylaryň we dürli ýükleriň ýerli hem daşary ýurt gatnawlaryny ýola goýjak Halkara howa menziline beýikligi 35 metre barabar bolan dolandyryş diňi aýratyn görk berer. Täze guruljak menziliň esasy binasynda ýerleşjek 20 orunlyk myhmanhana bolsa uçarmanlaryň hyzmatynda bolar.

Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň iri senagat merkezleriniň biri bolan Balkanabadyň golaýynda gurulmagy ýakyn geljekde Diýarymyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has hem giňeltmäge, ýolagçy gatnawlaryny we ýük daşamagy ygtybarly amala aşyrmaga, bu ajaýyp sebitde syýahatçylygy yzygiderli ösdürmäge hem oňyn täsirini ýetirer. Sanlyja ýyldan ýene bir Halkara howa menziline eýe boljak balkanlylaryň milli Liderimize alkyşlarynyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Durdy BAÝRAMOW,
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary:

— Hormatly Prezidentimiziň medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy, sungatymyzy, medeniýetimizi belende götermekde amala aşyrýan işleri ýüreklerimizde taýsyz joşgun emele getirýär. Milli Liderimiz medeniýet we sungat ulgamynyň wekillerine merdana hem agzybir halkymyza döwrebap hyzmat etmek, bu ugurda gazanýan üstünliklerimizi dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikler döredip berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanyşa berilmegi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryna goşuldy. Soňky ýyllarda Balkanabat şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Bu gün Döwlet drama teatrynyň, welaýat kitaphanasynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, “Bagt köşgüniň”, telekeçileriň eýeçiligindäki toý-dabaralar merkezleriniň ymaratlary sebit merkeziniň görküne görk goşýar.

Uly Balkan dagynyň etegindäki ýaýlada açylan «Türkmeniň ak öýi» binasy medeni çäreleri, islendik derejedäki konsertleri, baýramçylyklary, sirk ussatlarynyň çykyşlaryny birkemsiz ýola goýmaga giň mümkinçilik berer. Bary-ýogy on-on bäş ýylyň dowamynda çägi iki esseden-de gowrak köp giňän Balkanabadyň iň bir görnükli ýerinde gurlan bu ajaýyp ymaraty synlanyňda, göwnüň göterilip, ruhuň galkynýar. Ol biz — sungat işgärlerini täzeden-täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrar.

Ýazga geçiren Hojaberdi BAÝRAMOW.

“Türkmenistan”.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34425