Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, welaýatlaryň «ak altyn» ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiz welaýatlaryň etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtanyň ýokary hil taýdan işlenilmegini hem-de ekiş möwsümi üçin zerur bolan gowaça tohumlarynyň taýýarlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz galla kärhanalarynda azyklyk bugdaýyň talabalaýyk saklanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýokary hilli un, çörek we çörek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19936