2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Yk­dy­sa­dy ösüş we gir­de­ji­ler

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si bat­ly dep­gin­ler­de ös­ýär. Mu­nuň özi oza­ly bi­len döw­let sy­ýa­sa­tyn­da hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň il­kin­ji de­re­je­li we­zi­pe sa­ýyl­ma­gynyň netijesidir. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­rin­de öňe sü­rül­ýän be­lent mak­sat hem şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi il­deş­le­ri­mi­ziň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ol ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň dur­nuk­ly art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ugur­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­nyň dep­gi­ni­niň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur bo­lan mak­royk­dy­sa­dy şert­ler yzy­gi­der­li dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa içer­ki önü­miň ösü­şi­niň göz öňün­de tu­tul­ýan möç­ber­le­ri­ne ýet­mä­ge amat­ly bo­lan ýag­daý­la­ry üp­jün ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi her ýyl ila­tyň pul gir­de­ji­le­ri­niň we or­ta­ça aý­lyk hak­la­ry­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, her bir öý ho­ja­ly­gyn­da je­mi gir­de­ji art­ýar. Ol 2016-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 2017-nji ýyl­da 9,6 gö­te­rim, şol san­da pul gir­de­ji­le­ri 9,7 gö­te­rim ar­typ­dyr. 2007 — 2017-nji ýyl­lar­da her bir öý ho­ja­ly­gy­nyň pul gir­de­ji­si 2,8 es­se­den, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän­le­riň or­ta­ça aý­lyk hak­la­ry 2,7 es­se­den gow­rak ar­typ­dyr.

Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny ýyly­nyň ge­çen sekiz aýyn­da ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça aý­lyk ha­ky ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 10,4 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Zäh­met hak­la­ry, pen­si­ýa­lar, döw­let kö­mek pul­la­ry we ta­lyp hak­la­ry öz wag­tyn­da ma­li­ýe­leş­di­ril­ýär.

2018 — 2030-njy ýyl­lar üçin dö­wür­de or­ta­ça aý­lyk ha­ky 3,9 es­se­den hem gow­rak ar­tar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Bi­ziň we­zi­pä­miz — ХХI asyr­da Türk­me­nis­ta­ny berk bin­ýat­ly, kuw­wat­ly, aba­dan, ýo­ka­ry de­re­je­de ösen, bäs­le­şi­ge ukyp­ly döw­le­te öwür­mek­den yba­rat­dyr» di­ýen söz­le­ri iş ýü­zün­de ha­syl bol­ýar. Şu mak­sat bi­len pu­dak­la­ryň ösü­şi­niň hu­kuk taý­dan esas­la­ry ber­ki­dil­ýär, olar yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Önüm­çi­lik­ler­de iş­le­riň has kä­mil usul­la­ry­na ýüz­le­nil­ýär.

Ber­di­my­rat GURBANGYLYJOW,

we­la­ýat ka­zy­ýe­ti­niň ka­zy­ýet ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­si.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7258