Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
AŞGABAT, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň oňyn häsiýetini bellediler. Bu syýasat Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegini şertlendirýär.
Gepleşikleriň dowamynda «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, bu kompaniýa Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirýär.
Şeýle hem maýa goýumlary çekmek hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
***
Şu gün DIM-de wideomaslahat görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasyndan Premýer-ministriň orunbasary, daşary işler ministri M.Tleuberdi gatnaşdy.
Taraplar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň, GDA-nyň YHG-nyň hem-de beýleki guramalaryň çäklerinde iki ýurduň toplan oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara meselelerine ýakyn garaýyşlary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem bilelikdäki işi dowam etmäge özara taýýarlyk beýan edildi.
Hazar meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy, şol sanda port düzümlerini herekete getirmek babatynda ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Şu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sammitiň gün tertibini işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şeýle hem ekologiýa ulgamynda, şol sanda Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk boýunça pikir alşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ähmiýetli mümkinçilikleriniň açylmagy üçin bilelikdäki başlangyçlaryň işlenilip düzülmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu ugurda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Diplomatlar ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garadylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we farmasewtika ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda maksatnama gol çekildi.