1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” Watan harmanyna tabşyryldy

Güneşli ýurdumyzyň welaýatlarynyň pagtaçy kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň Hasyl toýuna ajaýyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Ýygym möwsüminiň dowamynda gazanylan guwandyryjy netijeler, öňdebaryjy etraplar, pagtaçy kärendeçiler, zähmetde tapawutlanan kombaýnçylardyr mehanizatorlar hakynda ýerlerdäki habarçylarymyz şeýle gürrüň berýärler:

AHALDA

Şanly ýylda Ahal welaýatynyň «ak altyn» ussatlary gowaça ekilen 145 müň gektardan 280 müň tonnadan gowrak pagta ýygnap, Watanymyzyň belent harmanyna goşdular. Bu ajaýyp zähmet üstünliginde welaýatyň Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka, Bäherden, Sarahs etraplarynyň pagtaçylarynyň goşandy has-da saldamly boldy.

Gökdepe etraby şertnamalaýyn borçnamasyny welaýatda ilkinji bolup berjaý etdi. Hasyl ussatlary Watan harmanyna “ak altynyň” 12 müň 500 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Etrabyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň gazanan görkezijileri öwgä mynasypdyr. Agzalan daýhan birleşigi boýunça gowaça ekilen 230 gektar ýerden şertnamalaýyn borçnamada göz öňünde tutulan 442,3 tonna derek 700 tonna töweregi «ak altyn» ýygnaldy. Munuň özi tabşyrygyň 139 göterime barabar ýerine ýetirilendigini aňladýar. Pagtaçy kärendeçi Ogultylla Pirowa 6 gektaryň her biriniň hasyllylygyny 51,4 sentnere, Gülşat Annaýewa 3 gektaryň her biriniň hasyllylygyny 46,7 sentnere, Sabyr Nuraýewa 5 gektaryň her biriniň hasyllylygyny 41,3 sentnere ýetirip, pagta taýýarlamakda tapawutlandylar. Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary hem umumy üstünlige mynasyp goşant goşdular. Özlerine berkidilen «polat atlaryny» saz işledip, «ak altynly» atyzlardan ýüzlerçe tonna hasyl ýygnanlaryň arasynda Annamuhammet Nazarow, Annaoraz Saparow, Aman Myratgylyjow ýaly öňdebaryjy kombaýnçylar hem bar. Hasyl toýunyň toýlanýan günlerinde şeýle zähmetkeşleriň adyna öwgüli sözleri aýtmak has-da ýakymly.

Ak bugdaý etrabynyň pagtaçylary 43 müň 300, Bäherden etrabynyň zähmetkeşleri 24 müň 200, Kaka etrabynyň daýhanlary 45 müň 100, Sarahs etrabynyň kärendeçileri bolsa 35 müň 800 tonnadan gowrak “ak altyn” hasylyny Watanymyzyň belent harmanyna goşup, zähmet ýeňşine saldamly goşant etdiler. Ýeri gelende, Kaka etrabynyň “Daýhan ýerleri” daýhan hojalygynyň, welaýat derejesinde alanyňda hem, ilkinjileriň hatarynda tabşyryga hötde gelendigini bellemelidiris. Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklary, Bäherden etrabynyň Ş.Batyrow adyndaky daýhan birleşigi, Sarahs etrabynyň “Bereket”, A.Tekäýew adyndaky daýhan birleşikleri hem öňdebaryjylaryň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edip, köplere nusga boldular.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).

BALKANDA

Ekin dolanyşygyna girizilen mes toprakly ýerlerden bereketli hasyl öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çeken welaýatyň kärendeçileri ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar Watan harmanyna 10 müň tonnadan geçirip pagta tabşyrdylar. Bu zähmet üstünligine Magtymguly, Serdar, Bereket, Esenguly we Etrek etraplarynyň «ak altyn» ussatlary saldamly goşant goşdular. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, täze sepgitlere ynamly gadam urýan balkanly pagtaçylaryň gazanan bu üstünligi olaryň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidir.

Kuwwatly tehnikalaryň we kämil enjamlaryň, şeýle hem ylmyň soňky gazananlarynyň pudaga işjeň ornaşdyrylmagy, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitde hem öz oňyn netijesini berýär. Ýer eýeleriniň kämil tehnikalar, ýokary hilli mineral dökünler, bol suw bilen üpjün edilmegi welaýatda öndürilýän pagta hasylynyň ýylsaýyn artdyrylmagyna täsirini ýetirýär.

Möwsüm üçin düzülen ýörite iş meýilnamasyna laýyklykda, pagta hasylyny ýygnamakda kuwwatly kombaýnlar, ýygnalan pagtany kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamakda ýük awtoulaglary netijeli işledildi. Pagta ýygymy döwründe düzüminde mehanikler, sazlaýjylar, kebşirleýjiIer bolan ýörite hyzmat ediş toparlarynyň gije-gündiziň dowamynda iş üstünde bolandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek.

Welaýatda gazanylan bu zähmet ýeňşinde Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň eýelän sepgitleri-de guwandyryjy boldy. Daýhan birleşiginde şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanan 80-e golaý kärendeçiniň tagallalary netijesinde, 500 gektar meýdandan pagta ýygnap almak baradaky meýilnama häzire çenli 140 göterime barabar berjaý edildi. Bu daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magtym Ýegenmämmedowyň özüne berkidilen 15 gektaryň her gektaryndan 33 sentnerden geçirip «ak altyn» ýygnamagy şu güne çenli welaýat boýunça iň ýokary görkezijileriň biridir. Bu daýhan birleşiginden Amanmyrat Nazarowyň, Meretgylyç Garajaýewiň, Eziz Musaýewiň hem özlerine berkidilen ýerlerden 20 — 26 sentnere çenli hasyl alandyklary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimize kalplary alkyşdan doly balkanly hasyl ussatlary şu günler hem gowaçaly meýdanlardaky pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap alyp, şanly ýyly belent sepgitlere beslemek üçin gaýratly zähmet çekýärler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).

DAŞOGUZDA

Daşoguzly edermen kärendeçiler, giň gerimli özgertmeleriň ruhunda täzeçe işleýän ýer eýeleri hem döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, Hasyl toýuna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Welaýatyň ussat pagtaçylary gowaça ekilen 155 müň gektar ýerden ak pagtanyň 275 müň tonnadan gowrak hasylyny öndürip, belent daglara barabar bereket harmanyny döretdiler.

Ähli ugurlardan ýokary netijeleri gazanyp, geçen ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň öňdebaryjy etraby hökmünde yglan edilen S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň daýhanlary 21 müň gektar ýerden 40 müň 500 tonnadan gowrak hasyl ýygnamak bilen, welaýatda ilkinji bolup ajaýyp zähmet ýeňşini gazandy.

Welaýatyň çäginde iň iri hojalyklaryň biri bolan S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda berjaý etdi. Bu hojalyk boýunça gowaça ekilen 7700 gektar meýdandan 15 müň tonnadan gowrak “ak altyn” hasyly alnyp, meýilnama 104 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýyl bu ýerde ýetişdirilen pagta hasylynyň uly böleginiň kombaýnlaryň güýji bilen ýygnalyp alynmagy üçin ähli şertler döredildi. Hojalygyň garamagyndaky kombaýnlaryň 45-siniň gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz işledilmeginiň netijesinde, her günde ýygnalýan pagtanyň möçberi 400 tonnadan geçdi.

Etrabyň “Bossan” daýhan birleşiginde gowaça ekilen 483 gektar ýerden 1 müň tonna, “Medeniýet” daýhan birleşiginde hem 546 gektardan 1346 tonna “ak altyn” öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şanly ýylda şeýle zähmet üstünliginiň gazanylmagynda halal zähmet çekip, ýerden ýokary hasyl almagy başarýan pagtaçy kärendeçileriň mynasyp paýy bar. Öňdebaryjy etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Leýla Annagulyýewa 14 gektar ýerden 56 tonna, S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Bahtyýar Eşçanow 3 gektardan 16 tonna pagta tabşyryp, Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgadyny taýýarladylar. Babageldi Durdyýew, Myrat Kerimow ýaly ýokary öndürijilikli işlän kombaýnçylar hem möwsümde 300 — 350 tonna çemesi pagta ýygyp, netijeli zähmet çekmegiň göreldesini görkezdiler.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).

LEBAPDA

Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň pagtaçy daýhanlary Hasyl toýunyň öň ýanynda uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 130 müň gektar meýdana ekilen gowaçadan 320 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Gazanylan üstünlige welaýatyň Çärjew, Darganata, Saýat etraplarynyň pagtaçylary özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular.

Möwsümde 61,5 müň tonna «ak altyn» taýýarlan Çärjew etrabynyň pagtaçylary, geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem zähmet göreldesini görkezdiler. Etrabyň möwsümde 4230 tonna pagta taýýarlan Jumageldi Hekimow adyndaky daýhan birleşigi, 3600 tonna golaý pagta taýýarlan «Azatlyk» daýhan birleşigi welaýatda ilkinjileriň hatarynda arzyly sepgidi eýeländikleri barada hoş habar berdiler. Darganata etrabynyň pagtaçylary-da Watan harmanyna 6508 tonna «ak altyn» goşmagy başardylar. «Lebap» daýhan birleşiginden Gülälek Joraýewa özüniň 2 gektar kärende ýerinden 11 tonna 678 kilogram pagta öndürip, etrapda ýokary netije gazandy. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jeren Çaryýewa 1 gektar ýerinden 4780 kilogram pagta öndürip, ikinji orny eýeledi.

Şu ýyl welaýatda pagta ýygmakda kombaýnlaryň 308-sinden peýdalanyldy. Olaryň 218-si «John Deere», galan 90-sy bolsa «MX-1,8» kysymly kombaýnlardyr. Ýokary öndürijiligi bolan bu kombaýnlar köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda, zaýasyz ýygnap almakda uly ähmiýete eýe boldy.

Darganata etrabynyň oba hojalygyna tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçysy Azamat Gurbangeldiýew möwsümde 630 tonna pagtany bunkerden agdarmagy başardy. Pagta ýygymynyň öňdebaryjylary yglan edilende, Darganata etrabyndan «Zil-130» kysymly awtoulagyň sürüjisi Ýazmyrat Abulowyň 355,5 tonna pagtany göni atyzyň içinden harmanhanalara daşandygy we öňe saýlanandygy belli boldy. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl welaýatyň dürli künjeklerinde ýerleşýän 46 sany harmanhana hem öz işini gije-gündiz alyp bardy. Üsti pagta ýükli awtoulaglary we traktor tirkeglerini öz wagtynda kabul etmek bilen, işiň bökdençsiz bolmagyny üpjün etdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň milli baýlygy bolan «ak altyn» öz wagtynda Watan harmanyna tabşyryldy.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).

MARYDA

Welaýatyň oba zähmetkeşleri, edermen gallaçylarydyr pagtaçylary, ussat ekerançylarydyr işewür telekeçileri hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Welaýatyň ussat pagtaçylary ýygym möwsüminiň başyndan bäri Watan harmanyna «ak altynyň» 365 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý etdiler. Pagta tabşyrmak babatdaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilmegine aýry-aýry etraplar, daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, kärendeçiler saldamly goşant goşdular. Garagum, Tagtabazar etraplarynyň ussat pagtaçy daýhanlary möwsümiň başyndan öňdeligi elden bermän, arzyly pellehana ilkinjiler bolup gelmegi başardylar. Bu etraplar, degişlilikde, 49 müň 900 hem-de 16 müň 100 tonnadan gowrak «ak altyn» hasylyny Watan harmanyna goşdular.

Hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleriniň ýeriň hasyllylygyny artdyrmagy, ýurdumyzda gazanylan bazar bolçulygyny berkitmegi üçin döredip berýän ähli şertlerine we hemaýat-goldawlaryna buýsanyp, öndürijilikli işleýän Mary welaýatynyň bagtyýar kärendeçileri, ýer eýeleri, mülkdarlarydyr işewür telekeçileri döwlete «ak altyn» hasylyny tabşyrmak babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny irki möhletlerde berjaý etmek ugrunda turuwbaşdan gaýratly zähmet çekdiler. Welaýatyň zähmet üstünligine saldamly goşant goşanlaryň hatarynda Garagum etrabynyň «Ak altyn», «Baýramaly», «Garagum kanaly», Tagtabazar etrabynyň «Saryýazy», «Marçak», «Pendi» ýaly daýhan birleşiklerini görkezmek bolar.

Kombaýnçylar pagta ýygyjy kombaýnlary bökdençsiz işledip, öndürijilikli zähmet çekse, ýyglan «ak altyn» hasylyny harmanhanalara daşamakda awtoulag sürüjileri we mehanizatorlar hem uly gaýratlylyk görkezdiler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46516