Döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmaga, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, ähli ulgamlary sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şöhratly wakalaryna beslenen eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar» diýip belleýşi ýaly, döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkitmekde Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty bimöçberdir. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde senagat taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly, medeni taýdan sazlaşykly ösýän, ylmyň gazananlaryna daýanýan, giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýan ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleriniň, gazanýan üstünlikleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, döredijilikli, pähim-paýhasly başlangyçlary, giň gerimli özgertmeleri, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanýan maksatnamalary durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramynyň utgaşykly geçirilmegi halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Häzirki döwürde Aşgabady dünýäniň iň gözel we nusgalyk şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi Aşgabadyň okgunly ýokary göterilmegini, paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamyň, senagat düzümleriniň, täze önümçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň artmagyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherine iş saparlarynda paýtagtymyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan oňyn başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Şu ýylyň 25-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, paýtagtymyzyň demirgazygynda ähli amatlyklary we durmuş üpjünçilikleri bolan döwrebap «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi mähriban Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak şöhratly waka boldy. Şäher içindäki şäher hökmünde häsiýetlendirilýän täze binalar toplumynyň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Aşgabat» diýlip atlandyrylan söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimize şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky meşhur bedew Akhanyň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi buşlandy. Milli Liderimiziň oňa Aşgabat diýip at goýmagy, şatlykly pursatlardan köňli joşup, «Ak şäherim Aşgabat» atly şygryny döredip, bu goşgusyny «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabyna ýerleşdirmegi ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusynyň sözlerine agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp sazy netijesinde «Ak şäherim Aşgabat» ajaýyp aýdym bolup, bagşy-sazandalaryň diliniň senasyna, halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Bu nurana aýdym köňüllere ganat bekledi, halkymyzyň ak şäherimiz Aşgabada bolan çuňňur söýgüsini joşdurdy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunda belent zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz batly depginler bilen ösdürilýär, ýurduň eksport mümkinçilikleri artdyrylýar. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, olaryň hilini ýokarlandyrmakda innowasion ösüş ugry üstünlikli dowam etdirilýär.

10-njy sentýabrda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli Liderimiz ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmek wezipesine ünsi çekdi. «Bütin dünýä şu usulda işleýär we ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, mähriban halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar. Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bazar özgertmeleriniň netijesinde ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde, gaýtadan işleýän kärhanalaryň uly toplumyny döretmekde oňyn netijesini berýär. Häzirki döwürde senagat pudagyny, himiýa, gurluşyk, obasenagat toplumyny, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Her ýyl senagat-önümçilik toplumlary, ýaşaýyş jaýlary, zawod-fabrikler, medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ykdysady kuwwat, kämil hukuk binýady, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da berkidýär. Döwrebap kärhanalaryň, durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň gurlup ulanmaga berilmegi raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde amatly şertleri üpjün edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, halk bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Şöhrat MÜLKIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor. Surata düşüren Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40359