«Akylly» şäherde döwrebap oba hojalyk şäherçesi dörediler

Berkarar döwletimizde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek, ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Täze bina edilýän bilim ojaklarynda, şol sanda Arkadag şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi, beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, ylym, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýakynda, 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwlet ähmiýetli şäherde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bilen tanyşmagy, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň netijeleri bu ugurdaky tagallalaryň has-da rowaçlanýandygynyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş düzüminiň işini talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, bu işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi onuň dolandyryş we hojalyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle-de talyp ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyny we sanly ulgamlary özleşdirmek arkaly özlerini kämilleşdirmekleri babatda tagallalaryň edilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Täze binalar toplumynda uniwersitetiň ähli fakultetleriniň, kafedralarynyň hem-de beýleki düzümleriniň işini has kämil derejede ýola goýmak, hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça talyplara döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler dörediler.

Bu buýsandyryjy wakalar mynasybetli, Arkadag şäherinde hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen hoşallyk maslahatlarynda professor-mugallymlar alym Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň işini talabalaýyk guramak, talyplaryň ylmy merkezler bilen yzygiderli gatnaşyklaryny ýola goýmak meselelerine zerur üns berilmelidigi, talyplaryň amaly okuwlaryny tejribede utgaşdyrmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygy hakynda beren tabşyryklaryna üns çekdiler. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek Oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşygynda bolşy ýaly, onuň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde hem häzirki zamanyň ösen tejribesi ulanylar. Şonuň ýaly-da, Milli Liderimiziň başlangyjyna laýyklykda, bu ýerde oba hojalyk pudagynda meşhur şahsyýetleriň, ägirt uly tejribe toplan oba hojalykçylaryň heýkelleriniň oturdylmagy bilen baglanyşykly meseleler öwrenilýär.

Geçen ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanşanda, uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde «akylly» şäherde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebi, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörediljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we bu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynyň gurulmagynda çuňňur manynyň bardygyna, taryhdan belli bolşy ýaly, dag etekleriniň hoştap howasynyň, çeşme suwlaryndan gözbaş alýan suwly akabalaryň daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edendigine ünsi çekdi. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmegi bu ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegine, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri uniwersitetiň binalar toplumynyň dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyny özünde jemlemelidigi, onda milli binagärlik ýörelgeleri bilen iň gowy halkara tejribeleriň utgaşdyrylmalydygy hakynda tabşyryklary berdi. Arkadag şäherinde oba hojalykçy hünärmenleriň nazary bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrmaklary, ylmy önümçilik bilen sazlaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Täze oba hojalyk şäherçesi hem oba hojalygy boýunça dünýäniň ösen tejribeleriniň, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň utgaşýan merkezine öwrüler. Ol obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrundaky nusgalyk işleriň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda ilkinji döredilen ýokary hünär bilim ojaklarynyň biri bolan baýry uniwersitetimiziň täze binalar toplumynyň «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda gurulmagy oba hojalyk pudagyny kämil hünärmenler bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döreder. Ol Arkadag şäherindäki bilim ojaklary bilen bütewi sazlaşygy döredip, bu şäheriň bilimler mekany hökmündäki abraýyny has-da artdyrar.

Şulardan görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdebimiziň binalar toplumyny gurmak bilen baglanyşykly işleri hemişe gözegçilikde saklaýar. Onuň taslamasynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagyna, täze şäheriň ekologik derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze binalar toplumyna häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň binasynda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-önümçilik merkezleriniň ylmy-barlag ekerançylyk we däneçilik institutlarynyň öz işine başlamagy hem aýratyn ähmiýetlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz obasenagat toplumynyň düzümleri üçin zerur bolan ylmy açyşlaryň, bu ugra degişli ylmy işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkidilmeginiň, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýändigini nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň çäginde oba hojalyk, bilim ulgamlaryna aýratyn üns bermegi, kabul eden çözgütleri uly ähmiýete eýedir. 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň çäginde ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak babatda teklipler öňe sürüldi.

Oba hojalygynyň, irki ekerançylygyň we maldarçylygyň ösen gadymy mekanynda — Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurmak başlangyjyny öňe sürüp, bu ugurda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar geljegimiz babatda durmuşa geçirýän beýik işleriniň hemişe rowaç, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Allaberdi GAPUROW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.