1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halkynyň asyrlarboýy garaşsyz, erkin ýaşamak, özbaşdak döwlet gurmak hakynda eden arzuwy hasyl boldy. Şondan bäri geçen 30 ýyl taryh üçin ujypsyz möhlet bolsa-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan beýik işler, ýetilen sepgitler örän uludyr. Garaşsyz ösüş ýoluna düşen eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu günki gün bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, arzuwlaryň amala aşýan ýurduna öwrüldi.
Garaşsyzlyk diýmek ata-baba milli buýsanjyňa, mukaddes topragyňa, taryhyňa, medeni mirasyňa, maddy hem ruhy gymmatlyklaryňa, diliňe we diniňe eýe bolmak, şolara guwanyp ýaşamak diýmekdir. Garaşsyzlyk öz topragyňda önen bugdaýyň bilen özüňi ekläp bilmekdir. Özbaşdak döwlet hökmünde dünýä çykmak hem onda öz ornuňy tapmakdyr. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşleri gazandy, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli hyzmatdaşlyga çagyrýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny Ýer ýüzünde ykrar etdirmegi başardy. Bu gün türkmen halky, sözüň doly manysynda, örän bagtly halkdyr. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän maksatnamalarydyr giň möçberli başlangyçlary, döwletli tutumlary halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň tebigy we ykdysady mümkinçiliklerinden, halkyň bähbidinden ugur alýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär, durmuş ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň möçberi ýylsaýyn artýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her güni, her bir pursady şanly wakalara beslenip, Watanymyzyň ösüşleriniň ýyl ýazgysyny altyn harplar bilen bezeýär. Durmuş ugurly ykdysady syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragyny durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga, täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerdir çagalar baglaryny, saglygy goraýyş desgalaryny giň gerimde gurmaga gönükdirýär. Her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak babatda edýän irginsiz tagallalarynyň netijesidir, Garaşsyzlygyň miwesidir. Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty halkymyzyň agzybirliginde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerini doly goldaýanlygynda, Watana bolan beýik söýgüsinde jemlenendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly jümlesi bolsa ajaýyp ertirlere bolan çagyryşa öwrülip, her bir türkmenistanlynyň dilinde ýaňlanýar.
Garaşsyzlygymyzyň döwlet hem konstitusion gurluş usullarymyzy saýlap almaga, raýat jemgyýeti institutlaryny kemala getirmäge, ony yzygiderli ösdürmäge we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Milli Liderimiziň beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginde belleýşi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Türkmenistan öz hukuk ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge uly üns berýär. Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň aýdyň, netijeli düzümi gurlandyr, onuň esasy şahalary kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleri bolup, olar sazlaşykly hereket edýärler, biri-biriniň üstüni ýetirýärler. Ýurdumyzda adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň, raýat jemgyýetiniňdir kanunyň hökmürowanlygynyň, halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy ykrar edilýär, barha ösýän döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwrebap hukuk özgertmeleri amala aşyrylýar.
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň institutynyň — Adalatçynyň wezipesiniň döredilmegi, täze parlament gurluşyna geçilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisden hem-de Halk Maslahatdan ybarat bolan iki palataly ulgamynyň döredilmegi demokratik institutlaryň ösdürilýändiginiň, adam mertebesiniň belentde tutulýandygynyň aýdyň subutnamalary bolup taryha ýazyldy. Hil taýdan täze parlament gurluşynyň berkarar edilmegi, ozaly bilen, raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak babatda konstitusion hukuklaryny erkin ulanmaklary esasynda döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilikli edaralaryň üsti bilen gatnaşmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Şeýle hem munuň özi kabul edilýän kanunlaryň hilini we kanunçylyk namalaryny kabul etmekde syýasy partiýalaryň ornuny has-da ýokarlandyrmakda oňyn şertleri üpjün edýär. Üstünlikli amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmeleri esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwrüň talabyna laýyk gelýän ösen syýasy ulgamly, özygtyýarly döwlet hökmündäki abraýy barha belende göterilýär, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygy barha ýokary derejede üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyrýan ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň halkara abraýyny wagyz etmek, türkmen döwletliliginiň binýatlyk ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça öňümizde örän jogapkärli wezipeler dur. Şolara abraý bilen hötde gelmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Resulberdi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38091