2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Ýur­du­my­zyň­ gün­do­gar se­bi­ti: uly öz­ge­riş­lik­le­riň gur­şa­wyn­da

Gel­jek­de uly bir se­na­gat mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gine ynam bil­di­ril­ýän Köý­ten se­bi­tin­de te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy ne­ti­je­li ula­nyp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin ägirt uly iş­le­re giň ge­rim be­ril­ýär. Se­bit şu gün­ler­de mö­hüm gur­lu­şyk­la­ryň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Se­bi­ti gül­läp ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da öňe sü­rül­ýän esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. 

Hut şeý­le bo­lan­soň gur­lu­şyk kär­ha­na­la­ry­nyň birnäçesi dö­re­di­lip, gur­lu­şyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. Häzirki döwürde bu ýer­de halk ho­ja­ly­gy­ny se­na­gat­laş­dyr­mak üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň bu aja­ýyp kün­je­gin­de ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­ri syn­lap, «Gud­rat gör­seň, dag­la­ra bar!» diý­len söz­le­riň ma­ny­sy­na has oňat dü­şün­ýär­siň.

Se­bit gül­läp ös­ýär. Döw­let­li et­ra­by, tä­ze şä­her­çe­le­riň iki­si peý­da bol­dy. Gur­lan des­ga­la­ry sa­na­saň, uly bir sa­naw eme­le gel­ýär. Gar­lyk şä­he­ri­niň al­ky­myn­da dag mag­dan­la­ry­ny baý­laş­dy­ry­jy iri top­lum gu­rul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ýyl­gy­na­gyz düz­lü­gin­de gur­du­ran dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän su­wa­ryş top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len tarp ýer­ler­de oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly ýyg­nal­ýar. Haý­sy bir gur­lan des­ga­ny ag­za­saň, onuň il-ýurt bäh­bi­di üçin diý­seň ze­rur bo­lup, tüýs ýe­ri­ne dü­şen­di­gi­ni gör­ýär­siň. Ýog­sa-da, gur­lan des­ga­la­ryň äh­li­si-de il-ýurt bäh­bi­di ara dü­şen­de bi­je­ba­şy bo­lup du­ru­ber­ýär. Ýö­ne şol se­bit­de gur­lan des­ga­la­ryň ara­syn­da hem ady­ny aý­ra­tyn tu­ta­syň gel­ýän­le­ri bol­ýar. Olar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len Jeý­hu­nyň üs­tün­den gur­lan il­kin­ji de­mir­ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­dir. Her ge­zek şol owa­dan des­ga­la­ra göz­le­riň dü­şen­de, bag ek­seň, mi­we­si­ni ber­ýän­di­gi, ber­ka­rar döw­let gur­saň, ra­ýat­la­ra bag­ty­ýar­lyk ge­tir­ýän­di­gi, ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýur­dy kuw­wat­lan­dyr­ýan­dy­gy ba­ra­da ýa­kym­ly oý-pi­kir­le­re be­ril­ýär­siň. Kuw­wat­ly ge­çel­ge­le­riň üs­ti bi­len sag ke­nar­da­ky gül­läp ösüş­le­re ta­rap aý­gyt­ly ädim­ler ädil­di. Bu gün se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň yk­dy­sa­dy peý­da­synyň çar ýa­na ne­pi de­g­ýär. Se­bit öz­ger­ýär. Se­bi­tiň ösü­şin­de gör­ne­tin iler­le­me­ler bo­lup geç­ýär. Mu­nuň so­ňy bi­len ila­tyň ýa­şaý­şy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­je­gi­ne ynan­sa bo­lar. Ila­tyň ar­zu­wy hem şol. Ýurt­baş­tu­ta­ny­my­zyň ama­la aşyr­ýan iş­le­ri şol ar­zu­wa gö­nük­di­ril­ýär.

Se­bit­de ösüş üçin çäk­siz müm­kin­çi­lik­ler bar. Özi hem olar se­bi­tiň ekoa­ba­dan­çy­ly­gy bi­len saz­la­şyk­ly­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len hem, yk­dy­sa­dy peý­da ge­tir­jek te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň go­ry bi­len hem se­bit bu gün uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Şeý­le ta­pyl­gy­syz baý­lyk­la­ry bi­len bu ýer­de dur­mu­şyň äh­li­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ni ga­za­nyp bol­jak­dy­gy­na ynam bar. Hut şo­nuň üçin se­bi­tiň di­ňe bir mi­ne­ral dö­kün­le­riň däl, eý­sem, gur­lu­şyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin çig ma­lyň hem baý me­ka­ny­dy­gy, bu baý­lyk­la­ryň halk ho­ja­ly­gy üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi, şun­dan ugur alyp döw­re­bap se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­me­gi do­wam et­dir­me­giň ze­rur­ly­gy ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Le­ba­ba şu ýy­lyň 12-nji mar­tyn­da­ky iş sa­pa­ry­nyň çä­gin­de ýol­baş­çy­lar bi­len ge­çi­ren mas­la­hat­yn­da aý­dan­la­ry kö­pi­mi­ziň ýa­dy­myz­da­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mun­dan öňem Köý­ten­da­ga bir­nä­çe ge­zek iş sa­pary bi­len gelip, il-ýurt bäh­bit­li me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­niň oňyn çöz­güt­le­rini sal­gy ber­di. 2014-nji ýyl­da ge­len­de, mil­li baý­lyk­la­ry­myz bi­len bir ha­tar­da dag­la­ryň tä­sin te­bi­ga­ty­ny, dag­lar­da­ky di­no­zawr­la­ryň yz­la­ry­ny we beý­le­ki te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri öw­ren­mä­ge alym­la­ryň ün­sü­ni çek­di. Arkadag Prezidentimiz te­bi­ga­tyň peş­geş be­ren gym­mat­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek, go­ra­mak we dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň sy­ýa­hat ed­ýän ýe­ri­ne öwür­mek ba­bat­da mö­hüm we­zi­pe­le­ri goý­dy. Ha­ky­kat­dan hem ýur­du­my­zyň gün­do­gar kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Köý­ten­dag — dur­şu­na gud­rat we tä­sin­lik­le­riň me­ka­ny. Tä­sin te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­re baý bo­lan bu gün­do­gar se­bi­tiň di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, bü­tin dün­ýä­niň ja­han­keş­de­le­ri­ni haý­ran gal­dy­ryp bil­jek­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şol sa­pa­ryn­dan soň­ky ge­çen wagt aýyl-sa­ýyl gör­kez­di. Şon­dan soň dag­la­ryň çeş­me-çaý­ly de­re­le­ri­ni, tä­sin te­bi­ga­ty­ny we syr­ly go­wak­la­ry­ny, di­no­zawr­la­ryň sak­la­nyp ga­lan aýak yz­la­ry­ny syn­la­ma­ga hö­we­sek­le­riň sa­ny gör­ne­tin art­dy.

Se­bit­de hä­zir­ki wagt­da kuw­wat­ly in­že­ner­çi­lik-kom­mu­ni­ka­si­ýa, ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy dö­re­dil­di, tä­ze des­ga­la­ryň on­lar­ça­sy gu­rul­dy. «Le­bap» se­ment za­wo­dy işe gi­ri­zil­di. Şu ýy­lyň iýul aýy­nyň ba­şyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry esa­syn­da «Le­bap» se­ment za­wo­dy­nyň kuw­wa­ty 1 mil­li­on ton­na önüm ön­dür­mä­ge ba­ra­bar bo­lan ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na hem ba­dal­ga be­ril­di. Se­bit­de oba ho­ja­ly­gy üçin ge­rek­li dö­kün­le­riň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kuw­wat­ly­lyk­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi üçin ze­rur bo­lan çig mal­la­ryň uly go­ru­nyň bol­ma­gy onuň gel­jek­ki gül­läp ösüş­le­ri­ne gü­wä geç­ýär. Bu söz­le­ri­mi­zi te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy ne­ti­je­li ula­nyp, ýur­du­my­zyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gyň ýo­lun­da bi­ti­ril­ýän iş­ler hem tas­syk­la­ýar.

Il­my­rat AL­LA­BER­DI­ÝEW,

žur­na­list.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7264