2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy we oba ho­ja­ly­gy: saz­la­şyk­ly ösüş

Ösüşleri nazarlaýan döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gyň iň ösen gör­nü­şi hök­mün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ke­ma­la ge­len ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ möhüm ähmiýete eýedir.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň de­mir ýol ul­ga­my Gün­do­gar­dan Gün­ba­ta­ra, De­mir­ga­zyk­dan bol­sa Gü­nor­ta ta­rap bag­ty­ýar­ly­ga bar­ýan ak ýol­lar bi­len bar­ha uza­ýar. 2014-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran halkara de­mir ýo­ly ulan­ma­ga be­ril­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry üçin Bal­ti­ka deň­zin­dä­ki port­lar­dan Pars aý­la­gy­nyň, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ha­ryt we çig mal ba­zar­la­ry­na,

Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky döw­let­le­re gö­ni çy­kal­ga­ny aç­dy. Bu de­mir ýol in­di di­ňe bir Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da däl, eý­sem, Hy­taý bi­len hem yzy­gi­der­li ha­ryt alyş­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy Pars aý­la­gy­na çy­kar­ýan ýük­le­ri­ni 2016-njy ýy­lyň few­ral aýyn­dan baş­lap, hä­zir­ki wag­ta çen­li Hy­taý — Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran ug­ry bo­ýun­ça do­wam­ly ot­ly ýük gat­na­wy­ny ama­la aşyr­ýar. Bu de­mir ýo­lu­nyň umu­my uzyn­ly­gy 10 müň ki­lo­met­re go­laý bo­lup, ony geç­mek üçin iki hep­dä go­laý wagt ge­rek. Bu de­mir ýo­ly ozal bar bo­lan de­ňiz ýo­lu­na ga­ran­da, ýo­ly iki es­se tiz geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. My­sal üçin, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Şan­haý we Týans­zin de­ňiz port­la­ryn­dan Pars aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ben­der-Ab­bas por­tu­na çen­li ug­ra­dy­lan ýük­le­ri ge­tir­mek üçin bir aý­dan gow­rak wagt sarp et­me­li bol­ýar­dy.

«Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň sent­ýabr aýyn­da Hy­taý — Türk­me­nis­tan ug­ry bo­ýun­ça iň uzyn 48 sa­ny 40 fut­luk kon­teý­ner­ler­den yba­rat bo­lan ot­ly Ga­za­gys­ta­nyň çä­gin­den ge­çip, Türk­me­nis­ta­na gel­di. Bu ugur ýük­le­ri da­şa­ma­gyň iň amat­ly we tyg­şyt­ly ýo­ly bo­lup dur­ýar.

2017-nji ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň 14-15-i ara­ly­gyn­da RECCA-nyň Aş­ga­bat­da ge­çen VII fo­ru­my­nyň mö­hüm üs­tün­li­gi Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe ug­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da yla­la­şy­ga («La­pis La­zu­li») gol çe­kil­di. 2018-nji ýy­lyň 23-nji few­ra­lyn­da «La­zu­rit» at­ly ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­ly ulan­ma­ga be­ril­di. La­pis La­zu­li ulag ug­ry bo­ýun­ça il­kin­ji aw­tou­lag ker­we­ni 2018-nji ýy­lyň 13-nji de­kab­ryn­da Hy­rat­dan aw­tou­lag üs­ti ýük­li ker­wen da­ba­ra­ly ýag­daý­da Tur­gun­da ta­rap ug­ra­dyl­dy. Ýük ker­wen­le­ri türk­men-ow­gan ser­he­din­den ge­çip, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na ta­rap ugur al­dy. Soň­ra şol ýer­den ýo­lag­çy-ulag gä­mi ar­ka­ly Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na, ol ýer­den hem Gru­zi­ýa­nyň üs­ti bi­len de­kabr aýy­nyň 31-ne Tür­ki­ýä bar­dy. Ulag ker­wen­le­rin­de ow­gan top­ra­gyn­da ýe­tiş­di­ri­len oba ho­ja­lyk önüm­le­ri, ýag­ny pag­ta, kün­ji, kiş­miş, gar­pyz çi­git­le­ri Tür­ki­ýä­niň, şeý­le hem Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň ba­zar­la­ry­na ýe­ti­ril­di. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy döw­le­ti­miz bo­lan Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da uly or­nunyň bardygyny görkezýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da iş­ler bar­ha ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, ekil­ýän önüm­le­riň möç­be­ri art­dy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da bar bo­lan ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň müm­kin­çi­lik­le­rin­den do­ly peý­da­la­nyp, goň­şy döw­let­le­ri­miz hem äh­li ha­ryt­la­ry üs­ta­şyr ge­çir­ýär­ler. Mu­nuň özi goň­şy döw­let­ler bi­len sak­lan­ýan hyz­mat­daş­lyk­la­ryň esa­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk, goň­şu­çy­lyk we dost-do­gan­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň mi­we­si bo­lup dur­ýar.

Ýur­du­myz dün­ýä bel­li «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk alyp bar­ýar. Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­za bu kom­pa­ni­ýa­nyň dür­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň müň­ler­çe­si ge­ti­ril­di. Ge­lip gow­şan teh­ni­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da ekin eki­ji­ler hem-de do­lan­dyr­ma­gyň te­le­ma­tik san­ly elekt­ron ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len trak­tor­lar bar. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ösen gör­nü­şi­ni ke­ma­la ge­tir­ýän ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň oňyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Mer­dan BAÝ­JA­NOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7911