Bagtyýar geljegiň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Geçen döwürde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek, olaryň saglyklaryny dikeltmäge gönükdirilen dürli operasiýalary geçirmek we ýatymlaýyn şertlerde bejergi almaklaryny üpjün etmek boýunça dürli çäreler amala aşyryldy. Munuň üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gazna ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek, olarda Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksatlaryndan ugur alýar.

Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň berilmegi, zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň gönükdirilmegi, 2023-nji ýylyň dowamynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmegi ýurdumyzyň, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň ajaýyp miweleri bolup, kalplary nurlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisleriniň geçirilmegi bu ugurda bar bolan meseleleri çözmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Şunda gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň pikirleri-de derwaýys bolmagynda galýar.

Arkadag şäheriniň sebitde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan ilkinji şäherdigi, onuň gojaman Köpetdagyň eteginde, halkymyzyň baý taryhly we gözel tebigatly künjeginde ýerleşýändigi-de nygtalmaga mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde-de, bu täsin şäheriň gysga wagtda hakykata öwrülmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkeýändigine, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we her bir maşgalanyň abadançylygynyň berkidilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň netijesidir.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işe girizilmegi, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini bermek arkaly, olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş çärelerini geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Onuň hossarlyga we howandarlyga mätäç çagalarda, akyl we beden taýdan ösüşine goldaw zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, çagalaryň şahsy başarnyklaryny ösdürmek, olara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenen merkeziň bu ugurda sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydygyny nygtamak gerek.

Ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň nurana geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli, şeýle-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, olaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemeklerine mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň röwşen geljegini gurujylar bolan ýaş nesiller hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Altyn ANNANEPESOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.