«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ry­na Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li komp­ýu­ter­ler gow­şu­ryl­dy

AŞ­GA­BAT, 21-nji de­kabr (TDH). Şu gün paý­tag­ty­my­zyň or­ta umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ryna Tä­ze ýyl sow­ga­dy hök­mün­de komp­ýu­ter­le­ri gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.

Nout­buk­la­ra ýük­le­nen prog­ram­ma dür­li öw­re­diş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär hem-de türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­dä­ki üç gör­nü­şi özün­de jem­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da, tä­ze komp­ýu­ter­ler ola­ryň eýe­le­ri­niň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp ön­dü­ril­di we luk­man­çy­lyk ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýär.

Bu sow­gat­la­ryň däp bo­ýun­ça gel­je­ge iň oňat umyt­lar bilen bag­la­nyş­dy­ryl­ýan baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da gow­şu­ryl­ma­gy­nyň çuň­ňur ma­ny­sy bar­dyr. Ýur­du­my­zyň gel­je­gi ça­ga­lar­dyr, şo­la­ryň bag­ty­ýar­ly­gy hem bi­ziň ha­ky­ky güý­jü­miz­dir we şöh­ra­ty­myz­dyr. Og­lan­jyk­la­ryň we gyz­ja­gaz­la­ryň şat­ly­ga bes­le­nen ýüz­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ala­ma­ty bi­len bir­lik­de, gel­jek­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň hem gi­re­wi­dir.

Umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra ka­da­la­ra hem-de çuň­ňur yn­san­per­wer mil­li däp­le­re da­ýan­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty do­ly de­re­je­li ös­me­gi we köp­ta­rap­ly ze­hin­le­ri­niň äh­li­ta­rap­la­ýyn açyl­ma­gy üçin hem­me müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň bäh­bit­le­ri­niň ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny kes­git­le­di.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ös­me­gi we bi­li­mi ba­ra­da­ky ala­da il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Şol we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär.

Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gur­lan hem-de gu­rul­ýan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, dö­re­di­ji­lik ugur­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw mek­dep­le­ri, aja­ýyp ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­ri, sport we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lum­la­ry, teatr­lar, se­ýil­gäh­ler hem-de me­de­ni-dynç alyş mer­kez­le­ri mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça uly iş­ler durmuşa ge­çi­ril­ýär. Şol iş­ler ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ra iň ýo­ka­ry dün­ýä öl­çeg­le­ri­niň de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­ga el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri­mi­ziň dür­li ugur­la­r­da ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­la­ry üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýyl bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ry­nyň her bi­ri­ne şahsy komp­ýu­teri 2011-nji ýyl­dan bäri sow­gat ber­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Bu iş­le­riň örän äh­mi­ýet­li­di­gi­ne hä­zir­ki da­ba­ra­la­ra Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň we par­ti­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le hem ça­ga­la­ry Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň esa­sy gah­ry­man­la­ry bo­lan Aýaz­ba­ba we onuň ag­ty­gy Gar­pa­myk gut­la­dy­lar.

Ça­ga­lar myh­man­lar üçin aja­ýyp çy­kyş­la­ry taý­ýar­la­dy­lar. Ça­ga­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ba­gyş­la­ny­lan aý­dym-saz­lar hem-de goş­gu­lar ýaň­lan­dy. Bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ry sow­ga­da tüýs ýü­rek­den şat­la­nyp, nout­buk­la­ry ho­şal­lyk bi­len ka­bul et­di­ler.

Da­ba­ra­la­ra gat­na­şan­lar alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk sy­ýa­sa­ty, zäh­met çek­mä­ge hem-de oka­ma­ga dö­re­dil­ýän şert­ler, ça­ga­lar ba­ra­da­ky he­mi­şe­lik ala­da­sy we ün­si üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li iň päk ar­zuw­la­ry­ny hem-de gut­lag­la­ry­ny aýt­dy­lar.

Bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň ýüz­le­rin­dä­ki şat­lyk hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň iň oňat su­but­na­ma­sy­dyr, umyt­la­ry­myz, ýag­ty gel­je­gi­miz bo­lan Di­ýa­ry­my­zyň ýa­şa­jyk ra­ýat­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da ýa­daw­syz ala­da ed­ýän­le­riň äh­li­si üçin sow­gat­dyr.

Tä­ze ýyl baş­lan­ýan­ça komp­ýu­ter­le­ri sow­gat gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­niň we oba­la­ry­nyň mek­dep­le­rin­de hem ge­çi­ri­ler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/16164