2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Ýurdumyzyň döredijilik kuwwaty - halkyň bähbidine

Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 19-20-nji sent­ýabr­da Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 29 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­si we «San­ly yk­dy­sa­dy­ýet — yk­dy­sa­dy ösü­şiň mö­hüm ug­ry» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da iki gün­läp do­wam eden göz­den ge­çi­ri­liş­de ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň esa­sy­ny kes­git­le­ýän yk­dy­sa­dy ul­ga­myň ga­za­nan­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn açy­lyp gör­ke­zil­di. Ser­gi­de ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň hem-de hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň alyp bar­ýan iş­le­ri we ýe­ri­ne ýe­tir­ýän hyz­mat­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. No­bat­da­ky göz­den ge­çi­ri­liş hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, ul­ga­ma öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýer­li önüm­le­ri­mi­ziň ha­sa­by­na da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak we eks­por­ty art­dyr­mak ýa­ly stra­te­gik we­zi­pe­le­ri özün­de jem­le­ýän yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyň su­but et­di.

Biz kö­pu­gur­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň kä­biri bi­len gür­rüň­deş bo­lup, ola­ryň alyp bar­ýan işi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­dyk.

Aşyr­gül DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti
gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar
top­lu­my­nyň mer­ke­zi
bar­lag­ha­na­sy­nyň hü­när­me­ni:

— Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 10,5 mil­li­on ton­na ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nip, gaý­ta­dan iş­le­me­giň çuň­lu­gy 85 gö­te­rim­den hem ýo­ka­ry­dyr. Bu ýer­de A-92, A-95 aw­to­mo­bil ben­zin­le­ri, re­ak­tiw he­re­ket­len­di­ri­ji­ler üçin ýan­gyç, dür­li gör­nüş­dä­ki di­zel ýan­gyç­la­ry, po­lip­ro­pi­len, su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz, umu­my we gyz­dy­ry­lan koks, çal­gy ýag­la­ry, ýol we gur­lu­şyk bi­tum­la­ry, po­lip­ro­pi­len hal­ta­lar we beý­le­ki ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Döw­re­bap za­wod­lar top­lu­my­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da TNGIZT-niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we ol önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni gör­ne­tin ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­me­giň çe­ýe we yg­ty­bar­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Bi­ziň top­lu­my­myz­da ön­dü­ril­ýän dür­li ne­bit önüm­le­ri, Ýew­ro-4 hem-de Ýew­ro-5 gör­nüş­li ben­zin­ler, ECO-4, ECO-5 di­zel ýan­gyç­la­ry, çal­gy ýag­la­ry­dyr ke­ro­sin­ler, su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz, koks­lar hem-de bi­tum­lar, po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri dün­ýä ba­zar­la­ry­na, has any­gy, Mer­ke­zi Azi­ýa, Ýa­kyn Gün­do­gar, Azi­ýa — Ýu­waş um­man we Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­ne eks­port edil­ýär. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň tä­ze ener­gi­ýa des­ga­la­ry­nyň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­ma­gy bi­zi diý­seň be­gen­dir­di. Ýa­kyn gel­jek­de tas­la­ma kuw­wa­ty 70 MWt/sa­gat bo­lan iki sa­ny tä­ze gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na we he­re­ket ed­ýän elekt­rik be­ke­diň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi be­ke­diň kuw­wat­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga hem-de des­ga­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş­la­ry­myz eg­sil­mez­dir.

***

Nar­täç ATA­JA­NO­WA,
«Aý­bö­lek» me­bel dü­ka­ny­nyň
mü­di­ri, Kö­pet­dag et­rap
halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy:

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da 2010-njy ýy­lyň 29-njy iýu­lyn­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga ber­len «Aý­bö­lek» me­bel fabrigi ýur­du­my­zyň me­bel ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri we hyz­mat­la­ry bi­len eýe­le­ýän or­nu­ny bar­ha ber­kid­ýär. Fabrigimiziň ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň ha­ta­ryn­da ýa­tyl­ýan otag hem-de ofis me­bel­le­ri, kür­sü­ler­dir ýum­şak me­bel­ler, aş­ha­na we gi­rel­ge me­bel­le­ri, na­har stol­la­ry­dyr bi­lim we har­by ul­gam­lar üçin me­bel­ler, ça­ga sal­lan­çak­la­ry bar. Bi­ziň us­sa­la­ry­myz dür­li gör­nüş­dä­ki, dür­li öl­çeg­dä­ki me­bel önüm­le­ri­ni müş­de­ri­le­riň is­le­gi­ne gö­rä, is­len­dik di­zaýn­da taý­ýar­lap ber­ýär­ler.

«Aý­bö­lek» me­bel fabrigi hyz­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýär. Sar­gyt ed­ýän müş­de­ri­le­riň öýü­ne gi­dip, ja­ýyň otag­la­ry­nyň öl­çeg­le­ri alyn­ýar hem-de di­zaýn saý­la­nyl­ýar. Do­ly tas­syk­la­ny­lan­dan soň, us­sa­la­ry­myz me­bel­le­ri ýa­sa­ma­ga gi­riş­ýär­ler. Bi­ze ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­den me­bel önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni sar­gyt ed­ýär­ler. Müş­de­ri­ler önüm­le­ri­mi­ziň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne, amat­ly ba­ha­sy­na, oňaý­ly­ly­gy­na we ra­hat­ly­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. Bu bi­ziň fab­ri­gi­mi­ziň iş ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem-de önüm­le­ri­mi­ziň gör­nüş­le­ri­ni has-da art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ýe­ri ge­len­de, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de «Aý­bö­lek» me­bel kärhanasynyň dü­şek (mat­ras) ön­dür­ýän za­wo­dy­nyň he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni aýt­mak ge­rek. Olar hä­zir­ki wagt­da «Tä­sin» ha­ryt ny­şa­ny bi­len giň köp­çü­li­ge hö­dür­le­nil­ýär. Her gün­de 300 sa­ny dü­şek ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan za­wo­dy­myz­da ra­hat uky­ny söý­ýän müş­de­ri­le­ri­mi­ziň ta­lap­kär is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iň hä­zir­ki za­man en­jam­lar ula­nyl­ýar, önüm­le­ri­mi­ziň aras­sa­çy­lyk de­re­je­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Tä­si­niň» dü­şek önüm­le­ri dür­li be­lent­lik­de, te­kiz gap­la­nan hem-de iki ta­rap­ly ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen bo­lup, bak­te­ri­ýa­la­ra we al­ler­gi­ýa gar­şy go­rag se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edi­len­dir. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň no­bat­da­ky ser­gi­sin­de biz dür­li gör­nüş­li tä­ze me­bel ha­ryt­la­ry­my­zy hal­ky­my­za hö­dür­le­dik. Ola­ryň hem müş­de­ri­le­riň ýo­ka­ry is­le­gi­ne eýe bol­jak­dy­gy­na uly ynam bil­dir­ýä­ris.

***

Baý­ram­gel­di BE­GEN­JOW,
«Mu­ham­met-Bal­kan» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň
mar­ke­ting bö­lü­mi­niň baş­ly­gy:

— 2009-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Mu­ham­met-Bal­kan» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň çä­gin­de or­ta mek­dep­le­riň, paý­tag­ty­myz­da­ky Hal­ka­ra aw­to­men­zi­liň, Mag­tym­gu­ly we «Al­tyn asyr» se­ýil­gäh­le­ri­niň, Ço­gan­ly ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da kot­tej gör­nüş­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­myz­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek hem-de mil­li önüm­le­ri­mi­ziň eks­port möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ber­ýän tab­şy­ryk­lar­yndan ugur al­nyp, «MB-group» kom­pa­ni­ýa­sy dö­re­dil­di. «MB-gur­lu­şyk», «Ak­suw de­ri», «MB-shoes», «Now­ruz ha­ly», «MB dö­ner» hem-de «MB-pa­tis­se­ri­ýa» kär­ha­na­la­ry­ny özü­ne bir­leş­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­myz gur­lu­şyk, de­ri, aýak­gap, sintetik ha­ly önüm­çi­li­gi hem-de aş­ha­na we süý­jü­lik ha­ryt­la­ry­ny hö­dür­le­mek bi­len meş­gul­lan­ýar.

«MB-shoes» ha­ryt ny­şan­ly aýak­gap önüm­le­ri­miz hal­ky­my­zyň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Ýer­li çig mal­la­ry­myz we ital­ýan di­zaý­ny esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýan aýak­gap­la­ry­myz ýo­ka­ry hi­li, berk­li­gi, ra­hat­ly­gy hem-de el­ýe­ter­li ba­ha­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Er­kek ki­şi­ler, uly we ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar üçin aýak­gap ön­dür­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len kär­ha­na­myz­da go­laý­da ze­nan aýak­gap­la­ry­ny tik­mek önüm­çi­li­gi hem ýo­la go­ýul­dy. Bu gün­ki ser­gi­de bol­sa sport aýak­gap­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hal­ky­my­za hö­dür­le­dik. Bi­ziň aýak­gap önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kär­ha­na­my­zyň ýur­du­my­zyň çä­gin­de 20-den gow­rak söw­da no­kady bar. Olar­da hö­dür­le­nil­ýän 100 gö­te­rim de­ri aýak­gap­la­ry­myz is­len­dik möw­süm­de geý­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li, ila­ty­my­zyň ýo­ka­ry is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mek­dep okuw­çy­la­ry üçin dür­li gör­nüş­li aýak­gap­la­ry ön­dür­dik. Önüm­le­ri­miz örän geç­gin­li bol­dy, mu­ňa diý­seň be­gen­ýä­ris.

«Ber­ka­rar» söw­da-dynç alyş mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän «MB dö­ner» hem-de «MB-pa­tis­se­ri­ýa» res­to­ran­la­ry­my­zyň her bi­rin­de 300-den gow­rak müş­de­rä hyz­mat et­mä­ge müm­kin­çi­lik bo­lup, olar­da mil­li we dün­ýä aş­ha­na­sy­nyň meş­hur ta­gam­la­ry, süý­jü­lik­ler­dir tort­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nil­ýär. Biz gel­jek­de we­la­ýat­la­ry­myz­da hä­zir gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan aw­to­men­zil­le­ri öz wag­tyn­da ulan­ma­ga tab­şyr­ma­gy, aýak­gap, aý­ra­tyn-da, sport aýak­gap­la­ry önüm­çi­li­gi­mi­ziň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris.

***

Ars­lan AGA­MÄM­ME­DOW,
«Türk­men ýyl­dy­zy» hu­su­sy
kär­ha­na­sy­nyň di­rek­to­ry­nyň
orun­ba­sa­ry:

— 2009-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kär­ha­na­myz il­ki­baş­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka iş­le­ri­ni alyp bar­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bol­sa-da, hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­za kö­pu­gur­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka bo­ýun­ça äh­li iş­le­riň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak, gur­na­mak hem-de saz­la­mak, sy­nag iş­le­ri­ni we goý­be­riş-saz­la­ýyş iş­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len kär­ha­na­myz ýe­ras­ty elekt­rik en­jam­la­ry gur­na­mak we aw­to­mat­laş­dyr­mak, şol san­da deň­ziň için­de ýer­leş­ýän ne­bit plat­for­ma­la­ryn­da elekt­ro­ni­ka we ener­ge­ti­ka iş­le­ri­ni hem alyp bar­ýar. Sim we ka­bel ön­dür­ýän se­hi­miz­de önüm­le­riň 32 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da sim we ka­bel önüm­le­ri di­ňe al­ýu­min­den ön­dü­ril­ýän bol­sa, gel­jek­de mis sim­le­riň önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýä­ris. Se­bä­bi mis sim­le­riň gar­şy­ly­gy al­ýu­mi­niň­kä ga­ra­nyň­da az bol­ýar, ol örän in­çe bol­sa-da, ýo­ka­ry kuw­wat­lyk­ly to­gy ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Mi­siň ýe­ne bir ar­tyk­maç ta­ra­py onuň açyk ho­wa­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sak­lan­sa-da, pos­la­ma­ýan­ly­gyn­da­dyr. Şun­dan ugur alyp, biz müş­de­ri­le­re hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry­my­zyň has-da yg­ty­bar­ly bol­ma­gy ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Amat­ly­lyk, yg­ty­bar­ly­lyk hem-de ýo­ka­ry hil, ine, bi­ziň hu­su­sy kär­ha­na­my­zyň işi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri.

Is­len­dik kär­ha­na­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi, esa­san, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ne bag­ly bol­ýar. «Al­tyn ýyl­dyz» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da zäh­met çek­ýän 200-den gow­rak iş­gä­riň ag­la­ba bö­le­gi ýo­ka­ry bi­lim­li in­že­ner­ler­den we teh­no­log­lar­dan yba­rat­dyr. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da, aý­ra­tyn-da, ýe­ras­ty şertlerde we ne­bit­li ýer­ler­de iş alyp bar­mak so­wat­ly­ly­gy hem-de örän uly jo­gap­kär­çi­li­gi ta­lap ed­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­ne dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek üçin dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň anyk my­sal­la­ry­dyr.

Ýaz­ga ge­çi­ren Aý­gül RA­HY­MO­WA. «Türk­me­nis­tan».

Su­ra­ta dü­şü­ren Ýuriý Şkurin.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7923