«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Bütindünýä Bankynyň wekilleri bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi

Bütindünýä Bankynyň COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Maliýeleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan üçin tizleşdirilen tertipde beriljek uzak möhletli we ýeňillikli karz taslamasynyň maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu Bankyň wekilleri bilen 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Bu iş duşuşyga ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriň orunbasarlary Ç.Agamyradow we A.Gylyjow, şeýle hem iki ministrligiň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda, Bütindünýä bankyň wekilleri, ýurdumyzda pandemiýanyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işlere uly baha berdi, şeýle hem dünýäniň ähli ýurtlary pandemiýanyň täsirlerinden ykdysadyýetlerinde we saglyk ulgamynda kynçylyk çekýändigini hem-de olara garşy göreşmeli bolýandyklaryny belledi. Mundan başga-da bu duşuşygyň maksady barada gysgaça gürrüň berildi.

M.Serdarow, öz çykyşynda, ýurdumyzyň Bütindünýä bankyndan saglygy goraýyş ulgamy üçin tizleşdirilen tertipde karz serişdelerini almak meselesiniň Hökümet tarapyndan ylalaşylandygyny we bu ugurda degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda, Bankyň wekilleri öz çykyşlarynda COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Bank tarapyndan amala aşyrylýan Maliýeleşdiriş maksatnamasy we bu taslamany amala aşyrmak üçin zerur bolan ýerine ýetirilmeli işler barada gysgaça gürrüň berdiler. Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan bu taslama bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, degişli resminamalar boýunça maglumatlar düşündirildi.

Duşuşygyň ahyrynda, Bankyň wekilleri tarapyndan bu duşuşygyň netijeli geçendigi bellenildi hem-de agzalan taslama bilen bagly anyk ýerine ýetirilmeli işler boýunça wezipelere ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli gepleşiklerde seretmeklik bellenildi.

Türkmen tarapyndan hem, bu iş duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça Bankyň wekilleri tarapyndan giňişleýin düşündirişleriň berilendigi üçin minnetdarlyk bildirildi hem-de Bank bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi, bu taslama boýunça karz almak meselesiniň oňaýly çözülmegi üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi taraplaryndan zerur bolan maglumatlar bilen üpjün edilmeginde ähli tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýändigi üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjiligi, ynsanperwerligi nazarda tutup yglan eden 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.

Gepleşigiň ahyrynda Watany beýgeldip, beýgelmek, rowaçlyklara beslenmek ýollarynda alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli parasatly syýasatlary üçin Alym Arkadagymyza alkyşly sözler aýdyldy.

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi. Halkara hyzmatdaşlygy belent derejelere ýetirmek bilen halkyň ýagty geljegini nurlandyrýan, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkedýän Hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri aýdylyp duşuşygyň jemi jemlendi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi