Çagalar — biziň geljegimiz. Ýurdumyzda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, olaryň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan düýpli işler amala aşyrylýar. Muny çagalaryň hukuklaryny goramagy nazarlaýan kanunlarda we kanunçylyk namalarynda hem bütin aýdyňlygy bilen görýäris.
Türkmenistanda adamyň, şol sanda çagalaryň hukuklary kanunçylyk esasynda goralýar. Şeýle resminamalar taýýarlanylanda, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende, Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryndan, ata-baba gelýän ýörelgelerden ugur alynýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şolaryň biridir. Onda ýurdumyzda ýaş nesliň bähbitleri babatda döwlet syýasatynyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine we goralmagyna, çaganyň saglygynyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagyna, çaga babatda kemsitmelere ýol bermezlige, hukuklary bozulan ýagdaýynda olaryň dikeldilmegine, çaganyň beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenilmegine we ösmegine ýardam edilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.
Häzirki wagtda bilim edaralarynyň terbiýe we bilim bermekligi bilen bir hatarda çaga terbiýe bermegiň maşgala görnüşiniň höweslendirilmegine, eneligiň goraglylygyna aýratyn üns berilýär. Çünki çaga terbiýesi, ilki bilen, maşgaladan başlanýar. Mundan başga-da ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda iş alyp barýan işgärleriň taýýarlanylmagyna, olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna we gaýtadan taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Şu maksat bilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň çaga psihologiýasy ugry boýunça hünär okuwlaryny geçýändikleri aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda umumy bilim berýän edaralardan başga-da, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, sport mekdepleriniň hem-de beýleki degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýaş nesliň jemgyýetiň talaplaryna laýyk mynasyp terbiýe we bilim almagy ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.
Çaganyň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goralmagy, munuň üçin ähli şertleriň döredilmegi mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Olardan ýerlikli peýdalanýan ýaşlar durmuşda öz orunlaryny tapýarlar.
Annamyrat AMANGELDIÝEW,
Çärjew etrap prokurory, 1-nji derejeli ýurist.