Arkadagly Watan ösüşlere beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyna eýe bolan ýylymyzy garşyladyk. Bu ýyl parahatçylygyň, ynsanperwerligiň gadyr-gymmatyny ýene bir ýola bütin dünýä ýaýjak ýyl bolar. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini-de buýsanç bilen nygtamalydyrys.

Täze üstünliklere gönezlik

Halkymyzda gazanylan üstünlikler geljekde täze sepgitlere ýetmäge gönezlik hasaplanyp, olaryň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýulýar. Hut şu jähetden hem her bir ulgamda gazanylan ýeňişler gadam goýan Täze 2021-nji ýylymyzda has belent sepgitlere ýetmäge badalgadyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyza ser salanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gazanylan üstünlikler, oňyn özgertmeler, guwandyryjy beýik işler Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şolardan haýsy birini ýatlanymyzda hem bizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrýar. Elbetde, şol ýetilen sepgitleriň her biri biziň üçin guwandyryjydyr. Ýöne biz ynsana ak ýol açýan bilim hakynda gürrüň etmegi makul bildik. Hormatly Prezidentimiziň “Bilim ähli ösüşleriň özenidir” diýip parasatly belleýşi ýaly, haýsy bir ýetilen belent sepgitler barada söz açylsa, onuň düýp özeninde hökmany suratda bilimiň, ylmyň gazananlarynyň bardygyna magat göz ýetirýärsiň.

Ýurdumyzyň bilim ulgamy dogrusynda gürrüň açylanda, türkmen halkymyzyň buýsanmaga haky bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaş neslimize dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegi, olar baradaky aladalaryň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi halk bähbitli işleriň iň bir naýbaşysy bolsa gerek. Sebäbi her bir maşgalanyň hem, ýurduň hem geljegi şu günki ýetişip gelýän nesle bagly. Akylly-başly, edep-terbiýeli, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmen bolup ýetişen perzentli öý bagtlydyr, şeýle ogul-gyzlaryň ýetişýän ýurdy hem berkarardyr, has bagtyýar ertirlere gadamlary batlydyr.

Ylym-bilime aýratyn üns berýän, ýaşlaryň giň gözýetimli, kämil bolup ýetişmekleri üçin çuňňur alada edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünlikler her ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, kalbymyzy çoýýar. Hut soňky ýyllarda ýurdumyzda çuňňur bilimli ýaş neslimiz ýetişdi. Olaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara, tapawutlanan diplomlara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekde, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu ýerde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen baglylykda degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak isleýäris. Mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň elektron görnüşiniň taýýarlanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýmek bilen, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleriniň wajypdygyny belläp, dil öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ondan daşary hem ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň ençemesi öwrenilýär. Ýörite daşary ýurt dillerini okatmaga niýetlenen mekdeplerimiz hem hereket edýär. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini has çuň we kämil öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Ine, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanýan üstünlikleriniň birje ülşi barada gürrüň açdyk. Bularyň bary bolsa, ýeneki üstünliklere gönezlik we badalgadyr.

Sakasy — saglyk

Türkmen halkymyzda ynsan saglygyna berilýän ünsüň juda ýokarda goýulýandygyna bu ugurdaky pähimlere, tymsallara, rowaýatlara nazar aýlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Aslynda, türkmen aga her bir işiň sakasyny saglykda görýär. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz «Saglyk bolsa, galan zadyň bir alajy bolar» diýip, her bir işi jäht tutupdyrlar. Pederlerimiz heniz perzentleri dünýä inmezinden öň onuň saglygy hakynda alada edipdirler. Hut şonuň üçin hem halkymyzda “Saglygym — baýlygym”, “Saglyk — başymyň täji”, “Saglyk — öýüň soltany” diýen ýaly onlarça pähimleriň döredilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ine, alyslardan aşyp gelýän halkymyzyň bu ýörelgesini Gahryman Arkadagymyz has belent derejelere ýetirip, ynsan saglygy hakyndaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi.

Elbetde, biziň saglyk hakynda hem aýratyn söhbet açmagymyz ýöne ýerden däldir. Ähli ösüşleriň özeninde ylym-bilim durýan bolsa, onuň hem gözbaşynda saglyk durýandyr. Ine, şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky ösüşlere aýratyn ähmiýet berip, halkymyzyň saglygyny berkitmekde uly işleriň geçirilmegine giň ýol açdy. Dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen ýokary derejeli saglyk enjamlary bilen üpjün edilen onlarça anyklaýyş we bejeriş desgalarynyň ulanmaga berilmegi, dürli ugurlar boýunça hassahanalaryň açylmagy, dynç alyş merkezleriniň ulanmaga berilmegi — bularyň bary halkymyzyň saglygy hakyndaky aladadyr.

Ynsan haçan özi hakynda edilýän aladalary duýup ýaşanda, özüni bagtly saýýar. Şol bagtyýarlygy peşgeş beren milli Liderimize alkyş aýdýarys. Saglyk hakynda gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny hem agzaman geçmek bolmaz. Türkmen halkymyz — sähraýy halk. Olar derman otlaryň ynsan saglygyna edýän peýdasyna berk ynanyp, olary durmuşlaryndan aýyrman ýaşapdyrlar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň her bir jildini ýüzlerine sylyp, ony ýakyn gollanma hökmünde ulanýan halkymyz şeýle kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärler.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzyň özboluşly atlandyrylmagy indi däbe öwrüldi. Buýsanç bilen garşylan Täze ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Sebäbi halkymyzyň aňynda, ruhunda parahatçylyga, ynanyşmaga bolan söýgi aýratyn orun eýeleýär. Ol söýgi öz gözbaşyny juda alyslardan, has dogrusy nesilbaşymyz bolan Oguz han atamyzdan alyp gaýdýar. Şeýle asylly ýollary asyrlaryň dowamynda berkiden ata-babalarymyz ony durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bir bölegine öwrüp gelipdirler.

Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ynanyşmagyň bolan ýerinde parahatçylyk bolýandyr. Hut şonuň üçin hem halkymyzda birek-birege ynanyşmak ýörelgesi ýöredilýär.

Elbetde, ähli adamzat üçin parahatçylygyň, abadan durmuşyň höziri başgadyr. Hut şonuň üçin-de, BMG-niň belent münberinden öňe sürülýän teklipleriň agramly böleginiň, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy netijesinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi baradadyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Umumadamzadyň parahatçylygy, ösüşi nazarlanýan beýik başlangyçlaryň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edilmegi mähriban halkymyzyň kalbynda, ruhy dünýäsinde ýaşaýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň rowaçlanýandygyna buýsanjyny artdyrýar.

Asmanda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar parahatçylygyň we bagtyýarlygyň keşbidir.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18359