«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenýär. Muňa düýn günbatar sebitde il-ulsumyz üçin bähbitli desgalaryň birbada üçüsiniň — Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň, Magtymguly etrabynda bolsa 50 orunlyk köpugurly hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze desgalaryň açylyş dabaralary balkanlylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde bu ajaýyp wakalaryň şaýady bolan ildeşlerimiziň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.
Aýjemal ÝAGŞYMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri:
— Hormatly Prezidentimiziň saýasynda halal zähmet çekip, bolelin durmuşyň, bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýan her bir ýylymyz kalplarymyzy buýsançly arzuw-hyýallara besleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda nusgalyk işleri amala aşyrýan halkymyz ýüreklerinde beslän belent maksatlarynyň hemişe myrat tapjakdygyna pugta ynanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty hem bize bu beýik hakykaty uly ynam hem buýsanç bilen aýtmaga doly esas berýär. Şonuň üçin-de, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de, Gahryman Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzyň dünýäniň has kuwwatly döwletleriniň hataryna goşulmagy babatda amala aşyrýan beýik işlerine gönüden-göni dahylly bolmaga çalyşýarlar.
Balkan welaýatynda birbada üç sany möhüm desganyň açylyp, dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi buýsançly başymyzy hasam belende göterdi. Olaryň ikisiniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalardygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Çünki ynsan saglygy baradaky alada ýurdumyzda iň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi bolsa Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha giňeldýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Şeýle uly tutumlary amala aşyrýandygy üçin welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman, beýik işleri rowaç bolsun!
Tahyr GOÝUNLYÝEW,
Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň halk lukmany:
— Islendik ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm görkezijileriniň biri-de onuň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk, öňdengörüjilik bilen amala aşyrýan beýik işleri, hususan-da, durmuş ulgamyndaky özgertmeleri, ilkinji nobatda, halkymyzyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna we saglygyny goramaga gönükdirilendir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen derejelere çykdy. Diňe soňky on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda, eziz Diýarymyzda şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hassahanalaryň onlarçasy gurlup, öňden hereket edýänleriniň durky döwrebaplaşdyryldy. Olaryň ählisiniň häzirki zaman lukmançylygynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigini hem buýsançly aýtmak gerek.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, kenarýaka şäherinde gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilen 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy hem ýurdumyzda adam saglygy baradaky aladanyň ýokary derejesine güwä geçýär. Täze hassahana ähli babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. 200-den gowrak hemişelik iş orunlarynyň döremegini üpjün eden bu hassahanada funksional anyklaýyş, fizioterapiýa, merkezleşdirilen barlaghana, reanimasiýa ýaly bölümleriň birnäçesi bolup, olar Germaniýa, Şwesiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar we Şweýsariýa ýaly ösen döwletleriň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde ýörite kislorod bekediniň gurlandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Keselhana berlen «Tiz kömek» awtoulagy hem raýatlaryň hyzmatynda bolar.
Soltan EŞÇANOW,
«Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti önümçilik birleşiginiň Türkmenistandaky bölüminiň gurluşyk boýunça baş inženeri:
— Türkmenbaşy şäherinde “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyp, işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, berkarar döwletimizde halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ulag düzüminiň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagynda Russiýa Federasiýasynyň «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän dürli görnüşli awtoulaglary mynasyp orun eýeleýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň döwrebap awtoulaglary indi onlarça ýyl bäri dowamly satyn alnyp gelinýär. Munuň özi olaryň ýurdumyzyň tebigy howa şertlerine laýyk gelýändigini-de görkezýär. Dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylan abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň işläp başlamagy awtoulaglaryň bu görnüşleriniň hyzmat ediş möhletiniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Merkezdäki barlag-goýberiş nokady, ammar, bassyrmaly awtoduralga, suw sorujy desga, ýag ýygnaýjy bölüm we beýlekiler iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Häzirlikçe birbada 20 adamy iş orny bilen üpjün eden täze merkeziň her günde «KamAZ» awtoulaglarynyň 10 sanysyna abatlaýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçiligi bar. Bize milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin möhüm işleri bitirip biljek şeýle merkezi gurmaga ähli şertleri döredip beren milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Taýýarlan Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46414