2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
4-nji maksat: Hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin bütin ömrüň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda (55-nji madda) “Bilim hakynda” kanunda (3-nji madda) her bir raýatyň hökmany mugt, deň hukukly we gowy hilli başlangyç we orta bilim almaga hukugy kepillendirilýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda bilim ulgamy bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny we okatmagyň usulyýetlerini hil taýdan täzelemäge, maglumat bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, bilim edaralarynyň ulgamyny amatly etmäge, bilim hyzmatlary bazaryny giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli özgertmeleri başdan geçirýär. Hökümet tarapyndan çagalaryň irki ösüşine aýratyn üns berilýär.

Ýurtda fiziki, durmuş-emosional we akyl ýetiriş ugurlarynda çaga ösüşiniň ýokary görkezijilerine ýetmek başartdy.

5 ýaşyndaky çagalaryň bir ýyllyk mekdebe çenli bilimiň guramaçylykly görnüşlerine gatnaşmagy yzygiderli ýokarlandy.

Mekdebe çenli edaralarda saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar üçin Irki ösüş merkezleri ýerleşdirildi, bu bolsa olaryň ösmegi üçin inklýuziw gurşawy döretmäge mümkinçilik berýär.

Dikeldiş merkezleri bolan hereket edýän okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň binýadynda ösüşinde bozulmalary bolan çagalar bilen işlemek boýunça synag geňeş beriş nokatlary hereket edýär.

Türkmenistan maýyplygy bolan adamlara mynasyp bilim almak üçin şertleri döredýär (inklýuziw bilim). Ýurduň ähli bilim edaralarynda inklýuziw bilimi ornaşdyrmak maksady bilen, bilim hakyndaky milli kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek üçin esas bolup hyzmat etdi.

Dikeldiş merkezleri bolan okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň we bilim ulgamynyň Çaganyň irki ösüşi merkezleriniň ikisiniň binýadynda maýyplygy bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin dersara hyzmatlar ornaşdyrylyp başlanan. Bu hyzmatlar maýyplygy bolan çagalaryň geljekde durmuşa uýgunlaşmaklaryna we adaty gurşawa goşulyp gitmegine ýardam edýär.

Hünär öwrediş bilim ulgamynyň ykdysady pudaklar bilen goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen, okuwy tamamlaýanlara bazarda bäsleşige ukyply bolmaga mümkinçilik berýän döwlet bilim standartlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şu standartlar iş berijiler bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanýar we zähmet bazarynda isleg bildirilýän başarnyklary we bilimleri öz içine alýar.

Ýokary we orta hünärment mekdeplerde talyplaryň 60,2%-i býujet serişdeleriniň hasabyna we 39,8%-i tölegli esasda okaýar (2018/2019 okuw ýyly).

Ýetim çagalary we ene-atalary ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan howandarlyk edilmeýän çagalary bilim edaralarynda saklamak we okatmak doly döwlet üpjünçiligi esasynda amala aşyrylýar, görkezilen çagalaryň 24 ýaşy dolýança olaryň hünär öwrediş edaralarynda okuwy hem şu esasda guralýar.

Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamy hereket edýär. Orta mekdeplerde täze okuw dersleri girizildi (ekologiýa, ykdysadyýetiň esaslary, özüňi alyp baryş medeniýeti, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, modelleşdirme we grafika, birnäçe täze daşary ýurt dilleri). Okuw işine häzirki zaman tehnologiýalar we okatmagyň interaktiw usullary ornaşdyrylýar.

2017-nji ýylda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi, onuň maksady bilim edaralarynyň arasynda bitewi ulgamy tapgyrlaýyn döretmek. Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde ulgamlaýyn programma üpjünçiliginiň binýadynda sanly bilim portallary döredildi. Sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen uzak aralykdan okuw sapaklary, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk saklanýan daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderili esasda wideomaslahatlar guralýar.

Umuman alnanda milli bilim ulgamynda gender deňeçerligi bar. Ýokary bilimde deň ölçegsizlik saklanyp galýar.

2018-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyzlaryň paýy 38,5%-e deň boldy, 2015-nji ýylda 35,5% bolupdy.

Gender deňligine gözükdirilen maksatnamalary we syýasaty mundan beýläk hem ösdürmek üçin Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasy kabul edildi.

MILLI WEZIPELER


4.1. 2030-njy ýyla çenli ähli gyzjagazlaryň we oglanjyklaryň okuwyň talap edilýän we peýdaly netijelerini almaga mümkinçilik berýän mugt, deň hukukly we gowy hilli başlangyç we orta bilimi almaklaryny üpjün etmek.


4.2. 2030-njy ýyla çenli ähli gyzjagazlar we oglanjyklar üçin ösüşiň, idegiň we olaryň başlangyç bilim almaga taýýar bolmaklary üçin kiçi ýaşly çagalar üçin mekdebe çenli okuwyň gowy hilli ulgamlarynyň elýeterligini üpjün etmek


4.3. 2030-njy ýyla çenli hemme aýallar we erkekler üçin arzan we gowy hilli hünär-tehniki bilimiň we ýokary bilimiň, şol sanda uniwersitet biliminiň deň elýeterligini üpjün etmek


4.4. 2030-njy ýyla çenli işe ýerleşmek, mynasyp iş tapmak we telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin talap edilýän endikleri, şol sanda hünär-tehniki bilimi bolan ýaşlaryñ, uly ýaşly adamlaryň sanyny düýpli köpeltmek


4.5. 2030-njy ýyla çenli bilim ulgamynda gender deňsizligini ýok etmek we ilatyň ynjyk toparlarynyň ähli derejeleri, şol sanda maýyplar, ýerli halklaryň wekilleri we ynjyk ýagdaýdaky çagalar üçin bilimiň we hünär-tehniki taýýarlygyň deň elýeterligini üpjün etmek


4.6. 2030-njy ýyla çenli ýaş adamlaryň ählisiniň we uly ýaşly ilatyň köp böleginiň, erkekleriň hem-de aýallaryň, okap, ýazyp we hasaplap bilmeklerini üpjün etmek


4.7. 2030-njy ýyla çenli okuwçylaryň ählisiniň durnukly ösüşe ýardam etmek üçin zerur bolan bilimleri we endikleri almagyny üpjün etmek, şol sanda bu işi durnukly ösüş we durnukly ýaşaýyş düzgüni, adam hukuklary, gender deňligi meseleleri boýunça okatmak, parahatçylyk we zorluksyz medeniýeti, dünýä raýatlygynyň we medeni köpdürlüliligiň gymmatyna we medeniýetiň durnukly ösüşe goşandyna akyl ýetirmegi wagyz etmek arkaly amala aşyrmak


4.а. Maýyplyk bilen bagly bähbitleri we gender jähtini göz öňünde tutýan okuw mekdeplerini döretmek we kämilleşdirmek we hemmeler üçin okuwyň howpsuz, zorluk we durmuş päsgelçilikleri bolmadyk we netijeli gurşawyny üpjün etmek


4.с. 2030-njy ýyla çenli hünärli mugallymlaryň sanyny ep-esli artdyrmak, şol sanda ösüp barýan ýurtlarda, aýratyn hem gowşak ösen ýurtlarda we adalardaky ösüp barýan kiçi döwletlerde mugallymlary taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy arkaly köpeltmek