Çandybile dönüp döwran, bize döwlet geldi bolgaý

Çandybil şaýolunyň täze keşbi hakynda söhbet

Gürrüňi ýatlamalarymdan alyp gaýtmakçy. Çaga wagtym. Elimde küti kitap. Serimde «Munça sahypany bir günde okap bolarmyka?» diýen sowal bilen «Dagy näme!» diýen özüme göwnüýetijiligim. «Göroglysyny» elinden çykarasy gelmeýän obadaşlarymyň biri dessany maňa bir günlük okamaga beripdi. Ol: «Ertir şu wagtlar yzyna getirgin!» diýip, berkden-berk sargap goýberipdi. Gowy zadyň gadyram bilinýär-dä.

Indi ýadyma salan zadymyň «mustapasy» barada. Men ilkinji gezek Çandybil adyna şonda duşup görüpdim. Aýdym bolup hem ýadymda galypdy. Görogly beg: «Toý tutmuşam Çandybiliň düzünde» diýse, Jygalybeg: «Indi geldi Çandybiliň nobaty, // Görenler janyny gurban eýledi» diýip, begençden gözüne ýaş aýlaýar. Genjim bege näme diýjek, şol zaňňaram göwni joşan wagty bäş keleme söz aýdyp, söz arasynda Çandybili ýatlar bolupdyr: «Çandybile dönüp döwran, // Bize döwlet geldi bolgaý»...

...Paýtagtymyzyň günorta böleginden geçýän Çandybil şaýoluna şu golaýda ýoluňyz düşüpmidi? Ýadyňyzda bolsa, aprel aýynda, bary-ýogy sanlyja günüň içinde şaýoluň gyrasynda milli Liderimiziň baştutanlygynda iri desgalaryň bäşisi ulanylmaga berildi. «Türkmenbaşy» hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň binalary Çandybiliň döwrebap keşbine özboluşly sazlaşyk bilen goşulyşyp gitdi. Bu binalar her bir türkmenistanlynyň şu günki bagtly durmuşynyň, röwşen geljeginiň hatyrasyna bina edildi. Biz muňa şol günler has-da gowy göz ýetirdik.

Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanyldy. Bu bolsa halkyň milli Liderine bolan mizemez ynamynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle hem Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyz bu günki gün sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz halkara maslahatda eden çykyşynda maslahatyň dowamynda köp sanly teklipleriňdir peýdaly pikirleriň beýan edilendigini aýdyp, şol teklipleriň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny mundan beýläk-de meýilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde göz öňünde tutuljakdygyny, zerur bolan halatynda iş ýüzünde ulanyljakdygyny mälim etdi. Nesip bolsa, ýeneki ýyllarda hem bu ýerde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly-uly maslahatlardyr duşuşyklar geçiriler.

Binalaryň gurluşygynda, bezeliş aýratynlygynda millilige üns berilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, binagärlik-gurluşyk pudagynda hem ylmyň gazananlary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda saklap gelen gymmatlyklarynyň biri-de milliligidir. Millilik — milletiň ýüzi. Halk ony edim-gylymlaryňdyr däp-dessurlaryň, pähimdir nakyllaryň, rowaýatlardyr aýdymlaryň, haly we dokma önümleriniň üsti bilen şu günlere ýetiripdir.

Biz şu gün bina galdyryp, ertirimizi gurýarys. Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji nobatda millilige üns bermek barada berýän tabşyryklarynyň düýp özeninde-de geljek nesillere belentden-belent binalar bilen bir hatarda milliligimizi ýetirmek baradaky aladalar bar. Söýgi bilen, yhlas bilen sünnälenip gurlan beýik-beýik binalar asyrlarboýy ýaşaýar. Muny bu günki gün paýtagtymyzda gurulýan islendik bina babatda hem aýdyp bolar. Çandybil şaýoluna ýoly düşen her bir adamyň aňynda-da şeýle pikiriň döreýändigine ynanýarys.

Agzalan şaýoluň ugrunda gurlan «Ak öý» hem-de «Nusaý» awtobus duralgalary-da ünsüňi çekýär. Şeýle duralgalar paýtagtymyzda ilkinji gezek guruldy. Taryh geçmişiň atlandyrylyşy bolsa, ony düzýän wakalar şu gün bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Üns berip synlasaňyz, täze binagärlik çözgütleriňdir milliligiň utgaşmagyndan bina edilen duralgalar bu ýerde, hatda, kiçijik zatlaryň hem ünsden düşürilmändigini görkezýär.

Biraz yza ser salalyň. 2011-nji ýylyň 23-nji marty. Hut baharyň bahar wagty. Şol gün milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzüminiň sazlaşykly ösýän möhüm ugruny alamatlandyran Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasy bolupdy. Gojaman Köpetdagyň eteginden geçip, özünde häzirki zaman ýol gurluşygy ulgamynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny jemleýän, şol bir wagtda-da döwrüň döredijilik ruhuny alamatlandyrýan ulag ýoluna Fransiýanyň «CETE APAVE Cudeurope» kompaniýasy tarapyndan ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülere laýyk ýol hökmünde ýörite güwänama berildi. Güwänamada Çandybil şaýolunyň Amerikanyň Döwlet magistrallary assosiasiýasynyň we Ýewropa Kadalarynyň ülňülerine laýyk gelýändigi hem bellenilýär. Onuň gurluşygynda täze tehnologiýalar giňden ulanylyp, ýokary hil görkezijisini gazanmak esasy talap boldy. Şol gün döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagty üçin Çandybil şaýolunyň möhüm desga boljakdygyny, şeýle hem häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegi jähetden onuň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugry hökmündäki ähmiýetini aýratyn belledi.

Ondan bäri tegelek on ýyl geçdi. Biz şol ýyllaryň dowamynda Çandybil şaýolunyň ýurdumyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk maksatnamasynyň ýaýbaňlanmagy netijesinde täze keşbe eýe bolan günorta künjeginiň esasy bezegine öwrülendigine şaýat bolup gelýäris. Bir söz bilen aýdylanda, Çandybil şaýoly özünde häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlerini jemläp, halkara ülňülere laýyk gelýän şäher ýollaryny gurmak babatynda milli Liderimiziň başyny başlan beýik işleriniň durmuşa geçirilmesiniň beýanydyr.

...Hawa, bu gün «Çandybil» ady täze röwüşde ýaňlanýar. Çandybiliň boýunda toý tutulyp, aklyňy haýran edýän ymaratlaryň hatary uzaýar. Bu ýerlere ýoluň düşende bolsa, «Çandybile döwran dönüp, // Bize döwlet geldi bolgaý» diýýän bagşynyň şirin owazy eşidilen ýaly bolýar...

Allanur ÇARYÝEW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34562