Bagtyýarlyk dessany — köňülleriň bossany

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaby giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy. Şu günler täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda dowam edýär. Olarda Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda ýetilen sepgitleriň beýany, bagtyýarlyk dessany bolan gymmatly eseriň many-mazmuny, ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Tanyşdyrylyş dabaralary 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar, jemgyýetçilik hem-de oba hojalyk toplumlarynda, 2-nji oktýabrda bolsa söwda toplumynyň mejlisler jaýynda, şeýle-de gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi. Dabaralaryň ählisi hem uly ruhubelentlige beslendi. Ýakynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda hem täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy.

Tanyşdyrylyş dabaralarynda ýurdumyzyň dünýädäki şan-şöhratyny belende göteren baş baýramymyz — beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna», «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary, «Türkmen edermen» medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlaglar, «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eserini sowgat berendigi üçin köp sagbolsunlar aýdyldy. Şeýle gymmatly kitaplaryň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

Köňülleriň bossany bolan täze kitapdaky: «Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde uly jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly bagtdygyny, şol bir wagtyň özünde nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň öz ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýmalydyrlar. Bu, hakykatdan hem, nesillere ykbalyň taýsyz peşgeşidir, mukaddes paýydyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir!» diýen sözler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyny belent ruhda beýan edýär. Kitapda Garaşsyzlygymyz, onuň gözbaşlary hem esaslary barada aýdylýar. Biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyzyň durandygy, Garaşsyzlygyň diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandygy nygtalýar. Garaşsyzlyk bagtymyza deňelýär. Bagtymyzy gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynyň, il-halkymyzyň egsilmez gaýratynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «Biz Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris. Garaşsyzlyk diýmek öz eliň, öz ýakaň diýmekdir. Garaşsyzlyk diýmek eliň uzadan ýerine ýetmegi diýmekdir. Garaşsyzlyk özüňi sylamak we özüňi sylatmak diýmekdir. Garaşsyzlyk öz halkyňy we öz topragyňy ilki özüň ykrar etmek, soňra özgelere-de ykrar etdirmek diýmekdir. Garaşsyzlyk mertebäňi duýmak we mertebäňi ykrar etdirmek diýmekdir. Garaşsyzlyk öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr».

Tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde ilkinji gezek okyjylaryna gowşurylan kitabyň Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydygyny nygtadylar. Olar onuň öz ugurlaryna degişli bölümleri, öňe sürýän pikir-garaýyşlary barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. On üç bapdan ybarat kitabyň her babynda döwletimiziň baş ýörelgesine laýyk, ýagny adamyň, halkyň bähbidine gönükdirilen özgertmeleriň, gazanylan köpasyrlyk ösüşleriň waspy täsirli beýan edilýär. Munuň şeýledigi baplaryň atlandyrylyşyndan — «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi», «Budur türkmen binasy!», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen topragy — bereket mekany», «Türkmen halky — dörediji we gurujy halk», «Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe — ösüşiň özeni», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!», «Ýaşyl ykdysadyýet» — ýaşaýyş ýörelgesi», «Bazary baryň baýlygy bar», «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» diýen paýhasly jümlelerden hem aýdyň görünýär.

Garaşsyzlyk eýýamynyň bagt dessanynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dowam edýär.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42503