Belent binalar görüner...

Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasynda belent binalar diňe bir berkarar ýurdumyzda däl, eýsem, halkymyzyň kalbynda-da gurulýar. Sebäbi gurulýan binalaryň ählisi halkyň ykbalynyň güllemegine gönükdirilýär. Munuň üçin türkmeniň iň täze taryhyna — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň altyn sahypalaryna nazar aýlanyňda-da görmek bolýar. Ol sahypalaryň her biri uly-uly ymaratlaryň gurulmagy bilen baglanyşykly.

Käte ýurduň durmuşyndaky ösüşleri, şanly wakalary yzarlamak üçin ýyl senenamalarynyň sahypalarynyň birnäçesini agdaryp gözlemeli bolýar. Ajaýyp zamanamyzyň beýik gurluşyklary, hormatly Prezidentimiziň halkymyza eçilýän serpaýlary barada gürrüň açsak welin, bir aýyň wakalary-da seniň esli wagtlap güýmenmegiňe ýeterlik bolýar. Olaryň her biri uly bir eser ýazarlyk many-mazmuna eýe. Munuň üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralary, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny, paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden we döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat «Aşgabat» binalar toplumyny, ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen birlikde häzirki zamanyň binagärlik çözgütleriniň sazlaşygy jemlenen Döwlet münberini, akyldar şahyrymyzyň Köpetdagyň eteginde gurulýan ägirt uly heýkelini... ýatlamagyň özi-de ýeterlik. Bu aýdanlarymyzyň üstüni yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän, açylyş dabaralary, sözüň doly manysynda, bagtyýarlyk toýuna öwrülýän ýaşaýyş jaýlaryny hem goşsak, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň binagärlik keşbini özgertmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak syýasatynyň yzygiderliligine göz ýetirmek bolýar.

Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynda hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda 5-nji noýabrda ýaýbaňlanan şatlykly wakalar hem hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň tutuş jemgyýetiň ruhuny galkyndyrýandygynyň durmuşy beýany boldy. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň agzybir maşgalalary üçin gurlan dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýokary hilli mebellerdir hojalyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kömekçi otaglar hem göz öňünde tutulypdyr. Aşhanalar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Ajaýyp zamanamyzda agzybir halkymyzyň öndürijilikli zähmeti netijesinde Diýarymyzyň çar künji ösüşlere beslendi. Bu Diýar — bagtyň ebedi mekan tutunan Diýary. Raýatlaryna ruhubelentlik, şatlyk, bagt paýlaýan ýurdumyz rowaç ýollar bilen öňe barýar. Halkymyzyň kalby deýin aklyga beslenen belent binalar bolsa bu mekanda dowam edýän bagtly durmuş hakda söhbet açýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar» diýen sözleri bolsa bu toprakda bagtyýar durmuşyň dowamly boljakdygynyň buşluknamasydyr. Biz — geljekki binagärler geljekde ýurdumyzyň uly gurluşyklaryna gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň beýik maksatlary nazarlaýan tutumlaryna goşant goşjakdygymyza buýsanýarys.

Ýurduň baş şäherinde ýaşamak, okamak, döretmek, zähmet çekmek uly bagt. Çünki ak guş deýin ak şäher egsilmez gözelligi, arassalygy, gaýnap-joşýan durmuşy bilen goýnundaky adamlary joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş eden, okamaga, işlemäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Sähet EMIROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46490