2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Türkmenistan we Hytaý işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň penşenbe güni onlaýn görnüşinde VI mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, türkmen wekiliýetine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler.

Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirlen netijeli geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň strategiki hyzmatdaşlygyna esaslanan gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň degişli pudaklarynyň wekilleriniň geljekki duşuşyklary üçin onlaýn-platformalarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, özara gyzyklanma döredýän dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy boýunça pikir alyşyldy.

Ulag, söwda, energetika, gurluşyk serişdeleri, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar, şeýle-de telekommunikasiýa hem-de öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, sanly söwda ulgamlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.

Taraplar şeýle hem iki ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly özara haryt dolanşygynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekdiler. Bu babatda Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet hem-de hususy pudagynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Mejlise gatnaşyjylar durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagynda hem-de şonuň bilen ugurdaş beýleki meseleleriň çözülmeginde halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalarynyň we hereketleriniň utgaşdyrylmagyny talap edýän dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar babatynda hem pikir alyşdylar.

https://business.com.tm/tm/post/6150/turkmenistan-we-hytay-ishewur-toparlaryn-arasyndaky-hyzmatdashlygy-ishjenleshdirmegi-maksat-edinyar