“Aşgabat-siti”: «akylly» şäherleriň nusgasy

Irki döwürlerde jahankeşdelerdir bilermenleri, täjirleri, bu topraga zyýarata gelenleri haýrana goýan türkmeniň baý döredijilik mirasy häzirki günlerde-de inçeligi, çeperligi, nepisden gözelligi bilen dünýäniň maddy we ruhy genji-hazynasyndaky ornuny barha giňeldýär. Halkymyzyň bedew at, alabaý, dutar, haly, keçe, keşde, küştdepdi ýaly deňsiz-taýsyz gymmatlyklarynyň her biri türkmeni türkmen diýip tanadýan özboluşly sungatdyr. Döretmek bilen birlikde gurmak sungatynda-da baý tejribäniň eýesi bolan türkmen her bir ädiminde zehinini, ukyp-başarnygyny, oýlap tapyjylygyny, bir söz bilen aýdanyňda, akyl-paýhasyny ýerlikli peýdalanyp, ähli döwürde-de kämil derejede ýaşamagy başarypdyr. Ýurdumyzyň çar künjeginde dürli eýýamlardan habar berip oturan taryhy ýadygärlikler, durmuş hajatly binalardyr desgalar, olaryň özboluşly gurluş aýratynlyklary türkmeniň gurmak dessurynyň ösendigini görkezýän aýdyň mysallardyr.

Hormatly Prezidentimiz döwrüni, dessuryny kämillige beslän ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine dowamat berýär. Bu gün tutuş ýurdumyzy türkmen kalbynyň ýyly mährine ýugrulan, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherdir obalar gurşap alýar. Milli Liderimiziň başlangyçlary, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ajaýyp keşbe girýän Diýarymyz ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Watanymyzyň paýtagty Aşgabat misli bägül ýaly açylýar. Onuň gurluşygyndaky milli we häzirki zaman binagärlik sazlaşygy aýratyn özüne çekýär. Ak mermerli köşkleriň, çeper beýanly, çuň many-mazmunly ýadygärliklerdir bezeg binalarynyň, dürli kompozisiýaly suw çüwdürimleriniň, serçemenli seýilgähleriň mekany hasaplanýan türkmen paýtagtyna bu gün dünýä haýran galýar. Hormatly Prezidentimiziň paýhasy hem yhlasy bilen Aşgabat megapolise — ägirt uly häzirki zaman şäherleriniň birine öwrülýär. Bedew batly ösüşiň dowamly netijelerini baş şäherimiziň her künjünde görmek bolýar.

Täze taslamalar, täze başlangyçlar döwlet Baştutanymyzyň Diýar giňişliklerine her bir iş saparynyň esasyny düzýär. Gahryman Arkadagymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy ýanwaryndaky iş saparyny paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde «şäher içindäki şäher» ýörelgesi esasynda bina ediljek «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk işlerine bagyşlady. Ähli gurluşyklarda bolşy ýaly, «Aşgabat-siti» üçin hem seçilip alnan ýerleriň derejesine, tebigy sazlaşygyna, ekologik ýagdaýyna Arkadag Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi, bu babatda bildiren berk talaby ýurdumyzda adamlar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilýändigini ýene bir gezek äşgär etdi.

Bu täzeçil taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, baş şäherimiziň demirgazyk künjeginde «akylly» şäher emele geler. «Akylly» şäheriň her bir binasy ýokary derejede ýerine ýetirilen bezeg aýratynlyklary, öýüň otaglarynda ornaşdyrylan döwrebap hyzmatlaryň iň häzirki zaman usullary, ýagny enjamlaryň aralykdan dolandyrylmagy bilen tapawutlanar. Nesip bolsa, «akylly» şäheriň «akylly» öýlerinde ornaşdyryljak sanly ulgam — täze tehnologiýalar ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Sanly ulgamy utgaşdyrmak konsepsiýasynyň çäklerinde ýerine ýetiriljek bu täzeçil taslama häzirki zaman türkmen megapolisine gaýtalanmajak gözellik, döwrebaplyk çaýar.

Öňdebaryjy täze tehnologiýalar we innowasiýalar, ýaşamak üçin şertleriň iň ýokary derejesi bilen gurşalan dünýä nusgalyk «smart-siti» ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň öňe süren bu taslamasynyň esasy maksadydyr. Binalarda gurnaljak ähli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagy, täzeçe usullaryň milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylmagy bu «akylly» şäheriň dünýä nusgalyk aýratynlygy bolar.

Özboluşly keşbi, taryhy, medeniýeti bolan Aşgabat Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi, türkmen halkynyň göz guwanjydyr. Mermere beslenendigi, owadanlygy, görkanalygy, asudalygy we hemişe ösüşdedigi üçin ol Ginnesiň rekordlar kitabynda-da mynasyp orun aldy. Ähli amatly şertleri bilen gözel paýtagtymyzyň dünýä nusgalyk şähere öwrülmegi ugrunda irginsiz tagalla edýän milli Liderimize halkymyzyň hoşallygy egsilmezdir.

Aýnabat DURDYÝEWA.

«Türkmenistan».