«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
basleshik yok
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

N.Amannepesow bu ugurda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işiniň ýola goýlandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkezi we Türkmenabat şäherinde Ýerli Dolandyryş merkezi döredildi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň yzygiderli işi ýola goýuldy. Şu wagta çenli bu toparyň mejlisleriniň 71-si geçirildi. Mejlislerde ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýiti ýokanç keseliň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak hem-de ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça zerur çäreler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, möhüm kararlar kabul edildi hem-de çözgütler çykaryldy. Milli kanunçylygymyza degişli üýtgetmeler girizildi we dünýä tejribesine laýyklykda, wagtlaýyn Tertipnamalar hem-de Düzgünnamalar kabul edildi.

Ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi. Serhetýaka çäklerdäki etraplaryň arasynda gözegçilik nokatlary döredilip, ilatyň hereketine we saglyk ýagdaýyna gözegçilik işleri amala aşyryldy, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisi tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan serişdeler hem-de dikuçarlar bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde 80 orunlyk karantin gözegçilik nokatlary guruldy. Döwlet serhediniň 9 sany, şol sanda Balkan welaýatynda — Garabogaz, Serhetýaka, Türkmenbaşy we Etrek, Ahal welaýatynda — Kaka, Sarahs, Mary welaýatynda Serhetabat, Lebap welaýatynda — Ymamnazar we Farap gözegçilik geçiriş ýerlerinde ulaglar üçin zyýansyzlandyryş geçelgeleri, zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş-fumigasiýa desgalary guruldy.

Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermek we nusgalyklary barlaghana alyp gitmek üçin ýurdumyzdaky gözegçilik-geçiriş nokatlarynda dikuçarlaryň nobatçylygy ýola goýuldy. Geljekde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk ulgamyna degişli dikuçarlary almak göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtlarda bolup gelen raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Garabogaz şäherçesinde meýdan gospitallarynyň işi guraldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ýokanç keseliň dünýäde ýüze çykan ilkinji günleri şol döwletde okaýan talyplarymyz, şeýle hem epidemiologik ýagdaýy çylşyrymly bolan beýleki döwletlerde okaýan talyplarymyz we raýatlarymyz ýörite uçar arkaly ýurdumyza getirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär.

Ýurdumyza bu keseliň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, hassahanalarymyz ýokary taýýarlykly iş düzgünine geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleri üçin ýörite taýýarlyk okuw-sapaklary geçirildi.

Ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda 19 sany barlaghana hereket edýär. Bu barlaghanalar Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Germaniýa we Türkiýe döwletlerinden getirilen anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri bilen ulgamlaýyn üpjün etmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde derman serişdeleri satyn alyndy we ýurdumyza getirilip, bu keseliň öňüni almak maksatlary üçin ulanyldy.

Mundan başga-da, möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi hem-de ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.

Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde koronawirus ýokanjynyň täze tapgyrlarynyň möwç alýan mahalynda bu kesele garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ilatyň şahsy gigiýenanyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň we araçägi saklamagyň düzgünlerini pugta berjaý etmekleri üçin düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak üçin giň gerimli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmanlaryň ýan kitabyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda beýan edilen üzärlik, şeýle hem ýandakdan, arçadan, itburundan, ajy burçdan we beýleki dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan dürli melhemlik çaýlar, gaýnatmalar we içgiler keselleriň öňüni almakda we adamlaryň immun derejesini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar.

Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak üçin Saglyk öýlerimiziň lukmanlary tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, edara-kärhanalarda işleýän adamlaryň we raýatlaryň arasynda dispanserizasiýa işleri geçirildi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri bilen alyp barýan dostlukly we ynsanperwer syýasaty netijesinde, Owganystan we Eýran Yslam Respublikalaryna, Russiýa Federasiýasyna ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli dörän çylşyrymly epidemiologik ýagdaýlar döwründe derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy.

Öz nobatynda, Günorta Koreýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Bahreýn Patyşalygyndan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan dostlukly kömegiň nyşany hökmünde ýurdumyza iberilen derman we lukmançylyk hajatly önümler ýurdumyza gelip gowuşdy. Bu saglygy goraýyş maksatly serişdeler keseliň öňüni almak üçin ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 22-nji maýyndaky Karary bilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumy kesgitlenilip, ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar.

Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory jenap Tedros Adhanom Gebreýesus bilen birnäçe gezek teleköpri arkaly maslahatlar geçirildi we ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gazanylan oňyn tejribeler barada pikir alşyldy.

Şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş hem-de daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralaryň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri bilen onlaýn düzgüninde şunuň ýaly maslahatlar, duşuşyklar we brifingler geçirildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary we işgärleri tarapyndan ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik işleri amala aşyrylýar.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, keselleri anyklamak, olaryň öňüni almak bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.

N.Amannepesow milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada edýän hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen lukmanlarynyň ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Ministr şeýle hem milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga taýýar edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýokanç keseller hassahanasynyň we Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesindäki şypahananyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwletimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny we özüne wezipeleriň tutuş toplumyny birleşdirýändigini nygtady.

Şol wezipeleriň ählisi yzygiderli çözülýär, şol sanda lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagy ynjalyksyzlyk döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we hökümetiň bu ýagdaýy gözegçilikde saklaýandygyny hem-de zerur bolan çäreleri görýändigini nygtady.

Giň gerimli hem-de maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde howply ýokanç keselleriň öňüne ygtybarly böwet goýuldy, olaryň öňüni almak babatda görülýän netijeli çäreler bolsa keseliň aralaşmak howpuny ep-esli azaldýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek hem-de ýokanç keselleriň epidemiologik gözegçiliginiň monitoringini dowam etmek, şeýle hem dünýä ýurtlarynda ýokanç keseller bilen bagly ýagdaýlary içgin öwrenmek we bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

Döwletimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ägirt köp mukdarda serişdeleri gönükdirýär, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze lukmançylyk merkezlerini ulanmaga berýär, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň iri ylmy-barlag merkezlerinde okamagy hem-de tejribe alyşmagy üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmen lukmanlary sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri hem-de daşary ýurtly kärdeşleri bilen gatnaşyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bu möhüm ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam etmäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyk edip, lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda – lukmanlaryň gatnaşyklaryny ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmekde netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ulgamynda maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan ýurtlaryň jebisligi, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda COVID-19 bilen bagly howplara garşy göreşmekde olaryň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Biz täze ählumumy wehimiň örän howpludygyna düşünmek bilen, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde özara ylalaşykly çözgütleri taýýarlamakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dünýäde ýokanç keseliň ýaýramagy bilen bagly görülýän çäreleriň hatarynda zerur bolan derman hem-de gorag serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek çäreleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän «2021 — 2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasynyň» ähmiýetini belledi.

Döwletiň çägine gelmegi, ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirýän öňüni alyş çäreleri, örtügiň dakynylmagy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar edaralarynyň wagtlaýyn ýapylmagy, awiasiýanyň kömegi bilen uly çäkleriň zyýansyzlandyryş erginleri bilen işlenilmegi, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýörite niýetlenen ýerleriň döredilmegi hem-de beýleki möhüm çäreler oňyn netijesini berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pandemiýanyň ilkinji günlerinden ýokanjyň diňe bir howa-damja ýoly arkaly däl, eýsem, howa-meýdan arkaly hem ýaýraýandygy baradaky çaklama aýdyldy we ol tassyklanyldy. Munuň özi ýokanjyň çägini ep-esli giňeldýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, ilkinji nobatda, degişli jemgyýetçilik pikirini döretmäge baglydygyny nygtady. Şoňa görä-de, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmagyň häzirki zaman strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz etmek hem-de düşündiriş işleri öňdäki hatara çykýar.

Döwlet Baştutanymyz arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ýagdaýa yzygiderli gözegçilik etmek saglygy goraýyş edaralarynyň, öňüni alyş çärelerine gatnaşýan ähli düzümleriň we ilatyň bilelikdäki işi durnukly ýagdaýy saklamaga, ýurdumyzda howply ýokanjyň peýda bolmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäklerini mundan beýläk hem ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýramagyndan asuda saklamak üçin öňüni alyş çäreler toplumyny durmuşa geçirmegi dowam etmegi, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň maslahatlaryny we ýokanç keselleriň epidemiologik gözegçiligini yzygiderli geçirmegi, dünýä ýurtlarynda ýokanç keseller bilen bagly ýagdaýlary yzygiderli öwrenmegi we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegi, keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen ýurdumyzy meýilnamalaýyn üpjün etmegi dowam etmegi hem-de olaryň ätiýaçlyk gorunyň üstüni yzygiderli dolduryp durmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň häzirki döwürde dünýä döwletlerinde täze koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen täze iň ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek, ýurdumyzda agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürmegi dowam etmek hem-de ätiýaçlyk goruny döredip, olaryň üstüni dolduryp durmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Ilatymyzyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we dispanserizasiýa işlerini dowam etmek, ilatyň arasynda möwsümleýin dümew keseliniň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegi dowam etmek we bu serişdeleriň zerur bolan möçberlerini satyn almak möhüm çäreleriň hatarynda kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, hususan-da, ýöriteleşdirilen merkezleri döretmek bilen bagly meselä ünsi çekdi. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň hatarynda täze Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana hem bar. Bu hassahana ýurdumyz boýunça Arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Bu merkezde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, Aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini öwrenmek boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işleri alnyp barlar.

Şeýle hem milli Liderimiz täze guruljak Dikeldiş merkezinde häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalarynyň adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Bu merkezde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, peşew bölüp çykaryş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerini geçiren näsaglary, operasiýa geçiren näsaglary, ýokanç kesellerden soňra dörän gaýra üzülmeleri dikeltmek işleri amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bina ediljek saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi, şeýle hem Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda alnyp barylýan saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyk işlerini welaýat häkimlikleri tarapyndan gözegçilikde saklamak boýunça degişli işleri alyp barmak, paýtagtymyzda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek barada ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagy mundan beýläk hem dowam etmegiň hem-de pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Milletiň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler biziň durmuşa geçirýän syýasatymyzyň strategik ugrudyr. Bu syýasatyň many-mazmuny we ähmiýeti «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda öz beýanyny tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, türkmen lukmanlaryna hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy ugrunda göreşýän adamlaryň hemmesine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/10526?type=feed

21.10.2020
Türkmenistan sportuň we ruhubelentligiň ýurdudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport ulag merkezine bardy

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähmiýet berýär. Ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyz ir bilen IIM-niň Sport ulag merkezine geldi we şu ýerde soňky döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy.

Milli Liderimiz halkymyzyň saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyny mydama üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine üns berilýär. Munuň özi adamlaryň durmuş derejesiniň wajyp şertleriniň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny berkitmekde köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we sport medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň beden agzalarynyň mümkinçilikleriniň açylmagy hem-de olaryň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine lukmançylyk ylmy we köpýyllyk tejribe nukdaýnazaryndan çemeleşýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pyýada gezelenç etmek adamyň bedenini berkidýär hem-de işjeňligini artdyrýar we uzak ýaşamaga ýardam edýär.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine, ynsan bedeniniň berkemegine kömek edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň hem-de ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport maşklaryny ýerine ýetirip, bogunlaryň we beýleki synalaryň berkemeginde möhüm ähmiýeti bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Häzirki döwürde bedenterbiýe işjeňliginiň bu görnüşi lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edildi. Ýöriş mahalynda ýörite taýýarlanylan taýaklaryň kömeginden peýdalanylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her bir adam öz ýagdaýyna görä ýörişiň tizligini özüçe kesgitlemelidir. Ol ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adaty ýörişe garanyňda, bu görnüşiň adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar. Bu bolsa adamyň bogunlaryna duz ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, bu ugur boýunça ajaýyp endikleri özünde jemleýär. Ýetginjeklik ýyllarynda milli Liderimiz nusgawy we erkin göreş bilen meşgullandy. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeler we uly ýeňişler gazandy. Arkadag Prezidentimiz 1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça Aşgabadyň çempiony boldy. 1973-nji ýylda bolsa ok atmakda Türkmenistanyň çempiony diýen derejäni eýeledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda karate boýunça gara guşagyň altynjy danynyň eýesi bolandygyny, 2009-njy ýylda bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Hormat ordeni bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

Milli sport hereketini ösdürmäge, Türkmenistanda ýapon söweş sungatyny ýaýratmaga goşan goşandy üçin döwlet Baştutanymyza 2010-njy ýylyň mart aýynda Bütinýapon “Karate-do” federasiýasynyň Hormatly agzasynyň güwänamasy, şol ýylyň aprel aýynda taekwondo boýunça 7-nji derejäniň gara guşagyna mynasyp bolandygyny aňladýan güwänama, 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa karate boýunça 10-njy danyň diplomy gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna laýyklykda, Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan işler bu ugurda ägirt uly netijeleri gazanmagyň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň milli Liderimizi çilimkeşlige garşy göreşmäge goşan ägirt uly goşandy üçin ýörite sylag bilen sylaglandygyny bellemeli.

Türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmek, halkymyzyň at çapmak sungatynyň abraýyny ýokarlandyrmak hem-de dünýäde wagyz etmek, atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmek, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda görkezen aýratyn hyzmatlary, şeýle hem ýokary çapyksuwarlyk ussatlygy üçin hormatly Prezidentimize 2014-nji ýylda “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly at berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

...Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň işiniň esasy ugurlary, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy.

IIM-niň ýolbaşçysy merkezde guralýan okuw-türgenleşik işleri, awtomobil sportuny ösdürmek we ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän anyk işler barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň toparlaýyn “Volkicar” we ýekelikde “Volkicar-drift” görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Şeýle hem karting boýunça ýaryşlaryň we beýleki çäreleriň guralýandygy barada aýdyldy. Şolar soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen awtomobil sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berer.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow şu günler “Garagum ýalkymy” ralli-reýdi boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň geçirilýändigi, onuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýandygy barada hasabat berdi. Şu gezekki bäsleşige awtomobil sportunyň wekilleriniň toparlary gatnaşýar. Sport ulaglarynyň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edýän türgenler Garagum sährasynyň çäginde 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşarlar.

Ýurdumyzda şunuň ýaly ýaryşlary guramak üçin oňyn tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde türkmen türgenleri sport ulaglaryna ussatlyk bilen erk edip, ýokary netijeleri gazandylar.

Halkara ýaryşlaryň özboluşly dowamy bolan “Garagum ýalkymy” ralli-reýdi boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli geçirilýän ýaryşlary ýurdumyzyň Içeri işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri guraýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolsa şu ýaryşlaryň hemaýatkäri bolup çykyş edýär.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza Sport ulag merkeziniň ygtyýaryna täze gelip gowşan sport ulaglary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzda tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan awtomobil sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ugur boýunça degişli türgenleşikleri geçirmek we dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçin mundan beýläk-de zerur şertleriň dörediljekdigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň ahyrynda ministrlikleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça guralýan ýurdumyzyň çempionatlaryna ak pata bermegini hem-de täze görnüşdäki ýokary tizlikli sport ulagyny synagdan geçirmegini haýyş etdiler.

Milli Liderimiz ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, merkeziň çäginde görkezilýän sport ulaglarynyň täze görnüşleri bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde awtomobil sportunyň ösdürilýändigini we onuň öňünde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary tizlikli täze görnüşli sport ulaglarynyň gelip gowuşmagy bilen bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyny üpjün edýär we türgenleriň hem-de tälimçileriň ussatlyk derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de ussat türgenleri taýýarlamak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Türkmen türgenleri ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunuň bilen birlikde, awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramaga niýetlenen halkara derejeli merkezleri gurmak üçin oňaýly şertler döredilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz degişli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport ulaglarynyň birini synagdan geçirdi. Milli Liderimiz sport ulagynyň tehniki häsiýetleri, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçilikleri, onuň beýleki ulgamlary hem-de ulagda sürüji üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we sport ulaglaryny çylşyrymly ýollarda sürmekde ussatlyk derejesine eýe bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagyna nusgalyk görelde görkezýändigini bellemeli.

Milli Liderimiz ýokary tizlikli sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi.

Ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýar, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwrebap sport-sagaldyş düzümlerini giňeltmek, olaryň dünýä ölçeglerine kybap gelmegi üçin düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisiniň taslamalary hökmany ýagdaýda örän gowy abzallaşdyrylan sport zallaryny, basketbol hem-de woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny we beýlekileri özünde jemleýär. Welaýatlaryň ählisinde iri ýaryşlary geçirmäge niýetlenen sport toplumlary gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dürli sport ýaryşlaryny, şol sanda halkara bäsleşikleri geçirmäge aýratyn ähmiýet berýär, munuň üçin iň amatly şertler döredilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport — bu bütin dünýäde parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmaga, halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän jebisleşdiriji güýçdür.

Şu jähetden Türkmenistan sport diplomatiýasyny işjeň ösdürýär. Biziň ýurdumyz Halkara olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösmegine mynasyp goşant goşýar.

Bu ugurdaky abraýly guramalar, sport federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk arkaly sportuň köp sanly görnüşleri, şol sanda awtomobil, hokkeý, buzda figuralaýyn typmak ýaly görnüşler ösdürilýär. Aşgabatda ajaýyp Olimpiýa şäherçesi hereket edýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şonuň ýaly-da, bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda ýurdumyzda awtosport güýçli depginde ösdürilýär. Biziň toparlarymyzyň ralli boýunça halkara ýaryşlara gatnaşmagy, şonuň ýaly-da, taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu öz gerimi hem-de ähmiýeti boýunça Aziýada ýolsuz ýerlerde guralan iň iri bäsleşik boldy. Bu uly ýaryş 20-den gowrak ýurduň, şol sanda Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki döwletleriň sportuň örän özüne çekiji görnüşiniň professional hem-de höwesjeň türgenlerini birleşdirdi.

Ýaryşyň bir bölegi Garagum sährasynyň çylşyrymly ýerlerinden geçdi. Türgenler ralliniň bu bölegini üstünlikli boýun egdirdiler, bu bolsa olaryň ýokary ussatlygyndan habar berýär. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem-de ýokarda agzalan iri halkara ýaryşlar tutuş dünýä bileleşigine olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarly ýurdumyzyň ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezdi.

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, Türkmenistanda sport muşdaklarynyň sany barha artýar hem-de jemgyýetde has uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sporty ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmegiň hem-de Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady sport we bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmagyň, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň meşgullanmagynyň işjeň häsiýete eýe bolmagy üçin şertleri döretmekden ybaratdyr diýip nygtaýar.

Bu gün ýurdumyzda islendik adamyň halaýan sport görnüşi bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa olaryň beden taýdan sagdynlygyny oňat derejede saklamaga kömek edýär.

Ilatyň saglygyny goramak ileri tutulýan ugurlaryň biridir, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, umumymilli spartakiadalary guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Köpçülikleýin sport çärelerine kärhanalaryň we guramalaryň wekilleri, talyplar hem-de okuwçylar, welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň işgärleri gatnaşýarlar. Bu ýaryşlar türkmenistanlylaryň müňlerçesini gurşap alýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň olaryň saglygyň gözbaşydygyna, ony pugtalandyrmagyň we öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň ýakyn ýardamçysy bolan sportuň gymmatyna juda oňat düşünýän döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň, milli Liderimiziň hem-de agzybir türkmen halkynyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmasydygyny bellemek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport awtoulagyny synagdan geçirip, ýurdumyzda awtosport boýunça çempionatlary geçirmäge ak pata berip, bu awtoulagy IIM-niň Sport ulag merkezine sowgat berdi.

***

Şu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Häzirki wagtda Diýarymyzda awtomobil sportuny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenildi we giňeldildi. Onuň üsti täze, ýokary tizlikli awtomobiller bilen yzygiderli ýetirilýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan “Garagum ýalkymy” atly alawyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.

Aşgabat — Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar. Bu gezekki çempionata gatnaşýanlaryň düzüminiň artandygyny, köpüsiniň bolsa ýaş türgenlerdigini bellemeli. Munuň özi sportuň şu görnüşiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny hem-de ýaşlaryň onuň bilen meşgullanýandygyny subut edýär.

Türgenler ýokary tizlikli sport awtomobillerine ezberlik bilen erk edip, ýaryşy okgunlylyk bilen ynamly dowam etdirdiler. Bellenilen ugruň iň çylşyrymly böleklerinden başarnykly geçilmegi ulaglara erk edýän türgenleriň we olaryň tälimçileriniň ýokary ussatlygyndan habar berýär.

Geçilmeli menziliň aýratynlyklary bilen içgin tanşan türgenleriň ählisi sähranyň geçmesi kyn bölegini ussatlyk bilen geçdiler.

Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde awtomobil sportunyň “Volkicar-drift” boýunça toparlaýyn, “Volkicar” hem-de karting görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Ilki bilen, ýurdumyzyň kartingçileri bellenilen aralyk boýunça ýaryşa goşuldylar. Ýurdumyzda awtomobil sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini görkezen bu günki ýaryşlaryň netijeleri türkmen türgenleriniň degişli ugurlar boýunça ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini äşgär etdi.

Türgenleriň sport ulagyna ussatlyk bilen erk edýändigini görkezen bäsleşikler ýurdumyzda sportuň bu görnüşlerini wagyz etmekde görülýän çäreleriň netijelidigine şaýatlyk edýär.

Ýokary tizlikde çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirýän kartingçileriň ýeňşe bolan ynamy aýdyň duýulýar. Alty sürüjiniň gatnaşmagynda geçirilen karting ýaryşy örän çekeleşikli we gyzykly boldy.

Soňra “Volkicar” boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Gönüden-göni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen üstünlikli ösdürilýän awtomobil sportunyň bu görnüşi, dünýä ýüzünde bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň arasynda hem uly meşhurlyga eýe boldy.

Bellenilen badalgadan ugran türgenler ýokary tizlikli sport ulaglarynda 1671 metr aralyk boýunça üç tapgyrda ýaryşdylar. Türgenler bellenilen aralygy çalt geçmek ugrunda öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Häzirki zaman sport ulaglarynyň tehniki mümkinçilikleri, enjamlaşdyrylyşy hem-de ulagda sürüjiler üçin döredilen şertler guralýan ýaryşlaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman sport ulaglarynyň hil häsiýetleri bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şu günki ýaryşlar muny ýene bir gezek tassyklady, çempionata gatnaşýan sport ulaglarynyň daşky görnüşlerinde milli äheňde taýýarlanan bezeg aýratynlyklary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Şeýle hem milli Liderimiz sport ulagyny dolandyrmakda ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, sürüjileriň degişli inženerçilik ugrundan hem ukyply bolmagyny zerur şertleriň biri hökmünde kesgitleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, islendik ýagdaýda degişli çözgüdi çalt kabul etmek hem-de hereketi yzygiderli dowam etmek sürüjiniň esasy endigi bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde sport ulagyny sürmegiň tehnikasyna oňat düşünmek, kesgitlenen öwrümleri ussatlyk bilen geçmek türgenden degişli başarnyklary talap edýär.

Soňra «Volkicar-drift» boýunça ýaryşlara badalga berildi. Oňa jemi bäş türgen gatnaşyp, olar ýekelikde öz ussatlyklaryny hem-de sport ulagyna erk etmegiň özboluşly aýratynlyklaryny görkezdiler.

Awtomobil sportunyň bu görnüşiniň ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýandygyny aýratyn bellemeli. Soňky ýyllarda awtomobil sportunyň “Volkicar” görnüşi boýunça tälim alýanlaryň we bu ugra höwesekleriň sany yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi sportuň bu görnüşine höwes bildirýän ýaşlary uly ýeňişlere ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan awtomobil sporty boýunça ýurdumyzyň çempionaty tamamlanandan soň, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda bu günki ýaryşlaryň ýurdumyzyň senagat işgärleriniň hünär baýramçylygy bilen gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi.

S.Berdimuhamedow çempionatlara gatnaşyjylary we onuň guramaçylaryny ýaryşlaryň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlerine, tälimçilerine türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Eminleriň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň toparyna wekilçilik edýän Çary Muhyýew we Mekan Populow “Nissan Pathfinder” awtoulagynda pellehana 2 sagat 7 minut 3 sekuntda gelip, üçünji orna mynasyp boldular.

Içeri işler ministrliginiň Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topary “Mini Cooper” awtoulagynda 1 sagat 48 minut 8 sekunt netije görkezip, ikinji orny eýeledi.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Merdan Toýlyýewden we Şöhrat Toýlyýewden ybarat topary “Nissan Patrol” kysymly awtoulagda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy.

Karting boýunça geçirilen ýaryşda IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Merdan Orazmuhammedow bellenilen aralygy 3 minut 33 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.

IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Kemal Täşliýew bellenen aralygy 3 minut 26 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.

Bellenilen aralyga 3 minut 21 sekunt wagt sarp eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň türgeni Rüstem Begenjow birinji orny eýelemegi başardy.

“Volkicar” boýunça üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň jemleri final ýaryşyň netijeleri boýunça jemlendi. Şonda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksat Daňatarow bellenilen aralygy 4 minut 35 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Gara Garaýew bolsa bu aralygy 4 minut 30 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Muhammetmyrat Gurbanow bellenilen aralygy 4 minut 29 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

“Volkicar-drift” boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Emin agzalarynyň çözgüdine laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýew bu ýaryşda 66 utuk gazanyp, baýrakly üçünji orna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Karen Awagýan 69 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Parahat Garlyýew bu ýaryşda 73 utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümleri bolan gymmatly baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda milli Liderimiziň baştutanlygynda alyjylaryň uly isleginden peýdalanýan elektron we elektrotehniki önümleriň öndürilişi ýola goýulýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň, pudaklaýyn önümçiligi ylmy esasda ösdürmegiň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň meselelerine uly ähmiýet berilýär. Bu köpugurly işde, esasan, ýerli çig maly ulanmagy, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagy maksat edinýän ýurdumyzyň telekeçilerine uly ornuň berilýändigi bellärliklidir.

Şeýlelikde, uly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolan awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Munuň özi eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara hem-de ilatyň saglygyny berkitmekde gazanylýan üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu ýaryşlaryň awtomobil sportuny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine şübhe bolup bilmez.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/10325?type=feed


19.10.2020
Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wirtual sergisi 1-nji noýabrda açylar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde şu ýylyň 1-nji noýabrynda açyljak wirtual sergisiniň taslamasyny taýýarlady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklarynyň ählumumy tor we umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi uzak aralykdaky ulanyjylara gije-gündizleýin elýeterli bolup, olar gyzyklandyrýan maglumatlaryny olaýn görnüşde alyp bilerler.

Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanýanlaryň we görýänleriň statistiki hasabyny ýöretmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz  halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini, şolaryň netijesinde, uzak möhletleýin we durnukly ykdysady ösüş derejesine ýetilendigini belledi.

Üstünlikleriň wirtual sergisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky döwürde Internet ulgamynda global wirtual sergileriniň sany tiz artýar, bu bolsa öndürijilere öz önümlerini we hyzmatlaryny giň köpçülige tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.



https://business.com.tm/tm/post/6154/turkmenistanyn-ykdysady-ustunliklerine-bagyshlanan-wirtual-sergisi-1nji-noyabrda-achylar

18.10.2020
“Halkbank” paýdarlar-täjirçilik bakynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy saýlandy
18.10.2020