Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen ykbal özgerdiji taglymatynyň belent ruhunda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Dowamatymyz bolan çagalar baradaky aladalar bolsa Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan her bir döwletli tutumynyň çuňňur mazmunyny, baş maksadyny kemala getirýär. Munuň özi çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak ýaly halkymyza mahsus durmuş ýörelgeleriniň ynsanperwer döwlet syýasatymyzda mynasyp orun almak bilen, mazmun taýdan has-da baýlaşýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Gahryman Prezidentimiz Diýarymyzyň bagtly çagalygyň ýurdudygyny, ýaş nesliň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidigini arkaýyn aýdyp biljekdigimizi buýsanç bilen nygtaýar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp durmuşyny üpjün etmek üçin goýulýan maýa goýumlary, maksatnamalarymyzda bu ugra gönükdirilýän uly möçberli işler döwletimiziň berkararlygyny, okgunly ösüşlerini görkezýän esasy görkezijileriň biri diýsek, dogry bolar. Sebäbi ýaş nesliň saglygy, terbiýesi hem-de abadan durmuşy baradaky aladalar halkyň bagtyýar geljeginiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan taryhy tutumlaryň düýp özeninde bolsa çagalarymyzyň nurana geljegi baradaky atalyk aladalary dolulygyna görmek bolýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalaryň öňde goýulýan täze wezipeler bilen berkidilýändigi has-da guwandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren taryhy maslahatynda öňde goýan anyk wezipeleri munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Şonda milli Liderimiz çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagynyň barşynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkymyzyň ýaş nesliň röwşen geljegine, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilen kämil durmuş ýörelgeleriniň ynsanperwer döwlet syýasatymyzda mynasyp orun alandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň işi ýaş nesliň bilimli, ylymly, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalaryň ajaýyp miweleriniň biridir.
Beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhy senesini ýokary derejeli toý çärelerine besleýän berkarar Diýarymyzy bagtly çagalygyň ajaýyp mekanyna öwren mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, ähli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Annatagan AMANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.