Demokratik ýörelgelere daýanyp

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, öňde boljak saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda aýratyn möhüm waka bolar. Bu özgertmeler milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Watanymyzyň gülläp ösmegine we abadançylygyna, türkmen halkynyň bagtyýar geljegine gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22311