Ählumumy ösüşiň bähbidine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda dünýäniň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, Türkmenistan häzirki döwrüň esasy meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşýar, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebit hem-de dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işine saldamly goşant goşýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisinde hem baky Bitarap Türkmenistan ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary, teklipleri orta atar. Bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen maksatlardyr başlangyçlar häzirki döwrüň köptaraplaýyn meselelerini bir ýere jemläp, olar boýunça netijeli çözgütleri öňe sürýändikleri bilen ähmiýetlidirler. Ozaly bilen, pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy, halkara syýasat, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri, durnukly ösüş we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlarda täze teklipleridir başlangyçlary öňe sürmek arkaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmek maksat edinilýär.

«Adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy» diýlip yglan edilen berkarar döwletimizde ynsan saglygy hakynda alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçin, döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde ileri tutýan ugurlarynyň ilkinjisi pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şeýle hem Türkmenistan dünýä ykdysadyýetini dikeltmegiň aýratyn esasy ugurlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleriniň işiniň güýçlendirilmegini pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirlerini azaltmagyň has netijeli usuly hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasynyň düzgünlerine esaslanyp, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýär.

Bulardan başga-da Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň barşynda BSGG-niň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny, Ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini, Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini esaslandyrmak barada teklipleri öňe sürmek bilen halkara we sebit gurallarynyň emele gelmeginiň tarapdary bolup çykyş eder.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasat işlerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki ýola tassyklan Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatda çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga hemişe döwtalapdyr. 76-njy mejlisiň barşynda Türkmenistan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklaryny dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny aýan eder. Ýeri gelende bellesek, döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek mejlisiniň dowamynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak maksady bilen, türkmen tarapynyň başyny başlan ählumumy işiniň netijelerini jemlemek bilen, Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem Türkmenistan abraýly forumyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň goldamagy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen adybir Kararnama esaslanyp, «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär.

Biziň ýurdumyz sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar. Şol global strategiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň gös-göni gatnaşandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary we degişli düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisinde ygtybarly, durnukly, maliýe taýdan netijeli hem-de häzirki zaman energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berer. Bu ugurda köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etmek maksady bilen, 2022-nji ýylda «Hemmeler üçin durnukly energetika» başlangyjy bilen bilelikde, Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksadyna ýetmekde ösüşi çaltlandyrmak boýunça halkara forumy çagyrmagy teklip edýär.

Umuman, döwletimiz abraýly forumda ählumumy durnukly ösüşi ilerletmek, saglygy goraýyş, ekologiýa we daşky gurşaw ýaly möhüm ugurlar bilen bagly meseleleriň netijeli çözülmeginiň gazanylmagyny nazarlaýan oňyn hem ygtybarly garaýyşlarynyň bardygyny nobatdaky gezek subut eder.

Jemile Pürjäýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39729