Biz «Dünýä biziň gözlerimiziň öňünde ösýär, özgerýär» diýmäge endik edinipdiris. Bu, elbetde, dogry, ýöne döwür öz-özünden ösüp-özgeribermez. Islendik närse beýleki bir närsäniň täsiri bilen hereketde bolýar.
1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halky özüniň ençeme asyrlap arzuw eden Garaşsyz döwletini esaslandyrdy. Ilkinji ädimler her bir täze dörän döwletden eserdeňligi, hatyrjemligi we şol bir wagtda-da öz öňünde aýdyň maksatlar goýup, şol maksatlara tarap okgunly we ynamly hereket etmegi talap edýär. Elbetde, Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertlerini döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bu wakalar taryhy ähmiýetli wakadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasydyr. Konstitusiýa biziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşymyzyň baş görkezijisi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde: «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar. Olar bolsa biziň özboluşly medeniýetimizden, döreden milli gymmatlyklarymyzdan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar. Hut şonuň üçinem her bir halk üçin ösüş dünýäniň gymmatlyklaryny kemala getirmegiň usuly hökmünde öz milli gymmatlyklaryny we paýhasyny, aňyýetini kämilleşdirmäge ymtylmagyndan başlanýar. Şular barada söz açmak bilen, taryhyň dowamynda ýurdumyzyň çäginde dürli ösüşleriň we medeniýetleriň gülläp ösen döwürleriniň hut şol ýagdaýa itergi berendigini bellemek isleýärin. Häzirki wagtda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň ösüş ýollary dünýä ösüşlerinde öz ornuny tapmaga gönükdirilendir» diýlip beýan edilýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze döwletiň halkara gatnaşyklaryndaky ugry 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagyndan başlanypdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümindäki döwletleriň goldamagy, dünýä bileleşigiň ykrar etmegi bilen dünýäde baky Bitarap döwlet hökmünde öz ýoluny aýdyňlaşdyrdy.
Geçen ýylyň 12-nji dekabrynda biziň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ilkinji gezek ykrar edilenine 25 ýyl doldy. Ondan bäri geçilen menzillerde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarlylygynyň netijesinde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyz: «BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi» diýip belleýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk mynasybetli meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýan işler bedew badyna beslendi. Geçilen menzillere ser salsaň, kalbyňy buýsanç duýgusy gaplap alýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk menzilinde ata Watanymyz uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyz özboluşly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alýan binalaryň sany barha artýar. Hatda paýtagtymyz Aşgabadyň özi dünýäde ak mermere beslenen binalaryň iň köp bolan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun eýeledi. Aşgabat şähergurluşygyň meýilnamalaryna laýyklykda tapgyrma-tapgyr binalar toplumy bilen barha giňeýär. Çünki her tapgyr özboluşly şäherçe. Diňe bir Aşgabatda däl, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda il-ýurt ähmiýetli binalar yzygiderli artýar. Şäher bilen bäsleşýän, özünde zerur ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutulan täze obalar peýda boldy. Olar hakykatdan hem täze zamanyň sowgatlarydyr. Bu taryhyň 30 ýyllyk menzilinde uly öňegidişlikdir.
Ýurdumyzda jemgyýet gatnaşyklary ösdi. Milli syýasy ulgamda köp partiýalylyk döredi. Indi her bir partiýa ýurdumyzyň syýasy wekilçilikleriniň saýlawlaryna işjeň gatnaşýar. Bu özgertmeleriň netijesinde halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi Konstitusiýamyzyň kämilleşdirmegi, döwrüň talabyny aýdyňlaşdyrdy.
Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjylygynda iki palataly gurluşy döretmek başlangyjyny öňe sürüp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak, seljermek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döredip, onuň düzümini tassyklady.
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda Karar kabul edildi.
Şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde milli parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi. Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga uly üns berilýändigini, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesine bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berlendigini belledi.
Mejlisiň deputatlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşyny döretmek hakynda çözgütleriniň ähmiýetini hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti öňde duran wezipeleri dogrusynda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýändikleri aýdyldy.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy dogrusynda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan başlangyçlaryň, bagtyýarlyga beslenen menzillerde gazanylýan her bir zähmet ýeňişleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň agrar partiýasynyň başlygy.