6. Bitaraplyk — goňşyň öýündäki asudalyk
Hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Halkymyzyň heňňam aşyp gelen «Öý alma, goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan», «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy ýagşy», «Keçäňi satsaň, goňşyňa sat, myhman baraňda bir burçunda ýene özüň oturarsyň». diýen ýaly nakyllarydyr atalar sözleri, edil, şol durşuna diýen ýaly, goňşy owgan halkynda hem gaýtalanýar. Aýdylyşy ýaly, goňşy satyn alynmaýar, ol ykbalyň peşgeşidir. Gündogarda «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen pähim ýörgünli. Owgan halkynda bolsa «Zerur wagty dost kömegi — baharyň açylan güli» diýen nakyl bar. Diýmek, goňşular elmydama arkalaşykda, özara oňşuklylykda, birek-birege kömek berip ýaşamaly.
Owgan halky biziň müňýyllyklardan bäri hemsaýamyz. Türkmen halky hiç haçan goňşusy bilen arasyna tow düşmegini, oňa barýan ýoluň ot-çöp basmagyny, gatnaşygyň kesilmegini islemändir. Gaýtam, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, iki arada goňşokara gatnadypdyr. Toý-tomgusynda saçakly gatnaşypdyr, begenen gününde begenip, başyna iş düşen gününde goňşusyna ruhy söýget bolmaga çalşypdyr. Şahyr Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn: «goňşyň hakda pikir et!» diýen ýörelgä uýýan halkymyz bar biziň.
Halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenler bitaraplygyň parahatçylygy dörediji, duşman taraplary ýaraşdyryjy gurallarynyň bardygyny nygtaýarlar. Bu hakykat döwletimiziň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynda aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy dörediji kuwwaty goňşy Owganystanda asudalygy ýola goýmak we ýurtda kadaly durmuşy üpjün etmek baradaky tagallalarynda ýüze çykdy. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ynsanperwer ýörelgä Bitarap Türkmenistan elmydama ygrarly bolmagynda galýar. Gynansak-da, geçen asyryň soňky çärýeginden başlap, goňşy Owganystan köp hupbatlary başdan geçirdi. Onuň syýasy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdy. Bu meseläniň oňyn çözülmegi duldegşir goňşy bolan Türkmenistan üçin juda möhümdir.
Türkmenistan 1990-njy ýyllarda Owganystanda taraplaryň arasynda dowamly we resmi däl ýagdaýdaky gepleşikleriň başlanmagynda işjeňlik görkezdi. Munuň üçin Türkmenistan keseden synçy bolman, anyk iş bilen öz goşandyny goşdy. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda owgan harby-syýasy toparlanyşyklarynyň baştutanlarynyň ençeme gezek gepleşikleri geçirildi. Türkmenistan, 1997-nji ýylda Aşgabatda owganara gepleşikleri we Owganystan boýunça halkara maslahaty geçirmek arkaly, bu ýurtda gapma-garşylygy düzgünleşdirmäge öz goşandyny goşdy. Halkara bileleşigiň Owganystandaky terrorçylykly toparlanyşyklaryň garşysyna alyp baran 2001-nji ýyldaky harby hereketlerinde Türkmenistan öz çäklerinden diňe ynsanperwer ýükleriň geçirilmegine rugsat berdi.
Owganystanyň içindäki dawalary, syýasy durnuksyzlygy harby güýç ulanyp çözmek ýoly netijesizdir. Ýaraglar üçin edilýän örän uly möçberdäki çykdajylar, köp sanly adam pidalary henize çenli owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagyna goşant goşup bilmedi. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän teklipleri Owganystandaky gapma-garşylyklaryň birnäçesini çözmegiň alternatiw nusgasyny durmuşa geçirmek boýunça mümkin bolan çärelerdir. Diýmek, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini goňşy döwletde ulanmak ýerliklidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan düzgünleşdirmek meselesini diňe parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözmek ugrundaky tagallalaryň oňyn netije berjekdigini nygtaýar. Şolaryň arasynda BMG-niň howandarlygynda Owganystandaky özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak we döwlet häkimiýetiniň netijeli institutlaryny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygy Aşgabatda geçirmek babatdaky başlangyç aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletdäki ýagdaýlary kadalaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň uly ähmiýetini nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde anyk teklipleri öňe sürdi we olar, hususan-da, şulardan ybarat:
1) Halkara meseleleri çözmekde syýasy-diplomatik serişdeleri ileri tutup ulanmak hakyndaky Jarnamany işläp taýýarlamak (66-njy mejlis);
2) BMG-niň howandarlygynda Owganystanda özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak we Aşgabatda döwlet häkimiýetiniň netijeli institutlaryny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygy geçirmek (65-nji mejlis);
3) Türkmenistanda owgan hünärmenlerini taýýarlamak (65-nji mejlis);
4) Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygyna gönükdirilen tagallalaryň has işjeňleşdirilmegi (65-nji mejlis);
5) Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak (65-nji mejlis).
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 2018-nji ýylyň 8-nji martynda bolan mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Owganystanda halkara tagallalary goldamak baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Resminamada ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady, üpjünçilik ulgamlarynyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça amala aşyrýan anyk taslamalaryna aýratyn orun berildi.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň geosyýasy mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine ýardam bermek babatynda Owganystan boýunça geçirilýän halkara maslahatlar; Stambul prosesi; Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa — Owganystan görnüşde Owganystanda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog; Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçirilýän maslahat (RECCA); Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti boýunça ýörite maksatnama (SPECA); Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy (CAREC) ýaly syýasy formatlardan we dialog meýdançalaryndan işjeň peýdalanýar. Bu döwletdäki ýagdaýlary kadalaşdyrmakda BMG-niň edýän işleriniň ähmiýeti uly bolmalydyr. Hut şonuň üçin-de, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 2017-nji ýylyň 13-nji iýunda Aşgabada sapary mahalynda geçirilen gepleşiklerde hormatly Prezidentimiz: «Owgan halkyna ýaraşyga gelmek we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ýardam bermek zerurdyr. Oňa diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly ýetip bolar. Bu meseläniň başgaça çözgüdi ýokdur» diýip, ýurdumyzyň garaýyşlaryny öňe sürdi.
Ýurda berilýän halkara ykdysady we maliýe goldawyny artdyrmak — Owganystanda ýagdaýy kadalaşdyrmagyň möhüm çözgüdinde iňňän uly ähmiýete eýe. BMG-niň bu strategik çözgüdine dünýäniň degişli maliýe institutlarynyň, dürli döwletleriň anyk ýardamlary arkaly goşandyny goşmagy zerur. Türkmenistanyň bu meselä nähili goşant goşýandygyny aşakdaky ugurlar boýunça seljermek ýerlikli bolar:
Owganystanda, umuman, Ýewraziýa yklymynda asudalygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin parahatçylygy dörediji taslamalar zerurdy. Şolaryň ençemesiniň gözbaşynda baky Bitarap Türkmenistan durupdy. «Açyk gapylar» syýasaty türkmen Bitaraplygynyň geoykdysady mümkinçilikleriniň barha giňden açylmagyna ýardam berdi.
Türkmenistan Owganystana energetika taslamalary arkaly ýardam bermegi 40 ýylyň dowamyndaky uruşlaryň netijesinde ykdysadyýeti pese gaçan bu ýurduň durmuş-infrastruktura düzüminiň dikeldilmegine kömek etmekde möhüm hasaplaýar. Soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen hünärmenleri tarapyndan Owganystana tarap 400 kilometrden gowrak elektrik geçirijiler çekildi, elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesi, şol sanda podstansiýalar guruldy. Goňşy ýurda Andhoý — Şybyrgan, Serhetabat — Hyrat, Mary DES — Andhoý — Şybyrgan, Rabatkaşaň — Kalaýnau ugurlary boýunça ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasy iberilýär. 2016-njy ýyldan başlap, onuň möçberi iki esse artdyryldy. Geljekde ony bäş esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi.
2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistandan Owganystana azyk harytlary, dokma önümleri, mekdep okuwçylary üçin okuw esbaplary, kitaplar, mekdep mebelleri, sport eşikleri ýaly harytlaryň ençeme görnüşlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde yzygiderli iberilýär. Türkmenistanyň hasabyna Owganystanda durmuş maksatly binalaryň birnäçesi (saglyk öýi, 400 orunlyk mekdep, çaga dogrulýan öý), Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde metjit gurlup ulanmaga berildi. 2019-njy ýylyň dekabrynda ýurdumyzdan owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformator degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde berildi. 2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde mukaddes Oraza aýynda Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde azyk önümleri ugradyldy. 2020-nji ýylyň başynda Owganystana 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermegiň Maksatnamasy işlenip düzüldi. Bu ynsanperwer kömekler goňşy döwletdäki durmuş-infrastruktura düzümi kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Döwletara ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň owgan ýaşlaryny mugallymçylyk, oba hojalygy, nebit-gaz, energetika pudaklary, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk ugurlary boýunça taýýarlamaga ýardam bermegi hem bu ýurda berilýän ynsanperwer goldawdyr.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37448