Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda giňden bellenilýär. Şu ýyl, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda milletiň öz ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlylygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyklar aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Gözelligi boýunça ajaýyp, kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlarydyr hemralary, buýsanjy we baýlygy bolup geldi. Bu gün ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimiz hem-de gaýduwsyz alabaý itlerimiz düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýän döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly işleri netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk däplerimiz täze mazmuna we ösüşe eýe boldy.
Behişdi bedewlerimiz çapylýan atlaryň gadymy tohumlarynyň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke tohumynyň arassalygyny, gözelligini aýawly saklamak meselelerine hem-de dünýä medeniýetiniň özboluşly ugry hökmünde onuň ähmiýetine, ýurdumyzyň atçylyk we atly sport mekdebini kämilleşdirmäge, onuň halkara atçylyk ulgamyna goşulmagyna aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde 16-njy aprelde Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi degişli ugurda alnyp barylýan işleriň netijelerine hem-de geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Foruma sanly ulgam arkaly bu abraýly guramanyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar, onuň düzümine dünýä döwletleriniň 36-synyň wekilleri girýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes topragymyzda kemala gelen hem-de gözelligi, okgunlylygy bilen dünýäde tanalýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň buýsanjy we baýlygy bolup durýar.
Ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek hem-de ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan degişli çäreler görülýär. Atçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge, degişli ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmäge, halkara ýaryşlary guramak üçin niýetlenen döwrebap atçylyk sport toplumlaryny gurmaga hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär.
Atçylyk pudagyny ösdürmek, at çapyşyklarynda hem-de atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlarda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär.
“Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, gözelligi haýrana goýýan, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis. Bu däpleri ýaş nesillerimize ýetirmegi hem-de olaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda alyp barýan işlerimizi has-da giňelderis” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda belledi.
Arassa ganly ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly at dakyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen, mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy guramanyň täze prezidenti hökmünde biragyzdan saýladylar.
Synymyzy dowam etmek bilen, baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň atçylyga bagyşlanan köp sanly sergileri, ylmy maslahatlary, döredijilik çärelerini we sport ýaryşlaryny öz içine alandygyny bellemek gerek. Esasy wakalaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy bar. Onuň muzeýi we kitaphanasy, iş otaglary innowasion tehnologiýalar, döwrebap kompýuter tehnikalary, sanly we internet ulgamlar bilen üpjün edildi.
Täze merkeziň maslahatlar zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirilip, onuň gün tertibine bu halkara guramanyň işleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Ýurdumyzyň ussat atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglary gowşuryldy. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy tarapyndan guralýan halkara bäsleşigiň ýeňijisine gowşurmak üçin “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medal döredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly at dakyldy.
Dünýä belli ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary boýunça hünärmenleriň hem-de olaryň muşdaklarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny işläp düzmäge ýardam edip, ony täze mazmun hem-de bilelikdäki täze taslamalar, möhüm pikirler we işewür gatnaşyklar bilen baýlaşdyrýandygyny bellemek gerek. Şeýle halkara çäreler atçylyk we itşynaslyk babatda hünärmenleri özara tejribe esasynda birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamda ynamly gatnaşyklary giňeltmäge hem ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde, Bütindünýä mirasynyň sanawyna Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Gadymy Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleri girizildi. “Görogly” dessançylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlemek üçin ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge degişli teklibi taýýarlaýar.
Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bolsa konkur boýunça ýaryşlar guraldy.
Behişdi bedewlerimiz gaýtalanmajak gözelligini, güýjüni we ýyndamlygyny Mary welaýatynyň dolandyryş merkezindäki atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşyklarynda doly açyp görkezdiler. Topluma atşynaslar hem-de sportuň bu özüne çekiji görnüşiniň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.
Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi. Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, behişdi bedewlerimiziň hakyky muşdagy, ussat çapyksuwar hem-de atly sportuň wagyz-nesihatçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde, täze taryhy döwürde ahalteke bedewi Türkmenistanyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyna öwrüldi.
Türkmen halky dünýä seçgiçilik sungatynyň eserini peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem, gadymy tohumyň arassalygyny ýüzýyllyklardan geçirip, bu täsin atlaryň tapawutly aýratynlyklaryny we genofonduny yzygiderli kämilleşdirmegi başardy. Bu gün biz ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň täze belentliklere çykmagynyň şaýatlarydyrys, olar türkmen halkynyň buýsanjydyr we ylhamydyr, kalbynyň ganatydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşigi baýramçylyk dabaralarynyň ajaýyp pursadyna öwrüldi. Onuň çäklerinde Diýarymyzyň her welaýatyndan we paýtagtymyzdan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewleri sowgat berildi.
Milli Liderimiziň düýbüni tutan asylly däbine eýerip, wise-premýer, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Hankerwen atly bedewiň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy. Soňra ol at üstünde çapuw ýodasy boýunça gezim edip, bedewi synap gördi. Bedew bolsa çapyksuwaryň tejribelidigini, başarjaňlygyny duýup, onuň ähli ýumuşlaryny birkemsiz ýerine ýetirdi we tomaşaçylara öz gözelliginden, sazlaşykly hereketinden hem-de seýkin ýöreýşinden lezzet almaga mümkinçilik berdi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ary we Altynbaş diýen bedewleriň neslinden hem-de meşhur Skak diýen atyň nesil ugruna degişli, 2015-nji ýylda doglan Aýgytly diýen bedew mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Leхus” awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Atlaryň tebigy gözelligi, syratlylygy, wepalylygy, ýyndamlygy köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we bagşylar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Sungat wekilleri — suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler we beýleki ussalar tebigatyň bu gudratynyň diňe keşbini däl-de, eýsem, halkyň zehinini şekillendirýärler, çünki şunuň ýaly kämil tohumy kemala getirmek döredijiligiň, bilimleriň, sabyrlylygyň hem-de ençeme nesilleriň egsilmejek zehininiň miwesidir. Häzirki zaman türkmen sungatynda ahalteke bedewi gözbaşlaryň, kökleriň, menzilleri geçmäge ukyply ruhubelentligiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Awtorlaryň bu bäsleşige hödürlän işleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler merkezinde görkezildi. Elbetde, tebigatyň we adam zehininiň miwesi bolan ahalteke bedewi we türkmen alabaýy nusgawy şygyrlarda we folklorda, şol sanda nakyllarda, dessanlarda hem-de eposlarda we häzirki zaman türkmen edebiýatynda öz beýanyny tapýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen we halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döreden eserleri aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň hatarynda behişdi bedewlerimize we alabaýlara bagyşlanan “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy” atly kitaplar bar. Ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde we kitaphanalarynda guralan baýramçylyk sergileri bular barada aýdyň düşünje berdi.
Şeýlelikde, şu gezek geçirilen baýramçylyk dabaralary türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde möhüm orun eýelän hem-de tutuş dünýäni guwandyryp, haýran galdyrmagy dowam edýän ahalteke bedewlerine hem-de alabaýlaryna goýulýan hormaty aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan müňýyllyk milli däplerimize daýanyp hem-de gadamy batly bedew kimin, täze belentliklere ymtylmak bilen, atşynaslygyň we itşynaslygyň iri halkara merkezi hökmünde Ýer ýüzündäki ornuny pugtalandyrýar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar dowam edýär.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26818