Bagtyýarlyk döwründe gün-günden özgerýän Watanymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap ýatan balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgulary döredýär, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kesiň arzuwy. Ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şu ýylyň tomsunda bu jenneti mekan ýene-de öz myhmanlaryny kabul eder.
Awazanyň suwy-da, howasy-da, palçygy-da, suw otlary-da dermandyr. Bu ýerde gurlan «Awaza» şypahanasy bolsa aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwuny, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullaryny öz içine alyp, toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullaryny giňden ulanmaga mümkinçilik döretdi. Şypahanada Diýarymyzyň baý tebigy melhem, bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge we olarda keselleriň öňüni almaga hem-de ömür dowamlylygynyň artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýän lukmançylyk hyzmatlary doly ýola goýuldy.
Bilşimiz ýaly, golaýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi hem-de şu ýylyň tomsunda raýatlarymyzyň dynç alşy üçin şert döretmek boýunça teklipler aýdyldy. Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurdunda bütin adamzadyň abadançylygyna uly howp salýan ýiti öýken sowuklama keseli bolan koronawirus ýokanjy giňden ýaýrady. Dünýäde ýiti öýken sowuklamasynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden ýurdumyzda öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirilip başlandy. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Şu ugurdaky alnyp barylýan işlere laýyklykda, ýiti ýokanç kesele garşy sanjym alanlar 1-nji iýun — 15-nji sentýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda arkaýyn dynç alyp bilerler. Raýatlar 1-nji iýundan 15-nji iýun aralygynda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysyny peýdalanmaga mümkinçilik alarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähli arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek, zerur bolan halatynda binalarda öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara dynç alyş ýerlerine ulaglaryň gatnawlaryny ýola goýmagy, myhmanhanalary we çagalar sagaldyş merkezlerini azyk önümleri bilen üpjün etmegi, adamlaryň dynç alyş wagtyny gyzykly geçirmek üçin konsertleri we beýleki medeni çäreleri guramak boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmekleri üçin edilýän aladadan nyşandyr.
Gözel ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26605