Paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrundaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Onuň gurluşygyny alyp baran, bu toplumdan jaýly bolmak hem-de söwda-işewürlik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagtyna eýe bolan ildeşlerimiziň kalby täsin binagärlik taslamasyny dörediji Gahryman Arkadagymyza alkyşdan doly.
Bekmuhammet JAJOW,
«Beýik bina» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
— Paýtagtymyzyň adyny göterýän hem-de onuň gözelligi bilen sazlaşýan täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy şanly toýumyza mynasyp sowgat boldy.
Kaşaňlygy bilen ak şäherimiziň çar künjeginden görünýän binalar toplumynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda başladyk. Onuň umumy tutýan meýdany 32 gektara barabardyr. Binalar toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplary we ýokary halkara ülňüler göz öňünde tutulyp, «akylly» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Onuň söwda we dynç alyş merkezi 4 gatdan ybarat bolup, onda 247 dükan, supermarket, bedenterbiýe we medeni-sagaldyş toplumy, 25 sany işewürlik merkezi, kafedir fud-kortlaryň 30-a golaýy, gözellik salonlarydyr dellekhanalar, buz meýdançasy, kinoteatr, bouling, bilýard we beýlekiler ýerleşýär.
Döwrebap ýaşaýyş jaýy 5 sany — A, B, Ç, D, E böleklerden ybarat bolup, A we E bölekleri 11 gatly, hersi 20 öýli, B we D bölekleri 14 gatly, hersi 26 öýli, Ç bölegi 17 gatly, 32 öýli jaýlardyr. Jemi 124 öýli ýaşaýyş jaýynda 3 otagly öýleriň 10-sy, 4 otagly öýleriň 104-si, 7 otagly öýleriň hem 10-sy ýerleşýär.
Şeýle-de toplumda 6 gatly işewürlik merkezi, 2 gatly toý mekany, sport, çagalar üçin meýdançalar, ýerasty we ýerüsti awtoduralgalar, awtoýuwalgadyr ýeňil awtoulaglara hyzmat ediş merkezi ýerleşýär.
Bu toplumyň gurluşygynda milli Liderimiziň maslahatlarydyr tekliplerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň toplumyň dükanlary we söwda nokatlary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar üçin gurlan döwrebap oýun meýdançalary we beýlekiler bilen tanşyp, olaryň işine ýokary baha bermegi başymyzy göge ýetirdi.
«Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp miwesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge şol syýasatyň özenini düzýär. Ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek baradaky maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy wezipesidir. Bize şeýle iri gurluşyklary ynanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýakup IŞANOW,
«Merjen aý» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
— Bu binalar toplumyndan jaýly bolmak bagty biziň bagtyýar maşgalamyza-da nesip etdi. Toplum paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde, belentlikde seleňläp görünýän adybir myhmanhana, stadion, «Ýyldyz» myhmanhanasy, Bagt köşgi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär, bu ýeriň tebigy gözelligi bilen utgaşyp, Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Şeýle-de ol paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň özboluşly dowamydyr.
Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Özleriniň önümçilik we hünär kuwwatyny ýylsaýyn artdyryp, dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda ýokary ussatlyk görkezýärler.
Soňky ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasy tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar. Şonuň esasynda hem gözümiziň alnynda täze, döwrebap şäher döreýär. Onuň gurluşygynda türkmen gurluşykçylarynyň uly yhlasyny görkezmegi aýratyn guwandyryjydyr.
Ak şäherimiz Aşgabatda onuň adyny göterýän binalar toplumynda ýaşamak bagtyna eýe bolan ildeşlerimize «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris.
Hydyrberdi ABDURAHMANOW,
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi:
— Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bize goşa şatlyk getirdi — baýramçylyk mynasybetli ýubileý medalyna mynasyp bolduk, ynha, indi bolsa «Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumynda söwda nokadymyzy açdyk.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, iri taslamalary amala aşyrýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň birnäçesi döwlet sylaglary, şol sanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy.
Açylyş dabarasynyň barşynda bu döwrebap topluma halkara güwänamalaryň gowşurylýandygy baradaky çykyşlar has-da täsirli boldy. Bu binalar toplumyna Awstriýanyň «Vorarlberger» binagärlik institutynyň özboluşly, ajaýyp dizaýny üçin, Germaniýanyň «German Council» söwda merkezleriniň geňeşiniň, Londonyň «Docklands» ylmy-barlag akademiýasynyň ýokary tehnologiýalara esaslanyp gurlandygy, kämilligi baradaky sylaglarynyň gowşurylýandygy, şeýle-de Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.
Şeýle ajaýyp binalardyr desgalar Gahryman Arkadagymyzyň ýürek eseri bolan Aşgabady dünýä binagärliginiň merjenine öwürýär. Türkmeniň kalby ýaly gözel, ak niýetleriň, ak arzuwlaryň şäheri bolan Aşgabat bagtyýar adamlaryň mekanydyr, Gündogaryň göwheridir.
Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda täze Aşgabat döredi. Şäheriň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi. Paýtagtymyzda alnyp barylýan işlerde iň täze innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, şonuň esasynda zerur bolan üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegi bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Bu gün Aşgabat jümle-jahanda iň owadan, päkize, bagly-gülzarlykly, rahat şäherdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda belleýşi ýaly, Aşgabat — kalby söýgüden doly ynsanlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan şäheri. Aşgabat — geljegiň şäheri.
Iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde Aşgabadyň belent abraýyny saklamak, paýtagtymyzy has-da gözelleşdirip, döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42157