21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.
Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlaryň ençemesinde, şol sanda ýangyç-energetika hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.
Soňra Azerbaýjanyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrligine ugrady. Şol ýerde ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşdäki duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.
Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň hünärmenlerine we bilermenlerine, şeýle hem bu resminamany taýýarlamaga goşant goşanlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Hazar meselesi boýunça özara gatnaşyklar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Biziň ýurtlarymyz Hazar deňziniň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwrülmegine ägirt uly goşant goşýar. Hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň belleýşi ýaly, Hazar deňzi parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, şu wakanyň örän wajypdygyny nygtady.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, Prezidentleriň derejesinde ysnyşykly syýasy gatnaşyklar bolmazdan, şu günki resminama gol çekmek mümkin bolmazdy diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.
Azerbaýjanyň Lideriniň aýtmagyna görä, “Şu günki gol çekişlik Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypany açýar. Bu taslama biziň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň goňşularynyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ol şeýle hem uly eksport mümkinçiliklerini açýar we şeýlelikde, halklarymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder”.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň çykyşy tamamlanandan soň, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky möhüm taryhy resminama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow Ähtnama gol çekýärler.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Prezident Ilham Aliýewi we ähli azerbaýjan doganlarymyzy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky taryhy resminama bolan Ähtnama gol çekilendigi bilen gutlap, munuň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň durmuşynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen ähmiýetli wakadygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu resminamanyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika pudagy ýaly strategik taýdan möhüm ugurdaky hyzmatdaşlykda hil taýdan täze tapgyry açýandygyna ünsi çekdi.
Munuň üçin bolsa bizde ähli zerur meýiller — syýasy erk-isleg, tehniki we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi, ýokary hünärli işgärler hem-de nebitgaz pudagyndaky işler boýunça ägirt uly tejribe bar.
Türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky köp asyrlaryň dowamynda bar bolan berk doganlyk gatnaşyklary Hazar deňzindäki bilelikdäki işiň üstünliginiň baş kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitinde berk parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esaslaryny döretmäge Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goşandyny we ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny aýratyn belledi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi.
Azerbaýjanyň Baştutany hemmeleri şanly waka bilen gutlap, bu günki gol çekişligiň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
“Hazarýaka ýurtlaryň köpýyllyk çekişmelerden soň hoşniýetli syýasy erki netijesinde, Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan Konwensiýa gol çekildi. Biz bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu ajaýyp deňzi goramalydyrys. Ol biziň halklarymyz üçin ägirt uly bähbit getirýär” diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti aýtdy.
Şu gün gol çekmek çäresini synlap otyrkam, biziň pederlerimiziň bu günki dabarany görmek mümkinçiligi bolan bolsa, olar muňa örän şatlanardylar diýip oýlandym. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, “Olaryň ruhy şat bolardy”. Olar iki doganlyk halkyň egin-egne berip, birek-biregi goldap, öz halklarynyň geljeginiň bähbidine ynamly we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýandyklaryna, ýurtlarymyzyň köp onýyllyklara uzajak okgunly ösüşini üpjün edýändiklerine buýsanardylar diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni dowam etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özüniň wideoçykyşyny iki goňşy dostlukly halkyň umumylyklaryny tassyklap, Türkmenistanda we Azerbaýjanda düşnükli “Ýaşasyn Azerbaýjan — Türkmenistan dostlugy!” diýen sözler bilen jemledi.
Iki döwletiň Baştutanlary onlaýn dabaranyň ahyrynda mähirli hoşlaşyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk arzuw etdiler.
* * *
Şol gün Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri hem geçirildi. Onda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Balkan»