Beg türkmeniň Watanynda toý bu gün

MYNASYP


Beg türkmeniň Watanynda toý bu gün,
Gözel ilim toýlaryna mynasyp!
Ýaş döwletim özbaşyna boý bu gün —
Gorkut ataň boýlaryna mynasyp!


Täze müňýyllyga bat alan türkmen,
Özüni syladyp, at alan türkmen,
Azyndan bäş asyr ýigdelen türkmen
Belent başly Baýdagyna mynasyp!


Bagtymyz doludyr — gowuz däl, gowuz,
Goňşy goňşusyna dadyrar owuz,
Dünýäni aňk edip birleşen oguz
Toýlaryna-baýramyna mynasyp!


Biziň iliň danalygy ezeldir,
Toýlarynda şirin-nabat ezendir,
Üzümiň suwuna meňzeş gözeller
Süýt kölüniň gaýmagyna mynasyp!


Türkmen begdir, uzap barýar hatary,
Arkadagy bilen güllär Watany,
Onuň kimdigini aýdar bedewi,
Bedewleri aýlawyna mynasyp!


Garaşsyzlyk toýy bagt bolup gelen,
Dokuzlar düzüwdir — ýüz-gözler gülen,
Yranmaz binýady ojagy bolan
Bu türkmenim öýlerine mynasyp!


OGULLYK AÝDYMY


Dünýe dursun, sen dur, yranmaz bolup,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!
Gyrata atardyň erenler bolup,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!


Saňa pygamberiň tugy ýetipdir,
Gözüň hem ýüregiň ýagy ýetipdir,
Yşka ýakyn Gülşen dagy ýetipdir,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!


Arka diräp ýedi arşa galmyşam,
Perde-perde açylmyşam, gülmüşem,
Seniň barlygyňda bagtly bolmuşam,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!


Gijeleriň, gündizleriň aýdymdyr,
Han Saýadyň, kenizleriň aýdymdyr,
Gurbannazar Ezizleriň aýdymdyr,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!


Kämillikden kämil owaz alar men,
Dürler saçyp duran döwet galam men,
Öz ilimiň gursagyndan bolar men,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!


Dogaýy-dogaýy kelamlaryň bar,
Mekge menzilinde halallaryň bar,
Eý, çörekli ilim, dowamlaryň bar,
Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!


BIZIŇ ILLER


Ýüzün ýaza tutan daglar gümmürdär,
Oň ýüregniň joşy däli sillerdir.
Ýagarman bulutlar esräp-lummurdar,
Bu biziň illerdir, biziň illerdir!


Ýyldyrym başyny daşlara urar,
Bulutlar maý bilen bir oýun gurar,
Arkaçda ak sähra gül açar durar,
Bu biziň illerdir, biziň illerdir!


Depesinde Humaý guşy aýlanar,
Dolanar Bagdada giden durnalar,
Allanyň aýdymyn aýdar çabgalar,
Bu biziň illerdir, biziň illerdir!


Pederler dowamdyr ogullarynda,
Är ýüki ärleriň eginlerinde,
Ata ýurda wepa göwünlerinde,
Bu biziň illerdir, biziň illerdir!


Gadymy oguzyň ýüzi Haýyrdyr,
Daglary — dag, baýyrlary — baýyrdyr,
Onuň balalarnyň kalby şygyrdyr,
Bu biziň illerdir, biziň illerdir!


Ýyldyzlar dogular, ýyldyzlar süýner,
Heňňamlar aýlanar, döwranlar döner,
Söýünhanda diňe ýagşylyk galar,
Bu biziň illerdir, biziň illerdir!


* * *


Binýat arassa bolmaly ―—
Şeýle diýipdir bu türkmen.
Zürýat arassa bolmaly ―—
Şeýle diýipdir bu türkmen.

Arassa bolmaly ýollar,
Köňül arassa bolmaly.
Arassa bolmaly päller,
Maňyz arassa bolmaly.

Topragyň goýnuna düşýän
Däne arassa bolmaly.
Pelegiň oýnuna düşýän
Nama arassa bolmaly.

Durnany gondurjak bolsa,
Heňler arassa bolmaly.
Gyzlary ýandyrjak bolsa,
Demler arassa bolmaly.

Aý yşkynda göçjek bolsa,
Mermer arassa bolmaly.
Asyra ses goşjak bolsa,
Sözler arassa bolmaly.

TOÝ GOŞGUSY

Ýagşy günler ýagşylyga ýetirsin,
Süýjülikde nabat-halwadan boluň!
Duzuňyz zor bolsun Ýeriň ýüzünde,
Türkmeniň tugy deý owadan boluň!

Ogul bilen arkalydyr ojaklar,
Gulpaklyja gyzlar bilen baý boluň!
Bir-birege aýna boluň dünýäde,
Halallykda bir-birege taý boluň!

Myrat tapyň myrat tapan ýurdumda,
Ýyllar ömrüňizi bezesin gitsin!
Türkmeniň döwleti yranmaz bolsun,
Türkmeniň hatary uzasyn gitsin!

Sowulmasyn, sowulmasyn döwranlar,
Tylla şaýyň gymmatyndan boluň siz!
Owadan ýaşaň siz, owadan garraň —
Söýünhanyň ymmatyndan boluň siz!

Baýram JÜTDIÝEW,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41144